“Umyt bilen pagta ekdik, häzirki döwürde pagtamyzy suwaryp bilemzok, ikinji suwa eýýäm başlamalydyk. Meniň özümiň 20 gektar töweregi pagtam zaýa boldy. Çopanlaryň ýagdaýy hem erbet. Suwuň azlygy sebäpli mal-garanyň iýýän gamyşlary hem ýeterlik däl. Bugdaýa-da suw ýetmedi. Bugdaý ekdik, suw ýetmänligi üçin onuň hasyly az boldy”.
Bu garagalpagystanly daýhan we Amyderýanyň suwundan göni peýdalanýan Kubaý Artykowyň aýdýany. Artykow ekerançylyk meýdanlary we agyz suwy üçin Amyderýanyň suwuna bil baglaýan ýüz müňlerçe raýatlardan diňe biri. Ol, soňky döwürlerde ýagdaýyň hasam erbetleşenligini aýdyp: “Bu Amyderýanyň suwunyň şu derejede azalyşy bilen bagly soňky 10 ýylyň dowamynda üçünji gezek bolan waka. Ýagdaýlar barha erbetleşýär, şonuň üçin ilat obany terk edýär” diýdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça programmasy tarapyndan 11-nji iýulda çap edilen hasabat göz öňünde tutulsa, Amyderýanyň suwuny kadaly ýagdaýda ulanmak boýunça regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda ylalaşyga gelinmedik halatynda, ýagdaýyň geljekde gowulyga tarap üýtgejekdigini aýtmak kyn.
Hasabatda aýdylmagyna görä, suw ýetmezçiligi barha güýçlenip barýar. Meselem, mundan ençeme ýyl ozal dünýäniň dördünji iň uly köli diýlip hasaplanýan we belli bir derejede Amyderýanyň suwuna bil baglaýan Aral deňzi 10 esse kiçeldi.
Daryl Filds Bütindünýä bankynyň suw we energiýa boýunça eksperti. Ol Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Ählimiz Aral deňziniň gurap barýanlygyny bilýäris, aýtjak bolýan zadym: ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça baýlyklarymyzy gorap saklamak nukdaýnazaryndan aýdylanda, biz eýýäm suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz. Halk köpçüligi üçin geljekde ýeterlik suw bolarmy diýlen mesele regionda ýerleşýän ýurtlaryň suwdan peýdalanmak boýunça täze ylalaşyga gelip bilip-bilmejegine degişli”.
Muňa Jeýhun diýerler...
Jeýhun ady bilen hem tanalýan Amyderýa mydama beýle däldi. Gowy günlerde regionda oňa suwa baý we çuňňur peýdaly serişde hökmünde garalýardy. Şahyrlar bu derýany öwüp goşgular ýazardylar. Syrderýa bilen bir hatarda Amyderýa Merkezi Aziýanyň ilatynyň durmuşynyň esasy bölegi bolup, ol şol bir wagtyň özünde hem etniki taýdan kesgitlenen respublikalardan käbirleriniň serhet liniýalaryny hem emele getirip gelýär.
http://maps.google.com/maps?hl=en&sll=38.048161,58.195469&sspn=0.140657,0.256119&t=h&ie=UTF8&ll=45.444717,59.80957&spn=2.798004,4.938354&z=8&output=embed
View Larger Map Belli bir derejede Amyderýanyň suwuna bil baglaýan Aral deňzi 10 esse kiçeldi.
Gözbaşyny Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Owganystandan alyp gaýdýan bu derýanyň uzynlygy 2,540 kilometre barabar bolup, ol Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy hasaplanýar. Haçanda orslar Merkezi Aziýany basyp alanlarynda, olar ençeme goşmaça kanal gurup, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň suw ýetmeýän ýerlerini suw bilen üpjün etmäge synanyşypdylar. Netijede bu region gök öňüm öndürmek boýunça esasy çeşmelerden birine öwürilip, bu suw kanallary we şol kanallar arkaly oba hojalygynda dörän mümkinçilikler regionyň ilatynyň uly bir bölegini iş bilen üpjün edipdi.
1990-nji ýyllarda Sowet Soýuzy dargaýança, bu derýanyň suwy Moskwa tarapyndan merkezileşdirilen sistema esasynda dolandyryldy. Derýanyň ýokary akymynda ýerleşýän ýurtlara derýanyň suwundan peýdalanyp, energiýa döretmäge mümkinçilik berilmän, olar energiýa baý beýleki ýurtlardan ýangyç serişdeleri bilen üpjün edilýärdi. Emma SSSR-iň dargamagy bilen bu sistema hem çökdi, şondan bäri Merkezi Aziýa ýurtlary derýanyň suwundan peýdalanmakda alternatiw sistema barada ylalaşyp bilmän gelýärler.
Emma haýsydyr bir takyk ylalaşygyň ýoklugyna garamazdan, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň aglabasynyň girdejisinde oba hojalygy esasy rol oýnamagy dowam etdirýär. Ýagny, häzirki döwürde Täjigistanyň ilatynyň 67%-i, Özbegistanyň ilatynyň 45%-i we Türkmenistanyň ilatynyň bolsa 48%-i oba hojalygy bilen meşgullanýar diýilýär.
Şunlukda suwa bolan talap hem artýar we ol hem suwuň möçberiniň azalmagyna sebäp bolýar. Suwuň azalmagy bolsa ony paýlaşmak boýunça ylalaşygyň bolmadyk häzirki pursatynda bu serişdä bolan talaby barha artdyrýar. Bu hem öz nobatynda regionda ýerleşýän ýurtlaryň käbirleriniň arasynda dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýar.
Täjik-özbek dartgynlygy
Bu ugurda esasanam Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dartgynlyk hakda gürrüň etmek mümkin. Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrahon Zarifi 18-nji iýulda Duşenbede eden çykyşynda suw boýunça Özbegistan bilen aralarynda dowam edýän dartgynlygyň bu iki ýurduň özara gatnaşygyna hem erbet täsirini ýetirýänligini aýtdy.
“Özbegistan bilen aragatnaşygymyzda o diýen üýtgän zat ýok. Suw we energiýa boýunça aramyzdaky pikir tapawutlylygy dowam edýär we bu özara gatnaşygymyza ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ugurda pozitiw ädim ädip bilmedik” diýip, täjik ministri belledi.
Olaryň ylalaşyp bilmeýän zatlaryndan biri gurluşygy sowet döwründe başlanan we Täjigistanyň Wahş derýasynda gurulýan suw bendidir. Bu derýa Owganystanyň Wahan derýasy bilen bilelikde Amyderýanyň esasy suw çeşmesi bolup durýar.
Suw we energiýa boýunça amerikan eksperti Johannes Liniň aýtmagyna görä, eger bu bendiň gurluşygy planlaşdyrylyşy ýaly tamamlansa, bu dünýäniň iň beýik bendi bolar. Onsoň Merkezi Aziýa akýan suwa Täjigistanyň kontrollygynyň güýçlenmek howpy Özbegistany alada goýýar.
Şunlukda Özbegistan hem Täjigistana garşy çäre görmek üçin elindäki mümkinçiliklerden peýdalanýar. Şol çäreler Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana aşyrylýan tranzit önümlerini, şol sanda Türkmenistandan Täjigistana aşyrylýan elektrik toguny kesmekden ybaratdyr.
Howanyň global derejede barha maýlamagy hem problemany artdyrýar. Bu hem öz nobatynda regionyň daglaryndaky buzlaryň eremegine sebäp bolýar. Şol buzlar bolsa öz nobatynda Amyderýanyň suwunyň akymyna, ýagny köpelip ýa azalmagyna öz täsirini ýetirýär.
Owganystan hem bar
Emma iň esasy mesele Owganystandyr. Bu ýurtda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ol şu mahala çenli öz ekerançylyk meýdanlaryndan ýeterlik derejede peýdalanyp bilmän gelýär. Bu ýurda parahatçylygyň ornaşmagy Merkezi Aziýa akýan suwuň hasam azalmagyna sebäp bolar. Çünki bu ýurduň ilatynyň 80% töwereginiň girdejisiniň oba hojalygyna degişlidigi aýdylýar. Bu hem Owganystanyň Amyderýa we oňa goşant goşýan derýalaryň suwundan has köp peýdalanyp başlajakdygyny aňladýar. Netijede geljek aýlaryň we ýyllaryň dowamynda suw meselesiniň hasam ýitileşjekdigini aýtmak mümkin.
Ekspertler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suwdan nähili peýdalanmaly diýlen meselede täze ylalaşyga gol goýmak üçin gepleşikleriň geçirilmegini teklip edýärler. Ylalaşyga gelmegiň ilkinji şerti bolsa özara ynamdan gelip çykýar. Emma, amerikan eksperti Johannes Liniň aýtmagyna görä, häzirlikçe Merkezi Aziýa liderleriniň arasynda şeýle ynamyň bardygyny aýtmaga o diýen esas ýok.
Muňa garamazdan, agzalýan ylalaşmazlykdan iň köp ejir çekýän ýurtlardan biri bolan Täjigistan regionyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça täze inisiatiwa bilen çykyş edýär. Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrohon Zarifi 18-nji iýulda eden çykyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlara iberilen bu inisiatiwanyň suw we energiýa resurslaryny-da öz içine alýanlygyny aýtdy.
Mundan ozalky şeýle synanyşyklar başa barmandy. Netijede, eýse bu synanyşyk şowly bolarmy diýlen sorag peýda bolýar. Eger şowly bolsa, onda garagalpagystanly Kubaý Artykow obany terk eden adamlaryň hataryna goşulmazdan ozal, bu meselä çözüt tapylarmy? Bu soraga häzirlikçe jogap ýok.