Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenko anna güni Kiýewde suduň öňünde peýda boldy. Ol 2009-njy ýylda Orsýet bilen gol çekişilen tebigy gaz boýunça ylalaşyk bilen baglanyşykly aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
2004-nji ýylda Ukarainanyň “Mämişi rewolýusiýasynyň” ýolbaşçylarynyň biri bolan Timoşenko Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen gol çekişen energiýa ylalaşygy bilen baglanyşykly öz wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanýar. Günäli tapylan ýagdaýynda oňa 7 ýyl bilen 10 ýylyň aralygynda türme tussaglygy garaşýar. Onsoň ol geljek ýyl geçmeli parlament saýlawlaryna, şeýle hem 2015-nji ýylda prezidentlik saýlawlaryna goşulyp bilmeýär.
Timoşenko şu anna güni özüne bildirilýän günäleri syýasy sebäplere görä öç alyş hökmünde ret edip, bäsdeşi prezident Wiktor Ýanukowiçi we “onuň töweregindäkileri” sudlary hususy ýarag edinip ulanmakda aýyplady. Suduň öňünde duran Timoşenko bu prosesiň sudýasy Rodion Kireýewi hem “prezidentiň administrasiýasynyň oýnatgysy” diýip atlandyrdy.
“Prokuroraturanyň hususylaşdyrylandygyna hiç kim şek-şübhe edenok. Sudlar hususylaşdyryldy. Sudýa ýok. Bu gün bolýan zatlaryň Ýanukowiçiň şahsy jogapkärçiligi bilen onuň esasy syýasy garşydaşyndan şahsy öç almak üçin edilýändiginiň sebäbi şol” diýip, Timoşenko aýtdy.
Timoşenkonyň tarapdarlaryndan müňlerçe adam suduň daşynda özleriniň ony goldaýndyklaryny bildirmek üçin “Ýulia, Ýulia, Ýulia” diýşip gygyryşdylar.
Timoşenko suda gaýmak reňkli kostýum bilen geldi. Elinde bir gyzyl gül bardy. Ol oturansoň, sumkasyndan Ukrainanyň Baş kanunynyň bir nusgasyny çykaryp, gapdalynda duran stoluň üstünde goýdy. Onuň ýanynda oturan kömekçileriniň biriniň egnindäki futbolkanyň ýüzünde bolsa “syýasy tussaglary boşadyň” diýen ýazgy bardy.
ABŞ we ÝB ýazgardy
Suduň zaly žurnalistlerden, Timoşenkonyň tarapdarlaryndan we beýleki adamlardan ýaňa doludy. Zalyň bu ýagdaýy derrew Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky delegasiýasynyň başlygy Žoze Manuel Pinto Teikseiranyň närazylygyny oýardy.
“Men bu suduň öz işlerini adamzada laýyk bolmadyk şertlerde alyp barýanyna şaýat boldum. Otag dar, howany arassalaýan kondisioner ýok, içerde munça märeke, daşarda içerik girmäge synanyşýan adamlaryň hümeri – görer ýaly däl” diýip, Teikseira aýtdy.
Timoşenko barada indi ençeme barlag işleri alnyp barylýar. Bularyň biri oňa öz wezipesinden galp peýdalandy diýilýän aýyplama görä barýan derňewler. Munuň Ukraina agyr maliýe zyýan ýetirendigi aýdylýar.
Timoşenkonyň öňki ýokary derejeli ýaranlarynyň, şol sanda, başga barlaglar sebäpli tussag edilse-de, öňki içeri işler ministri Ýuriý Luşenkonyň tutulmagy-da, umuman, Ukrainada belli-belli adamlaryň saýlanyp tutulmagy hökmünde Birleşen Ştatlary aladalandyrýar. Şenbe güni ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Timoşenko garşy başlanan sud işini ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Ýuliýa Timoşenko garşy ýola goýlan sud işiniň syýasy matlaba esaslanýan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýandygyny we ABŞ-nyň bu barada alada bildirýändigini mälim etdi.