Grek premýeri ynam ses berişligini gazandy

Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreony (sagda) maliýe ministri Ewangelos Wanizelos gutlaýar, Afiny, 21-nji iýun.

Gresiýanyň uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz duran premýer-ministriniň parlamentde geçirilen ynam ses berişligini sag-aman arka atmagy bilen, tygşytlylyk çäreleri baradaky kanun taslamasynyň sese goýulmagyna ýol açyldy.

Bu çäreleri halk halanok. Ýöne bular ýewro zonasyna degişli Gresiýanyň öz bergileriniň aşagynda çökmezligi üçin zerur.

Öten agşamky ses berişlikde Jorj Papandreonyň täze kabinetine ynam bildirip, ses beren parlamentçileriň sany 155, garşy 143. Parlamentiň 2 wekili ses bermekden saklandy.

Ýöne iş munuň bilen tamamlanmaýar. Geljek hepde ýene bir möhüm ses berişlik bar. Ol halk tarapyndan ret edilýän tygşytlylyk çäreleri barada. Bu çäreler kabul edilmese, Gresiýa kredit ýok.

Papandreou palamentçileri eýýäm bu çäreleri goldamaga çagyrdy: “Krizisden çykmak üçin bu biziň ýeke-täk ýolumyz. Ikirjiňlenip, gorka düşüp, kyn ýoluň ortasynda bu şansy taşlasak, taryh bize erbet baha berer”.

Gresiýa Ýewropa ýurtlary we Halkara pul gaznasy tarapyndan özüne 17,3 milliard dollar halas ediş krediti birilmese, bergilerini töläp bilmejekdigini bildirdi.

Papandreou öten hepde häkimiýet başyndaky partiýada barha artýan närazylygy köşeşdirmek üçin käbir ministrlerini çalşyrdy. Täze maliýe ministri Ewangelos Wanizelos sişenbe güni parlamentiň geljek hepde býujetiň 40 milliard dollar çemesi azaldylmagyny oňlajakdygyny wada etdi.

Ynam ses berişliginden öň hem Papandreonyň ony gazanmagyna garaşylypdy. 300 orunly parlamentde onuň sosialistik partiýasynyň 155 orny bar. Bu ses berişligi gazanmak üçin hem ýönekeý köplük gerekdi.

Reformalara çagyrylýar

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso bu ses berişligiň netijelerini gutlap: “Bu hem Gresiýa hem-de bütin Ýewropa Bileleşigi üçin bir gowy habar” diýdi.

Barasso sişenbe güni ses berişlikden öň grek ykdysadyýetiniň strukturasynda möhüm reformalaryň geçirilmegine çagyrdy: “Öňe tarap ýeke-täk ýol grekler tarapyndan struktural defisiti azaltmak üçin edilen tagallalar bolar. Muny hem şu wagt hususylaşdyrmak we ýokary maksatly plan bilen amala aşyryp bolar. Munuň köp adamlara agyr degjekdigi belli. Ýöne bu býujeti berkitmek üçin gerekli”.

Teklip edilen tygşytlylyk çäreleri köçelerde protestlere getirip, öten hepde bu protestler gazaply hereketlere ýazdy. Ynam ses berişliginden öň protestçiler paýtagt Afinyda parlamentiň öňüne ýygnanyp, özleriniň bu çärelere garşydyklaryny bildirdiler.

Parlamentde geçen çekişmede oppozisiýanyň ýolbaşçysy Antonis Samaras bergileri töläp kemeltmek üçin ykdysadyýeti güýçlendirip, salgytlary azaltmagy teklip etdi: “Biziň hemmämiz bu programmanyň netije bermänligine, netije bermejekdigine düşünmeli. Sebäbi, bu bir ýalňyş ýol. Sebäp onuň bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmänligi däl. Dogry, goýberilen ýalňyşlyklar, kemçilikler boldy. Ýöne ýalňyş bu ýoluň ýerine ýetirilişi däl-de, onuň özi”.

Häzir Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirýän Jon Lipski çarşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşansoň: “Gresiýanyň esasy problemasy onuň bergileriniň ýokary bolmagy däl-de, ykdysadyýetinde bäsleşigiň ýoklugy, ýewro zonasyndan üzňeligi we maliýe sistemasnyň bozuklygy” diýdi.

Ýöne, Lipskiniň pikiriçe, bu bir düzedip bolmajak zat däl, muňa syýasy isleg gerek.