ÝB Belarusa garşy sanksiýalary güýçlendirer

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň režimi bilen baglanyşykly baýlyklary doňduryp, wiza gadagançylygy sanawyndaky adamlaryň sanyny artdyrmagyna garaşylýar. Bileleşigiň 27 daşary işler ministriniň Luksemburgda barýan duşuşygynda Belarus kompaniýalary barada hem ilkinji gezek käbir çäreleriň girizilmegi mümkin.

Garşysyna ozal çäre girizilen adamlaryň sany häzir 190-a golaý. Režimiň saýlawdan soň turan protestlere gatnaşanlara görkezen gysyşy netijesinde 2011-nji ýylyň dowamynda bu sanaw ençeme gezek täzelendi.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň sözçüsi Maýa Koçiýançiç Lukaşenkonyň öten ýylyň dekabr aýynda jedelli ýagdaýda täzeden saýlanmagyndan soň oppozision şahsyýetleriň suda çekilmeginiň Brýusseli häzire çenlem aladalandyrýandygyny aýtdy.

“Men olar bu wakalary gaýtadan ýazgararlar, syýasy tussaglaryň derrew boşadylmagy baradaky çagyryşy güýçlendirerler diýip garaşýaryn. Olar şeýle hem Belarusa mundan beýläk-de basyş etmek barada pikir alşarlar” diýip, Koçiýançiç aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň režim bilen baglanyşykly, mysal üçin, oppozision şahsyýetlere iş kesmäge gatnaşan sudýalar ýaly adamlary bu sanawa goşmakdan daşgary, Belarus kompaniýalarynyň baýlyklaryny doňdurmak barada hem pikir alyşmagy mümkin.

Käbir işleriň edilmeginiň zerurdygy bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň hemmesi ylalaşsa-da, Italiýa we Latwiýa başlyklaýyn käbir ýurtlar bu çäreleriň berk bolmagyna garşy. Latwiýanyň wekilleri Belarus kompaniýalarynyň nyşana alynmagy Latwiýanyň ol ýerde alyp barýan söwda işlerine zyýan ýetirmegi mümkin diýip aladalanýarlar.

Finlýandiýanyň ýewropa işleri ministri Aleksander Stubb deňagramly hereketi şeýle suratlandyrýar: “Meniň pikirimçe, sanksiýa meselesinde esasy zat özgerişi isleýän adamlara zyýan ýetmezligi. Şol sebäpden bir ýol tapmaga synanyşylýar. Bu iş üçin iň gowy ýol kompaniýalaryň üstünden sowlup geçmek bolýar. Bu doly netije berýär diýip biljek däl. Kähalatda berýär, kähalatda hem bermeýär”.

Karz pul meselesi

Belarus ýaňy golaýada barha güýjeýän maliýe krizisini ýeňip geçmäge kömek üçin Halkara pul gaznasyndan birnäçe milliard karz pul sorady.

Brýusselde häzir esasy aladanyň agza döwlet Gresiýadaky ykdysady kynçlyk bolmagy mümkin. Ýöne Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildtiň pikiriçe, Belarusdaky krizis üns berilmäge mynasyp.

“Biziň hemmämiz Gresiýadaky ýagdaýa, elbetde, üns berýäris. Ol biziň hemmämizi aladalandyrýar. Ýöne Belarusyň maliýe taýdan batmagynyň ondan hem erbet bolmagy mümkin” diýip, Bildt aýdýar.

Ýewropa Parlamentiniň käbir agzalary: “Halkara pul gaznasy Belarusa diňe syýasy tussaglaryň hemmesini boşadan ýagdaýynda kömek etmeli” diýýärler. Ýöne Ýewropa Bileleşigi bu iş üçin Halkara pul gaznasyna gysyş görkezmäge meýilli däl. Galyberse-de, Gazna, adat boýunça, kredit berip-bermezligi berk syýasy şertlere bagly edenok.

Ýöne Ýewropa Bileleşigi, olaryň Belarusda alyp barýan işleri ep-esli çäklendirilse-de, Ýewropanyň maýagoýum banky bilen Ýewropanyň abatlaýyş we we ösüş bankynyň bu ýerde oýnaýan roluna gözegçilik etmekçi.

Şu günki duşuşykda Bileleşigiň daşary işlar ministrleri öten aý ÝB-niň baş diplomaty Katerin Aşton we ÝB-niň giňelme boýunça komissary Stefan Fuele tarapyndan hödürlenen Ýewropanyň täze goňşuçylyk syýasaty barada hem ilkinji gezek pikir alşarlar.