Ilkinji türkmen kinoaktýory

Gulluk Hojaýew "Aýgytly ädim" çeper filminde

Ol türkmen kinematografiýasynyň ilkinji çeper filmi bolan "Men gaýdyp gelerinde" jogapkärli rollaryň birini ýerine ýetiren, soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ada mynasyp bolan Gulluk Hojaýewdir. Ýöne türkmen kino sungatynyň gözbaşynda duran bu hormatly adamyň diri wagtynda-da gadyry bilnip barylmandyr, garaşsyzlyk ýyllarynda-ha ady asla-da agzalmaýan sungat ussatlarynyň biri.

Gulluk Hojaýewiň oýnan Nurusynyň keşbi Oraz Täçnazarowyň "Batrak’ poemasy esasynda goýlan "Men gaýdyp gelerin" filme onuň Moskwadan çagyrylyp getirilen režissýory Aleksandr Ledaşýow tarapyndan girizilipdi. Sebäbi garyp daýhanyň gyzy Bibigüli söýýän Gurbana bäsdeş gerek bolupdyr. Kino sungatyny öwreniji Baýram Abdyllaýewiň dogry belleýşi ýaly, Nurynyň keşbiniň girizilmegi eseriň sosial äheňini güýçlendiripdir, dramatik konflikti ýitileşdirilipdir.

Film dört aýa ýetirilmän surata alnyp gutarylýar. Ol bütinsoýuz ekrana çykanda sowet metbugaty türkmen kinematografiýaçylarynyň ilkinji döredilik üstünligini gutlamak bilen garşylaýarlar. "Литературная газета" 1935-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky sanynda "Men gaýdyp gelerin" kartinasynyň döremegi biziň milli respublikamyzda kadrlaryň —režissýorlaryň, ssenariçileriň, aktýorlaryň ösüp başlandygyna we biziň milli respublikalarymyzyň kinosynyň sowet kinematografiýasynyň öňdäki pozisiýalaryna çykyp ugrandygyna şaýatlyk edýär" diýip nygtasa, "Известия" gazeti şondan göni bir aý öň : "...Dogruçyllyk — kartinanyň iň oňat tarapydyr. Filmiň dili ýönekeý, ynandyryjy we dogruçyl, ol tolgundyryjy pursatlar we obrazlar bilen doldurylypdyr’’ diýip tekrarlapdy.

Şol gowy garşylanan obrazlaryň birini — Nurynyň keşbini bolsa Gulluk Hojaýew döredipdi. Şeýlelikde, onuň kino sungatyndaky ýoly şowly başlanypdy. Ozal teatrda oýnap ýören ýigide bu rol ýeňil düşmändi. Kino sungatynyň aýratynlyklaryny özleşdirmek üçin çorba baryny sowatmaly bolupdy. Herhal Nurynyň keşbini başarnykly döretmegi onuň il içindäki abraýyny artdyrypdy.

Soňra onuň döreden keşpleri sanap çykardan köp. Ýöne Gulluk Hojaýewiň ady tutulanda owalbaşda onuň Welmyrat agasy göz öňüne gelýär. Ol şu keşpde gahryman bilen aktýoryň arasyndaky tapawudy şeýle ussatlyk bilen sumat edipdir welin, hoşuňa gelsin, ýekeje guba düýesini berip, beýik Magtymgulynyň dürdäne diwanyny satyn alan adamyň Gulluk Hojaýewiň hut özüdigine ýüregiň bilen ynanýarsyň. Ony ajaýyp ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň gahrymany Welmyrat aganyň obrazynyň prototipi, nusgasy hökmünde kabul edesiň geler durar.

Ine, ussatlygyň etdirýän oýny! Aktýor tomaşaçylaryň aňynda Welmyrat aga bolup berçlenýär, has anygy, ýaşaýar. Ol tomaşaçylaryň aňynda Welmyrat agany ýaşadýar, kitap diýen gudrata, çeper söze, aň-paýhasa sarpa goýmagy öwredýär. Içgin synlasaň, Gulluk Hojaýew ýekeje-de artyk hereket edýän däldir, ol mukam çalýan sazanda kimin zyýada kakuwa ýol berenok.

Ony zergär bilenem deňeşdiresiň gelip dur. Dogrudanam, ol duýgularyň zergäri. Gulluk Hojaýew duýgularyň üsti bilen pikiri, pikirleriň üsti bilenem duýgulary bermegiň zergäri, ussady.

Bu tekrarlamamyzyň gury bolmazlygy üçin Alty Garlyýewiň "Aýgytly ädim" çeper filminiň bir epizodyny ýatlalyň: gyzlyk mertebesi "depelenen" Aýnany Meret aganyň öňüne oklaýarlar. Köýnegi ýyrtyk-ýyrtyk, endam-jany gök nil gyz ýylan ýaly towlanyp ýatyr. Meret aganyň maşgalasynyň ar-namysy, abraýy mertebesi "depelenipdir".

Meret aga bilindäki pyçagy sogurýar. Hemmeler ol häzir öz gyzyny öldürer öýdüp pikir edýär, garaşýar. Ýöne Meret aga gyzynyň eliniň daňysyny kesip goýberýär, sahna garaşylmadyk çözgüt berýär. Onuň gözünden ýaş akýar.

Şeýlelikde, Gulluk Hojaýew öz perzendini öldürmegi başarman, masgaraçylyga bolsa çydap bilmän, içinden aglaýan atanyň keşbini çekýär, onuň şol pursatda içki dünýäsinde gopýan harasady sada hem-de tragiki hereketleriň üsti bilen ynandyryjy açyp görkezýär. Şol pursat özüni bu wakanyň içinde ýaly duýmadyk tomaşaçy boldumyka beri?

Geçen asyryň 60-njy ýyllary aktýor üçin hasylly bolýar. Ol şol ýyllarda döredilen filmleriň ählisinde diýen ýaly oýnaýar. Gulluk Hojaýew "Daşgaladaky waka" filminde kolhoz başlygy Gandym aganyň roluny oýnady. Bu rol hem onuň ussatlygynyň, kämilliginiň güwäsi. Aktýoryň häsiýetiniň öz gahrymanynyň häsiýeti bilen kybap gelmegi bu keşbiň şowly çykmagyna tekge berýär. Ol ýaşy ýetmedik gyzy satjak bolup ýören mekdep direktorynyň öýüne gelip, "Ýol bermerin" diýeninde adaty ýagdaýlarda dymma görünýän başlygyň ruhy dünýäsini, häsiýetiniň berkligini, psihologiýasynyň çylşyrymlylydygyny aňryýany bilen açyp görkezýär.

Ömrüniň soňky on ýyllygynda Meret Atahanowyň "Ýalynly arabanyň ýoly", Alty Garlyýewiň "Magtymguly", "Derýanyň aňyrsy–serhet", Bulat Mansurowyň "Teşneligiň gandyrylyşy", Hojaguly Narlyýewiň "Gämiçiniň jany bir", Aždar Ibragimowyň "26 Baku komissary" filmlerinde dürli rollary ýerine ýetirdi. Ony täjik, özbek kinoçylary-da öz filmlerinde oýnamaga çagyrýardylar.

Zehinlere sarpa goýmak, olary goldamak meýli Gulluk Hojaýewiň ajaýyp sypatlarynyň biri bolupdyr. Ol Ogulgurban Durdyýewa ýaly guýmagursak zehiniň onlarça ýyllardan soň türkmen kino sungatyna gaýdyp gelmegine sebäpkär bolupdy. Diňe bir şu döwletli işi üçin-de ol hormata mynasypdyr.

B.Abdyllaýewiň şaýatlyk etmegine görä, Gulluk Hojaýewi daşary ýurtly sungat işgärleri-de gowy tanaýan ekenler. Yrakly režissýor Halyl Şowki türkmen artisti barada öz wagtynda şeýle diýipdir: "Sizde adamlara ýakymly şöhlesini seçelendirýän altyn bar. Ony aýap saklaň. Ol türkmenlere ruhy iýmit berýän hazynalaryň birine öwrüler".

Hawa, ilkinji türkmen kino aktýory, kinematografiýamyzyň düýbüni tututyjylaryň biri Gulluk Hojaýew bir ömrüni dürli ykbally adamlaryň ömri bilen ýaşap geçirdi. Ol dirikä sungata siňdi, oňa garylyp-gatyldy. Sungata siňen adamlar bolsa öz il-gününe baky hyzmat edýärler. Olary hatyralamak nesilleriň borjudyr.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.