Oşda zorluga sezewar edilenler henizem gorkuda

Öz hakyky adynyň tutulmazlygyny haýyş eden 34 ýaşly bu özbek zenany geçen ýylyň tomsunda Oşda bolan galagoply wakalarda gyrgyz erkekleri tarapyndan zorlandy.

Gyrgyzystanyň Oş oblastynyň ýaşaýjysy Nasiba hemme tarapdan ejiz görünýän bir ýaş zenan. Öz hakyky adynyň tutulmazlygyny haýyş eden 34 ýaşly bu özbek zenany geçen ýylyň tomsunda Oşda bolan galagoply wakalarda özüniň gyrgyz erkekleri tarapyndan jynsy taýdan zorlanyşyny ýatlaýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu waka onuň Oş şäheriniň “Çeremuşki” raýonyndaky jorasynyňka myhmançylyga baran agşamsy ýüz beripdir.

Ol agşamlyk çaý-çörek iýip, telewizor görüp, gülşüp-degşip, ýarygijiler ýatmak üçin düşege geçen wagtlary özüniň myhman öýüne ýedi-sekiz sany erkek adamyň kürsäp girip, özleriniň köpden bäri özbek gyzy bilen ýatmagy arzuw edip gelendiklerini aýdandyklaryny we özüne el urup başlandyklaryny aýdýar.

Nasibanyň aýtmagyna görä, ol garşylyk görkezensoň, erkek adamlardan biri onuň boýnuna urup, ony özünden giderdipdir. Diňe ertesi irden özüne gelende, Nasiba özüniň ýalaňaç halda gana bulaşyp ýatandygyny hem-de 3 ýaşly we 9 ýaşly iki sany çagasynyň-da öz ýanynda sojaşyp, aglap oturandyklaryny görüp galýar.

Nasiba özüni zorlan adamlaryň kelleleri beýsbol kepkaly daýaw gyrgyzlardygyny ýatlaýar we olaryň asla ýerli gyrgyzlar däldigini aýdýar. Nasiba gaýdap ol erkek adamlara duş geljekdigine ynanmaýar. Emma olar Nasibada ýatdan çykmajak ejirleri, keselleri we gorky duýgusyny miras goýup gidipdirler.

Nasiba şol wakadan bäri hatda erkek adamlara seredip bilmeýändigini we seretmek hem islemeýändigini, hatda özüne öz erkek doganynyň eli degäýende-de özüniň gorkudan ýaňa sandyraýandygyny aýdýar.

Gyrgyzystanly özbek zenany Nasiba 2010-njy ýylyň iýunynda Gyrgyzstanyň günortasynda ýüz beren etniki çaknyşyklarda jynsy taýdan zorlanan diýlip hasaplanylýan onlarça zenanlardan diňe biri.

20 waka dokumentleşdirildi

Şu hepde bu wakalar bilen baglanyşykly hasabat ýaýradan ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalary öz hasabatlarynda şol galagoply wakalarda gyrgyzlara-da, özbeklere-de garşy jynsy zorluklaryň ulanylandygyny tassyklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, olar bu hadysylar barada anyk statistiki maglumatlaryň ýokdugyny belleýärler.

“Amnesty International” guramasy häzirki wagt jynsy taýdan zorlamalar bilen baglanyşykly 20 sany wakanyň dokumentleşdirilendigini, emma hakyky sanlaryň has hem ýokary diýlip hasaplanylýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, “Amnesty International” guramasy parahat ýaşaýjylara garşy ulanylan jynsy taýdan zorlamalar ýaly zorlukly çäreleriň ynsanýete garşy jenaýat hökmünde häsiýetlendirilip hem bilinjekdigini belleýär. Ýöne Gyrgyzystanyň resmileri beýle häsiýetlendirmeleri inkär edýärler.

Jenaýatçylykly iş hökmünde jynsy taýdan zorlama köpçülikleýin gahar-gazaby öjükdiriji häsiýete eýe. Geçen ýylyň iýun aýynda bolan wakalaryň sebäplerini anyklamak boýunça geçirilen derňewler şonda Oş şäherindäki bir umumy ýaşaýyş jaýynda özbekleriň bir toparynyň bir gyrgyz gyzyny zorlandyklary barada mobil telefon arkaly gönderilen ýalan habaryň uly gerimdäki etniki çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna getirendigini görkezýär.

Beýleki bir tarapdan, jynsy zorluk ýaly jenaýatyň yzyny derňemek hem kyn bolýar. Bu köp babatda jynsy zorluga sezewar edilýänleriň jemgyýetiň gara tagmasyny almak gorkusy bilen baglanyşykly.

Gyrgyzlar we özbekler barada aýdylanda, bu milletleriň ikisinde-de jynsy taýdan zorlama bilen baglanyşykly jenaýatlar diňe bir zorlaýjynyň däl, eýsem zorlanan adamyň hem jemgyýetden çetleşdirilmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlarda ejir çekeniň tutuş maşgalasam uly basyş astyna düşýär.