Gyrgyzystan özbeklere garşy adalatsyzlykda günäkärlenýär

Etniki özbek zenan awtobus arkaly Oşdan çykyp barýar, 2010-njy ýylyň 15-nji iýuny.

Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara “Amnesty International” guramasy bilen “Human Rights Watch” guramasy Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etniki çaknyşyklar bilen baglanyşykly ýurduň hökümetiniň hereketlerini tankytlaýjy hasabat ýaýratdylar.

Bu hasabatlaryň ikisem Gyrgyzystanyň günortasynda ýüz beren şol wakalaryň ýyl dönüminiň öňýanyndaky günlerde peýda boldy.

Oş we Jelal-Abat regionlarynde ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan şol etniki çaknyşyklarda 400-den gowrak adam ölüp, müňlerçe adamlaryň hususy emläkleri weýran edilipdi.

“Amnesty International” guramasy bilen “Human Rights Watch” guramasy öz hasabatlarynda bu wakalarda ejir çekenleriň kanuny hukuklaryny dikeltmekde we adalatlylygy üpjün etmekde Gyrgyzystanyň hökümetiniň talabalaýyk hereket etmändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.

Günbatar ýurtlaryň gözegçileri, şol sanda, Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa tarapyndan döredilen ýörite komissiýa hem bu wakalarda adam we emläk taýdan esasy ýitgi çekenleriň etniki özbekler bolandygyny tassyklaýarlar.

“Henizem adalatlylyga garaşylýar”

“Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramasy wakalarda esasy ejir çeken tarapyň özbekler bolandygyny Gyrgyzystanyň hökümetiniň boýun almagy başarmandygyny, gaýta, tersine, sud-derňew proseslerini esasan ejir çeken gyrgyzlaryň bähbidine gönükdirip, özbekleriň hukuklarynyň has-da basgylanmagyna itergi berendigini belleýärler.

“Amnesty International” guramasynyň Merkezi Aziýa regiony boýunça barlag alyp baryjy eksperti, guramanyň “Henizem adalatlylyga garaşylýar” atly ýörite hasabatynyň awtory Meýsi Waýşurding gyrgyz hökümetiniň tutýan bu pozisiýasynyň ýurduň günortasyndaky etniki dartgynlygyň has-da güýjemegine sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Eger ejir çekenler adalatlylyga eýe bolup bilmeýän bolsalar, onda ýagdaýy bulaşdyrmak isleýänler üçin eden-etdilige ýol açylýan ýaly bolup görünýär. Eger mundan beýläk hem, aýratynam, prezidentlik saýlawlary üçin alnyp barylýan häzirki agitasiýa-propoganda döwründe-de ozalkylary ýaly etniki taýdan tarapgöý propogandalar alnyp barylsa, onda, elbetde, etniki zorluklaryň ýene gaýtadan möwjemegi üçin ähli mümkçinlikler bar” diýip, Waýşurding belledi.

“Weýran edilen adalatlylyk”

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň hem “Weýran edilen adalatlylyk” ady bilen taýýarlan 86 sahypalyk hasabatynda Gyrgyzystanyň syýasy we administratiw strukturalarynda özbek milletiniň wekilleriniň juda seýrek bolmagynyň ýurduň günorta regionlarynda eden-etdilik atmosferasynyň döremegine has-da ýardam edendigi aýdylýar.

Bu hasabatda aýdylmagyna görä, jenaýatda güman edilýän özbekleriň tussaghanalarda gynalmalary, olara we olaryň aklawçylarynadar dogan-garyndaşlaryna fiziki hüjümleriň edilmegi ýaly wakalara ýurduň häkimiýetleri yzygiderli göz ýumup gelýärler.

Prezident Roza Otunbaýewanyň karary bilen döredilen derňew komissiýasy ýurduň günortasyndaky çaknyşyklaryň sebäpleri we netijeleri barada ýakynda, maý aýynda göwrümli bir hasabat taýýarlady. Şol hasabatda etniki çaknyşyklarda ejir çekenlerden dörtden üç böleginiň özbeklerdigini görkezýän faktlar getirilýär.

Mundan daşary, hasabatda käbir hökümet strukturalaryndaky aýry-aýry kemçilikleriň etniki zorluklaryň eden-etdilikli ýagdaýda güýçlenmegine itergi berendigi aýdylýar.

Komissiýanyň şol hasabatynda 2010-njy ýylyň iýunynda amala aşyrylan käbir hüjümlere halkara kanunçylygy boýunça baha berilse, olaryň hatda ynsanýete garşy edilen jenaýat diýlip hasaplanyp bilinjekdigi hem bellenipdi.