Türkmenistan ýene repressiw ýurtlaryň sanawynda

Türkmenistana berilýän baha öňki prezidentiň ölüminden soňra, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen hem özgermedi.

1-nji iýunda düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasy 2011-nji ýyl boýunça dünýäniň iň repressiw ýurtlaryny öz içine alýan ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly Türkmenistan bu ýyl hem iň repressiw ýurtlaryň arasynda.

“Freedom House” guramasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Kris Wolkeriň Azatlyk Radiosyna beren interwýusyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň adynyň repressiw ýurtlaryň sanawynda galmaklygy – bu ýurtda oňyn özgerişligiň bolmanlygyny aňladýar.

Hasabatda Türkmenistanda metbugat we söz azatlygynyň hem juda gözgynydygy aýdylýar. Surat: Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Aşgabat şäheri, 2011-nji ýyl.
Merkezi Aziýa ýurdy bolan Türkmenistan bilen bir hatarda bu sanawda onuň goňşusy Özbegistanyň hem ady tutulýar. Sanawdaky beýleki ýurtlar bolsa Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda Afrikada ýerleşýän Sudan, Somali ýaly içki ýagdaýlary dartgynly ýurtlardyr.

Bu hasabat 2001-nji ýyldan bäri yzygiderli çap edilýär. Şu güne çenli ýaýradylan hasabatlaryň ählisinde Türkmenistan iň repressiw ýurtlaryň hataryna girizilip gelinýär. Türkmenistana berilýän bu baha öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soňra, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen hem özgermedi.

Sýyasy we graždan azatlyklarynyň hili göz öňünde tutulyp geçirilen barlaglaryň netijesinde Türkmenistana berilýän baha iň pes, ýagny 7 bala deň.

“Freedom House” guramasynyň repressiw ýurtlar baradaky hasabaty iki kategoriýadan ybarat. Olardan biri syýasy azatlyklary, beýlekisi bolsa graždan azatlyklaryny öz içine alýar.

Hasabatyň syýasy azatlyklar baradaky böleginde aýdylmagyna görä, şu güne çenli Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç biri, şol sanda 2007-nji ýylda Berdimuhamedowy häkimiýet başyna getiren saýlaw hem erkin we adalatly amala aşyrylmandyr.

Kanunlar kagyz ýüzünde

Hasabatda Baş kanunyň täze nusgasynyň tassyklanyşy barada hem maglumat berlip, onuň hem halkyň talabyny ödemeýänligi aýdylýar. Guramanyň wekili Kris Wolker bu barada şeýle diýýär: “Esasy kanunyň täze nusgasynda ýurtda syýasy partiýalaryň we graždan jemgyýetçilik guramalarynyň döredilip bilinjekdigi aýdylýar. Emma Türkmenistan we bu kategoriýa girýän beýleki käbir ýurtlarda, haçanda ilat şeýle hukuklaryndan peýdalanmaga synanyşsa, olaryň nähili ýagdaýlara uçraýanlygy juda anyk”.

"Freedom House" guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda adalat sistemasynyň erkin hereket etmeýänligi bellenilýär. Surat: Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa (sagda) we parlamentiň agzalary, Aşgabat şäheri, 2011-nji ýyl.
“Freedom House” guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda metbugat we söz azatlygynyň hem juda gözgynydygy we hökümetiň daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylaryna ýurda barmaga rugsat etmeýänligi hem bellenilýär.

Türkmenistanda metbugat bilen bir hatarda internete hem hökümet tarapyndan berk gözegçilik edilýänligi, syýasy azatlyklar bilen bir hatarda ýurtda dini azatlyga hem ýol berilmeýänligi aýdylýar.

2011-nji ýyl boýunça hasabatda Türkmenistanda adalat sistemasynyň erkin hereket etmeýänligi, hatda onuň hökümet tarapyndan gural hökmünde ulanylýanlygy hem mälim edilýär.

Eýse, bu ýagdaýdan çykalga nämede? “Häzirki döwürde hökümet syýasy bäsdeşligiň döremeginiň öňüni almak üçin ähli mümkinçiliginden peýdalanýar. Ýurtda syýasy bäsdeşligiň emele gelmegine ýol açylmaly, sebäbi syýasy bäsdeşlik bolmasa, düýpli özgerişligiň boljakdygyny aýtmak kyn” diýip, Wolker nygtaýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Ýöne şol bir wagtda-da uzak möhletli ýagdaý barada gürrüň edilende, Demirgazyk Amerikada ýerleşýän ýurtlar we Ýewropa Bileleşiginiň agzalary Türkmenistan boýunça alyp barýan syýasatlarynda adam hukuklaryna aýratyn ähmiýet berseler, peýdaly bolardy”.