Ýewropanyň Adam hukuklary sudy ors häkimiýetlerini Mihail Hodorkowskiniň hukuklaryny bozmakda günäli tapdy. Ýöne sud bu öňki nebit magnatynyň öz tussag edilmegini syýasy sebäpli diýýänini ret etdi.
Birwagtlar Orsýetde iň baý adam hasaplanan Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag edildi. Tankytçylar: “Bu çäre syýasy ambisiýalary we şol wagtky prezident Wladimir Putini tankytlandygy üçin oňa berilýän jeza” diýdiler.
Hodorkowskiý bilen onuň ýarany Platon Lebedewe kezzaplykda we salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda günäli tapylyp berlen türme tussaglygy öten dekabrda bolan ikinji sud prosesinde 2017-nji ýyla çenli uzaldyldy. Öten hepde Moskwanyň bir sudy bu möhleti bir ýyl azaldyp, jemi 13 ýyla getirdi.
Bularyň ikisi-de özleriniň bikanun iş etmändiklerini aýdýarlar.
Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän Adam hukuklary sudy Orsýet sud harajaty, onuň hukuklaryny bozanlygy, şeýle hem ony kemsidiji şertlerde saklap, abraýyna zyýan ýetirenligi üçin Hodorkowskä 24 müň ýewro tölemeli diýip, höküm çykardy.
Hodorkowskiniň tutulmagy we onuň birinji sud prosesi baradaky şikaýat bilen baglanyşykly bu hökümde öňki nebit magnatynyň tussag edilmegi bikanun hasapalanýar.
Az salymyň içinde 35 sahypalyk aýyplama
Hodorkowskiý ilki tutulanda, bir jenaýat işinde şaýat hökmünde suda barmakdan boýun gaçyranlykda günälenip tussag edildi. Ýöne Strasburgdaky sudýalar: “Derňewçileriň ony birnäçe sagadyň içinde 35 sahypalyk jenaýat işi bilen aýyplamagy olaryň “şeýle waka taýýar bolandygyny” görkezýär, bu iş ony “şaýat hökmünde çagyrmak däl-de, eýse suda çekmek üçin edilene meňzeýär” diýýär.
Sud şeýle hem prosesden öň onuň tussaglygynyň iki gezek esassyz ýere uzaldylmagyny-da ýazgardy. Ýöne sud Hodorkowskiniň özüniň “syýasy sebäbe görä tutuldym” diýmegini ret etdi.
Suduň aýtmagyna görä, Hodorkowskini tutmakda ors häkimýetleriniň hakyky niýeti barada käbir şübheleriň bolmagy mümkin. Ýöne syýasy sebäpli diýilýän üçin bir jedelsiz subutnama gerek. Bu subutnama hem ýok.
Adam hukuklary boýunça suduň karary derňewçileriň Hodorkowskiniň Jenaýat Kodeksi boýunça sud işiniň netijelerini täzeden gözden geçirmegine getirer diýip bolmaz. Bu suduň 2007-nji ýylda “Lebedewiň tutulmagy bikanun” diýip çykaran kararynyň hem beren netijesi bolmady. Ýöne nähili-de bolsa, bu höküm öňki nebit magnaty üçin bir ýeňiş hasaplanyp, onuň şertli ýagdaýda möhletinden öň boşadylmagyna umyt döredýär.
Onuň adwokady Hodorkowskiý bilen Lebedewiň munuň üçin arza berjekdiklerini aýtdy. Ol: “Olar möhletinden öň boşadylmaga hakly, sebäbi türme möhletleriniň ýarpysyny eýýäm tamamladylar” diýdi.