Ýewropa Bileleşigi özüniň ýakyn goňşularyna iki ýylyň içinde goşmaça 1,242 milliard ýewro pul kömegini wada etdi. Ýöne bu kömek reformalaryň gidişine bagly.
Bu pul ozal geljekki iki ýyl üçin göz öňünde tutulan 5,7 milliard ýewronyň üstüne täze goşulýar. Bu kömek ÝB-niň Günorta Ortaýer regionynda we Gündogar Ýewropada ýerleşýän 16 goňşusyna berler. Bular entek Bileleşige agzalyk üçin kandidatlyk statusyny alan ýurtlar däl.
Goňşuçylyk syýasatynda maliýe goldawyndan daşgary köp ugurlarda ysnyşykly syýasy hyzmatdaşlyk hem göz öňünde tutulýar.
ÝB-niň baş diplomaty Ketrin Aşton Bileleşigiň öz goňşularyna täze gatnaşyk hödürleýändigini nygtady: “Biziň beýan edýän zadymyz: her zatdan öň - ýaranlyk. Biziň hödürläre zadymyz köp. Biz öz ýakynymyzda gülläp ösýän ýurtlardan örän köp peýda göreris. Biziň häzir goýýan maýamyz demokratiýa, erkinlige we oňat ýaşaýşa ymtylýan adamlar üçin. Ol şeýle hem ýewropa halky üçin. Biz olar bilen berk goňşuçylykda bolup bile işleşeris”.
Bu syýasatyň gaýtadan gözden geçirilmegine sebäp bolan zat arap ýurtlarynda barýan rewolýusion özgerişler. Ýöne ol Brýusseliň Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina baradaky tutumyna-da öz täsirini ýetirýär.
Täze ugurlar
Täzeçe çemeleşmede “içki reformalary amala aşyrmakda haýsy ýurtda öňegidişlik tiz barýan bolsa, oňa goldaw köpräk berler” diýen prinsipden ugur alynýar we hyzmatdaşlykda her bir ýurduň milli ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Muny Aşton şeýle düşündirdi: “Bu hemmelere bir ölçeg diýen çemeleşme däl. Bu goňşularymyzyň tapawutlydygyny ykrar etmek. Biz olaryň her birine özüne ýaraşykly goldaw hödürlemekçi. Refoma ugrunda çaltrak hereket etmegi saýlap alan ýurtlar bu maksada gowuşmak üçin köpräk kömek alyp bilerler”.
Ýewropanyň täze goňşuçylyk syýasatynda üç ugra üns berilýär. Bular demokratik gurluşdan, ykdysady ösüşden, şeýle hem goňşulygyň iki regional gerimini, şol sanda öňki sowet respublikalarynyň altysyny öz içine alýan “Gündogar Ýaranlyk” programmasyny hem güýçlendirmekden ybarat.
Demokratiýany ilerletmekde Brýussel degişli ýurtlarda demokratik özgerişlere ymtylýan syýasy aktýorlary goldamak üçin ýörite fond döretmegi niýet edinýär. Ol ykdysady taýdan reforma meýilli ýurtlara maýa goýumyny goramak üçin giňişleýin plan hödürlemekçi. Şeýdip, ÝB-niň günorta we gündogar goňşularynda maýa goýan goýumçylar kanuny howpsuzlyk bilen üpjün ediler.
Giňişleýin erkin söwda zonasyny döretmek barada häzir gepleşik geçirilýän ýeke-täk ýurt Ukraina. Ýöne Brýussel bular ýaly gepleşiklere entek taýýarlygy ýok beýleki ýurtlara hem belli sektorlarda söwda ýeňilliklerini bermekçi.
Aýry-aýry hasabatlar
Täze goňşuçylyk syýasatynda aýry-aýry ýurtlar hakda ýörite durlup geçilýär. Ukraina baradaky hasabatda adam hukuklary, düýp erkinlikler we kanunyň häkimligi babatynda geçen ýyllarda ýagdaýyň ýaramazlaşandygy bellenýär. Aýratyn-da syýasy we Baş kanuna degişli reformalaryň haýal gidenligi ýa-da dowamly bolmanlygy aýdylýar.
Dokumentde aýdylyşyna görä, Azerbaýjanda hem demokratiýany hormatlamakda, adam hukuklaryny we düýp erkinlikleri goramakda düýpli öňegidişlik bolmandyr. Ýöne dokumentde, global maliýe krizisine garamazdan, Azerbaýjanyň ykdysady taýdan ilerländigi, Bakuwyň makro-ykdysady durnuklylyk bilen ilteşikli ugurlarda, garyplyga garşy göreşde öňegidişlik gazanandygy ýörite nygtalýar.
Ermenistan hem, sud sistemansyndaky reforma we söz azatlygynyň giňeldilenligi agzalyp, az-kem öwülýär. Ýöne tussaghanalaryň ýagdaýyny ýa ýaşlar baradaky sud sistemasyny gowulandyrmakda öňegidişligiň bolmandygy, media pluralizminiň öňküsi ýaly çäklidigi aýdylýar.
Gürjüstandan syýasy mediada we pluralizmde demokratiýany berkitmek, azlyk milletleriň hukuklaryny gowulandyryp, olary integrirlemek, şeýle hem ýokary derejeli döwlet işgärleriniň arasyndaky korrupsiýanyň garşysyna göreşmek talap edilýär.