Köne sözli, täze ruhly şahyr Bapba Gökleň

Bapba Gökleňiň mazary, Aşgabat şäheri.

Hawa, özüniň "Söz bermegiňizi soraýan!" goşgusynda nygtaýşy ýaly, Bapba Gökleň täze ruhly şahyrdy. Ýene-de öz aýdyşy ýaly, sözleri köne bolsa-da, şygyrlaryna täze ruhy, başgaça pikir öwrümlerini siňdiripdi.

Özüme galsa, Bapba Gökleňi Gurbannazar Eziz, Halyl Kuly, Italmaz Nury, Şiraly Nurmyrat ýaly şahyrlarymyz bilen bir hatarda goýardym. Ol şeýle mertebä, derejä mynasyp. Elbetde, eserleriniň sany däl-de, hili taýdan.

Bu ir ýetişip, giç ykrar edilen şahyry ýakyndan tanaýardym diýsem, lap etdigim. Bir gezek TKP MK-nyň ideologiýa sekretary, ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewiň tabşyrygy bilen Şiraly Nurmyrat ikisini "Gupbaly jaýa" çagyrmaly boldum.

Meniň esasy işim metbugat bolsa-da, şol wagtlar Ýazyjylar birleşigine gözegçilik etmegi-de üstüme goşmaça ýükläpdiler. "Ýaş kommunistiň" redaktory Sapargeldi Hanowyň üsti bilen olary gözläp ugradyk. Gözlegimiz üç-dört günden soňra netije berdi. Men olary H.Durdyýewiň kabinetine çenli ugratdym. Şonda Şiralynyň bir degişmesi ýadymda galdy. Ol "Bapba, ikimize şu ýerden iş beräýseler, kabinetimizi tapman, azaşyp ýörsek gerek" diýipdi. Ýöne Şiraly häzirki hökümet köşklerini görse, Merkezi komitetiň ýer titremeden soň salnan "Gupbaly jaýynyň" berkliginden başga bir çylşyrymlylygynyň ýokdugyny, ilaty azaşdyrýan ymaratlaryň şu köşklerdigini şahyr ýüregi bilen duýardy.

Ýeri gelende aýtsam, "Gupbaly jaýy" her näçe tankyt etsek-de, döwletiň, partiýanyň iň ýokary wezipeli adamy Saparmyrat Nyýazow Şiralanyň özi ýaly, Bapba neresse ýaly wezipesiz ýa-da soňra atlandyryşy kimin "garamaýaklary" köp kabul edýärdi, kabul etdirýärdi.

Bapba Gökleňe bir gezek köçede gabat geldim. Şonda ol meniňem Gyzylarbatdandygymy bilip, "Bä, öňräk tanyşmaly ekenik" diýdi. Asyl, onuň aýal doganynyň adamsy edebiýatçy, şahyr Gurbandurdy Geldiýew bilen biz onlarça ýyllar bäri dostluk aragatnaşygyny saklaýardyk.

Bir gezek oňa ýaş ýazyjylaryň respublikan seminarynda Şahyr Şäher Borjakowyň Bapba Gökleň diýen bir ýaş şahyryň goşgularyndan, onuň pikiriçe, tagaşyksyz, zoňtar setirleri getirip ýaňsylandygyny aýdanymda-da, Gurbandurdy garyndaşlyk gatnaşygy barada dil ýarmandy.

Ýöne G.Geldiýew bilen tanyşlygym Bapba neressäniň ölümi hakyndaky ajy habary ilkinjileriň biri bolup eşitmegime sebäp boldy. Maşgala ýagdaýy zerarly redaksiýada ýatyp-turýan satirik ýazyjymyz Aşyrberdi Kürt Bapbany maşyn kakan gijesi sagat on ikiniň ýarlarynda jaň edip, menden Gurbandurdynyň öý telefonyny sorady. Ol Bapbanyň heläkçilige uçrandygy hakynda milisiýadan redaksiýa habar edilendigini, çünki onuň ýanyndan "Ýaşkomyň" işgäriniň şahadatnamasynyň çykandygyny aýtdy. Bu ajy habary eşidip, uzak gije ýatyp bilmedim. Oňa her näçe ynanasym gelmese-de, jan beren däldir, ýaradar bolandyr diýip inçejik umyt etsem-de, ajy habar hakykat bolup çykdy.

Şu ýerde onuň "Bir maşyn dag için..." diýip başlanýan atsyz goşgusyny ýatlasam ýerlikli bolsa gerek. Onuň mazmuny şahyryň täleýini ýatladyp duran ýaly. Goşguda bir maşynyň dag içini torç edip ýörendigi, oňa gaplaňyň dişini gyjap-gyjap, agyz urup heläk bolandygyny teswirlenýär. Elbetde, bu goşguda uly göçme many ýatyr, maşynyň pidasy bolan gaplaň welin, ilkinji nobatda, şahyryň özüni, onuň ykbalyny ýatladýar. Bu goşguda şahyryň öňden görüjiligi aňdyrýan ýaly.

Ýazgymyň şu ýerinde Bapba Gökleňiň ruhuna bagyşlanan goşgymyň birinji bölegini getirsem, ýerine düşermikä diýýän:

Köçä çyksa, köçeler kiçelerdi,
Daýaw göwrä kiçelen köçelerdi.

Pikirden beýnisi mydam hamyla,
Göwre däl-de, kelle barýar hamala!

Kelle çanak däl-de, Dünýä barabar,
Il derdinden telim ýeri ýaradar.

Ýüregine edip Dünýäni hopba,
Göterip gelýärdi köçeden Bapba.

Ädimi haýaldy, pikiri ýyldam,
Yzyndan ýetiler gör, näçe ýyldan?!


Aramyzdan gidenden soň, Bapba Gökleňiň goşgulary bilen has içgin gyzyklanyp ugradym. Dogrymy aýtsam, olardan alan täsirlerim öz goşgularyma-da geçip giden halatlarynyň bolanyny duýman galypdyryn...

Bapba Gökleňden Beki Seýtäkowyň sözleri bilen aýtsak, kolhozçynyň zähmet depderçesi ýaly, çelpek kimin kitapçajyk galdy. Sapargeldi Hanow we beýleki ýoldaşlary her näçe tagalla etseler-de, şahyryň kitaba öwrülmedik golýazmasy-da onuň köp eser döredendigine güwä geçip bilmese gerek.

Bapba az, ýöne uz ýazan şahyr. Muny islendik goşgusynyň mysalynda subut etmek bolar. "Adalatyň ýolundan, mytdyldap barýan dünýe", "Bu dünýäde dünýäniň özi ýaly çeýe bol’’ ýaly pelsepeler onuň galamyndan çykýar. Şahyryň aramyzdan gideninden bir ýyldan soň gaýtadan çap edilen "Hakykaty gömdüler..." diýip başlanýan goşgusy ýüzleý okana Gurbannazar Eziziň meşhur şygryny ýatladýan ýalydyr. Emma goşgyny ünsli okap çyksaň,onuň juda özboluşlydygyna, Bapbanyň şahyrana stiline, stilistikasyna laýyk galýändine göz ýetirip bolýar:

Bu işde ýetmezlik bilinmän durmy,
Ýatyryp gömseler boljakdy kemsiz.
Ýöne näme, ol eýesiz, eýesiz
Hakykaty ýatryp gömüp bolýarmy?


Şahyr Bapba Gökleňiň "Sergin şemal" kitapçasy
Bu bentden kapyýalaryň gowşaklygyny tapýanam bardyr. Onuň many ýüküni welin inkär etjek tapylmaz, tapylsa-da mamla däldir. Onsoňam "Sözüm köne, ruhum täze" diýen şahyryň iliň dilinde ýörgünli "eýesiz" sözüni şahyrana dolanyşyga girizişi jüpüne düşüpdir, oňa many öwüşginini şowly beripdir. Bu ussatlykdan alamat. Bu goşgynyň şahyryň "Sergin şemal" kitapçasynda ýerleşdirilen nusgasy, megerem, redaksiýanyň emri bilen "Kapitalyň höküm sürýän ýurdunda" diýlip atlandyrylmak bilen syýasatlaşdyrylypdyr. Goşgyny goşgy edýän soňky bendi-de ýok. Awtoryň ýüzüni görkezip duran şu bent ahyryn.

Şeýle tapawut "Türkmen sährasy" aýdymyna" diýen goşgusynda-da bar. Kitapçada ol "Aýdyp, türkmen aýdymçysy bolaryn" diýlip jemlenen bolsa, "Ýaşkomda’’ çap edilende "Şu aýdymy öňde-soňda ahyry Güýzüň bir gününde aýdyp solaryn". Ine, hut şu setirleriň Bapbanyň kalbyndan çykandygyna ynanmak mümkin.

"Sen ykbaldan parhly bol,
Ykbal işi köre-kör"


- diýip ýazanda-da, şahyr ýüregiňden turýar. Göräýmäge, sada setirleriň many çuňlugy, belki-de belentligi kämil poeziýanyň kepilliginiň nyşany.

Durmuşy-güzerany ýeňil bolmasa-da, käbiriniň pikir edişi ýaly, Bapba göwnüçökgünlige, terkidünýälige ýüz uran şahyr däl. Heýem "Dünýäni söýüp ýaşagyn, Ol söýgüden ganyp bolmaz" ýaly setirleri ýazan adamyň ruhubelentligine şübhelenip bolarmy?!

"Ynsan saplygy — ynsap, Ynsabym adyl sudum", "Daş etme il derdinden", "Ýol ber, halal hasaba" ine, şeýle setirlerde şahyryň durmuş çelgisini, ynsanlyk ýörelgesini görmek bolýar.

Bapba Gökleňiň çeperçilik tärlerine-de mysal baryny getirip bolar, ol köne heňden gopanda-da özüçe täze öwüşgin çaýmagyň hötdesinden gelýär;

"Gül meňiz, goýny jennet,
Bir ýara höwür boldum.
Arzuwçyl göwne medet,
Hossara höwür boldum.’’,

"Mülki ýetişen bossan,
Bossana höwür boldum."

"Kirpikleriň-seçek, gabagyň-perde".


Teswir gerekmi bu setirlere, meňzetmelere?!

Hawa, ol geçmiş nusgawy şygryýeti bilen häzirki zaman, belki-de ýewropa goşgy düzüliş usullarynyň arasynda paýapyl oklaýar. Men muny "Saklar" ýaly goşgusynyň mysalynda görýärin:

"Içini biljek däl, daşy ak kümüş,
Dilleri saýrakdyr, bogazy gamyş...",

"Öňde-soňda öz iliniň namysyn,
Sowuk başly, gyzgyn gursak är saklar."


Şahyryň pitneli hasaplanyp çap edilmedik goşgulary elimizde ýok. Ýöne olaryň ruhuna Bapba Gökleňiň şertli at bersek, "Söz bermegiňizi soraýan" goşgusy çelgi bolup biläýjek ýaly. Geliň, onuň birnäçe setirini gaýtadan okap göreliň:

"Ne manatsyz, ne mandatsyz,
Söz bermegiňizi soraýan!
Dabarasyz hiç bir zatsyz,
Söz bermegiňizi soraýan!",

Men bir hak söz diýilmeli’,

"Diýgir dilim halkyň dili" ...


Bapba söz sorasa-da, resmiler tarapyndan söz berilmedi, oňa sözi halk berdi, onuň diýgir dili halkyň dilinde sözläp, möhüm zatlary halka ýetirmegine ýol açdy. Ol köne sözler bilen täze döwre, täze ruha kybap zatlary şahyranalyk bilen aýtdy. Ýöne manatsyz, ýöne halkdan mandatly şahyr sözüni soňlamaga ýetişmedi...

Şu ýerde oňa bagyşlan goşgymyň ikinji-üçünji böleklerini getirsem, ýerine düşermikä diýýän:

2

Gelýärdi maşynly boş kelle güwläp,
Içinde şuwlaýan şemaly diňläp.

Bar küýi iňňedir simiň ujunda,
Gaýraty arkasy—puluň güýjünde.

3

Şahyra ok deýin uruldy meslik,
Kürsüde içini güldürýär peslik.

Çaknyşdy namartlyk bilen mert gaýrat,
Bapba öňe, Dünýä zyňyldy gaýrak.

Şahyr ýykylanda boldy bellisi,
Düýpli çaýkanypdyr Dünýäň beýnisi!


Hawa, Bapba Gökleňi türkmeniň uly şahyry hasaplamak, ony mynasyp hatyralamak gerek. Häzir onuň eserleriniň kitap edilip ýaýradylmagy ýanyny ýere beren türkmen poeziýasynyň ezeneginden ymykly galdyryp, ildeşlerimizde, aýratynam, ýaşlarymyzda şahyrana söze, hakykata bolan telwasy döredip, dikeldip biler.

Şahyr hakynda ýazylanlardan:

"Ýaş adam jahandan gitse, gaty gynanylýar. Aýratynam talantly, il-gün üçin köp iş edip biljek zehinler biwagt aradan çyksa, gaty gynanýarsyň. Bapba-da Gurbannazar Ezizow, Ymarat Meredow ýaly oglanlaryň hilindendi. Olar bizi gaty gynandyryp gitdiler. Bapbanyň "Erkek kişi syrdyr erkek dällere" diýen setirleri bar. Ol-dogan-garyndaşlaryny, çagalaryny, dostlaryny gowy görerdi. Wepadardy."

Ahmet Gurbannepesow, şahyr.

"Ony tanamaýanlar ýene dyzarlar: "Asyl ol näme etdi?" Ony tanaýanlar uludan dem alarlar: "Juda köp iş etdi". Köşeşiň men aýdaýyn: "Ol — şahyrdy. Goşgy bilen dünýäniň we onuň mahluklarynyň hakyky keşbini çekipdi. Ol - žurnalistdi. Pagtanyň şahsyýet kultuny duw-dagynlamaga milt edipdi. Ol adamdy. Dyza çökmäni bilmändi. Ol dostdy.

Ýöne adalat üçin senden geçip bilýärdi..."


Allaguly Ýusubow, žurnalist.

Öňki "Ýaş kommunist" gazetiniň 1992-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky sanyndan (Suraty ulaltmak üçin üstüne basyň)


Jümleleriň ikisi-de awtorlaryň öňki "Ýaş kommunist" gazetiniň 1992-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýerleşdirilen degişlilikde "Gyzylarbadyň ýaş deregi" we "Bapba bolup bolmaýar" sözbaşyly ýatlamalaryndan alyndy.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory.