Halip: “Adamyma milli gahryman diýip garaýaryn”

Andreý Sannikawyň aýaly, žurnalist Irina Halip Minskiniň sudunyň öňünde, 16-njy maý.

Minskiniň sudy jedelli prezidentlik saýlawyndan soň, 19-njy dekabrda turan köpçülikleýin protestlere gatnaşanlygy üçin prezidentlige öňki kandidat Andreý Sannikawyň aýaly, žurnalist Irina Halipe iki ýyl möhlet bilen şertli iş kesdi. Onuň öý tussaglygy ýatyryldy.

Üç gün mundan ozal, onuň adamsy bu protestleri gurnanlykda günälenip, bäş ýyl türme tussaglygýyna höküm edildi.

Žurnalist Halipi tarapdarlary şatlyk bilen garşy aldylar.

Andreý Sannikaw bäş ýyl türme tussaglygýyna höküm edildi.
Halip özüniň adamsyna guwanýandygyny aýtdy: “Men bu agyr synagyň dowamynda öz mertebämizi saklandygymyza begenýärin. Adamyma gaty guwanýaryn. Oňa milli gahryman diýip garaýaryn”.

Sannikawyň türme tussaglygyna höküm edilmegi halkara derejesinde ýiti tankytlandy. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ony syýasy tussag diýip häsiýetlendirip, Belarusyň häkimiýetlerini ony boşatmaga çagyrdy.

Hökümi okalanda Sannikaw: “Meniň garyndaşlaryma serediň” diýdi. Suddaky adamlar hem “azatlyk”, “hökümete utanç” diýip gygyryşdylar. Köp adamyň aglandygy habar berildi.

Öten ýyl çagalary goraýyş gulluklary onuň ogly, şu ýylyň 15-nji maýynda dört ýaşyna giren Danili ýetimhana berjekdiklerini aýdyp, haýbat atypdylar.

Halip indi öz ogluna seretmäge mümkinçiliginiň bardygyna şatdygyny, ýöne esasy aladasynyň adamsynyň türme hökümidigini aýdýar: “Size dogrymy aýdýaryn. Bize 10 ýyl ýa 15 ýyl türme tussaglygy berilmändigine begenýäris. Olar munuň deregine maňa öz ogluma seretmäge mümkinçilik berip, çagany ata mährinden mahrum etdiler. Meniň esasy alada edýän zadym adamyma berlen bäş ýyl türme tussaglygy. Men onuň munça ýyl türmede galmajakdygyna berk ynanýaryn”.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarusyň oppozision lideriniň aýalyna şertli iş kesildi


Halip indi näme niýetiniň bardygyny şeýle düşündirdi: “Geljekki planlarym şeýle: birinjiden, ara salym salman, adamyma hat ýazjak. Maňa bäş aýlap bu mümkinçilik berilmedi. Ikinjiden, kwartiramyň ähli gulplaryny çalyşjak. Üçünjiden, pofessional arassalaýjy topar tutup, öýümi boýdan-baş arassalatjak, näme etmeli hem bolsa, KGB-niň ysyndan dynjak. Göz öňüne bir getirip görüň, ýaşyl, gyzyl jalbarly adamlar üç aýlap meniň öýümde dilenip gezdiler”.

Öňki prezidentlik kandidatlarynyň iki kömekçisine hem duşenbe güni iş kesildi. Pawel Sewýarynetsiň erkinligi üç ýyllyk mejbury iş bilen çäklendirildi. Siarhieý Martselowa hem iki ýyl möhlet bilen şertli iş kesildi. Bularyň ikisine-de, Halipiňki ýaly, protestlere gatnaşanlykda günä bildirildi.

Sewýarynets Belarus Hristian Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň we türmedäki beýleki aktiwistleriň adyndan gürläp, şeýle diýdi: “Şu wagt ýagdaýy biziňkiden has agyr adamlar bar: Andreý Sannikaw we beýleki ýaş ýigitler. Biz olara kömek edip bilýäris. Biz olara goldaw gurnamaly. Men Hudaýa, meni goldap, maňa doga-dileg eden adamlara minnetdar”.

Sannikaw dekabrda geçen prezidentlik saýlawynda, resmi netijelere görä, sesleriň 2,5 prosente golaýyny alyp, Lukaşenkodan soň ikinji orny eýeledi.

Günbatarly synçylar saýlawlary “galplaşdyrylan” diýip häsiýetlendirdiler. Saýlawdan soň oppozisiýanyň basylyp ýatyrylmagy sebäpli, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Belarus režimiň garşysyna sanksiýa girizdiler.

“Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýip atlandyrylýan Lukaşenko Belarusy 17 ýyla golaý bäri sowet usulynda dolandyryp, ykdysadyýeti öz kontrollygynda saklap gelýär. Oppozisiýa we erken media ýol ýok.