Putin saýlawlara taýýarlanýar

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) we premýer-ministr Wladimir Putin Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda harby parada tomaşa edýär, 2011-nji ýylyň 9-njy maýy.

Orsýetde ýetip gelýän nobatdaky prezidentlik saýlawlarynyň durky gitdigiçe aýdyňlaşyp barýar. Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bolsa 2012-nji ýyldaky prezidenlik saýlawlaryna öz kandidaturasyny goýjakdygyny açyk duýdurýar.

Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasynyň 6-njy maýda Wolgograd şäherinde geçirilen mejlisinde premýer-ministr Putin çykyş edip, “Milli fronty” döretmek çagyryşyny etdi. Munuň üstesine-de ol, Wolgogradyň Ikinji jahan urşy döwründäki adyny tutup, Stalingrad diýdi.

"Men ‘Bütewi Orsýetiň’, şeýle-de beýleki syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň, aýallar we ýaşlar guramalarynyň, weteranlar guramalarynyň, şol sanda Beýik Watançylyk urşunda hem Owganystanda söweşenleriň, umuman, ýurdumyzy mundan beýläk-de berkitmek üçin bir maksada gulluk edýänleriň, biziň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyzyň has oňaýly çözgütlerini tapmak ugrunda tagalla edýänleriň bir programmanyň çäginde hereket edișini göresim gelýär. Geliň, muny ‘Orsýetiň Milli fronty’ diýip atlandyralyň” diýip, Putin çykyş etdi.

Putin bu çykyşynda dekabrda milli kanun çykaryjy organlarynyň düzümine geçiriljek saýlawlardan we geljek ýylyň martyndaky prezidentlik saýlawlaryndan öň “Bütewi Orsýet” partiýasyna “täze pikirleriň, täze teklipleriň, şeýle-de täze ýüzleriň” gerekdigini hem belledi.

Bu ädim “Bütewi Orsýet” partiýasynyň çagyryşlarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin edilene meňzeýär. Sebäbi mart aýynda regional derejede geçirilen saýlawlaryň netijelerinde “Bütewi Orsýet” özüni pes dereje görkezdi. Şeýle-de ýüze çykan galmagallar partiýanyň abraýyny belli bir dejede gaçyrdy.

Galmagallaryň arasyndan has göze ileni – bu Moskwanyň ozalky häkimi Ýuriý Lužkowyň wezipesinden çetleşdirilmegi bolsa gerek. Uzak wagtlap Orsýetiň paýtagynyň häkimi bolup oturan Lužkow korrupsiýada aýyplanyp, wezipesinden aýryldy.

Arka çykyldy

Orsýetiň premýer-ministri Wolgogradda öz çykyşyny tamamlandan soň, onuň yz ýany bilen, Kremle ýakyn kärdeşler arkalaşyklary, oba-hojalyk birleșmeleri, şeýle-de weteranlaryň guramalary Putiniň öňe süren pikirine arka çykdylar.

Fermalar we oba-hojalyk bileleşikleri birleșmesiniň prezidenti Wladimir Plotnikow şeýle çykyş etdi: "Fermerleriň adyndan men bu orta atylan ajaýyp pikiriň goldalmalydygyny çaklaýaryn. Bu ’Bütewi Orsýetiň’ gurnaýjy ornunyň düýp manysydyr. Halk hem muňa düşüner we goldar. Şonuň üçin men fermerleriň adyndan size minnetdarlygymy bildirýärin. Biz uly höwes bilen ‘Bütewi Orsýet’ partiýasynyň meýdanyny artdyrarys”.

Wologograddaky duşuşygyň ertesi, ýagny 7-nji maýda Wladimir Putin Moskwanyň eteginde Kremle ilteşikli ençeme guramalaryň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi. Olaryň arasynda “Bütewi Orsýet” partiýasynyň ýaşlar toparynyň başlygy Timur Prokopenko, şeýle-de pensionerler bileleşiginiň we owgan urşunyň weteranlar bileleşiginiň liderleri hem bardy.

Putin täze döredilen “Milli frontuň” ýolbaşçylary bilen her aýda azyndan bir gezek duşuşjakdygyny aýdýar.

Moskwada ýaşaýan syýasy analitik Grigoriý Golosowyň pikirine görä, bularyň ählisini Putiniň prezidentlik kampaniýasynyň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirip bolar.

“Eger-de olar muny amala aşyryp bilseler, dogrusy muny amala aşyryp bolmaz diýer ýaly hiç hili sebäp-de ýok, garaz, mundan soň Wladimir Putin bu “Milli front” tarapyndan, ýagny ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyny isleýän ähli orsýetliler tarapyndan prezidentlige hödürlendi diýse bolar. Bu, elbetde, ol aldawçylaryň we ogrularyň partiýasy tarapyndan kandidatlyga görkezildi diýenden telim esse gowudyr”.