Bäş gijeläp yzygiderli geçirilen howa hüjümlerinden soň hem Liwiýanyň möhüm şäherleri ugrunda barýan söweş dowam edýär.
Öten agşam Tripolide ençeme partlama sesi eşidildi. Aýdylyşyna görä, bu ýerde koalisiýanyň harby uçarlary bir ýangyç ammaryna zarba urupdyr.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, paýtagtyň golaýynda ýerleşýän şäher Tajurada hem bir harby bazada güýçli partlama bolupdyr.
Liwiýanyň resmi habar gullugy “JANA” koalision güýçleriň Tajura şäherine eden hüjüminde parahat ilatdan köp adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Emma bu habary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Çarşenbe güni giçlik Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Haled Kaim howa hüjümleriniň togtadylmagyny haýyş etdi: “Şu gün bolşy ýaly, howa hüjümleri parahat ilaty harby işgärlerden tapawutlandyranok. Milli dialoga girişilip, adaty durmuşa dolanar ýaly, howa zarbalary tizden-tiz duruzylmaly”.
Gozgalaňçylaryň elindäki şäher Misuratada keselhananyň töweregindäki etraplary hökümetiň tanklarynyň bombalanlygy habar berildi. Şaýatlar ozal halkara gýüçleriniň hüjümleri netijesinde tanklaryň bu şäheriň töwereginden çekilip gidendigini aýdypdylar.
Gündogarda strategik taýdan möhüm şäher bolan Ajdabiýada gozgalaçylar bilen Kaddafiniň güýçleriniň arasynda agyr söweşiň bolandygy bildirildi.
“Gerek bolsa dowam etdiriler”
Fransiýanyň daşary işleri ministri Alain Župpe penşenbe güni Liwiýanyň garşysyna alnyp barylýan howa urgularyny “üstünlik” diýip atlandyryp, munuň gerekli hasap edilen halatynda dowam etdiriljekdgini aýtdy.
Župpe “RTL” radiosyna beren interwiýusynda bilelikde alnyp barylýan operasiýalarda parahat ilata zyýan ýetdi diýen habaryň ýokdugyny belledi. Soň hem bu zarbalarda “diňe harby obýektler nyşana alynýar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.
“Liwiýanyň harby potensialynyň uly bölegi dargadyldy. Howa hüjümlerinden goranyş ukybyniň ählisi ýa köp bölegi zyýansyzlandyryldy. Onuň awiasiýasy hem zyýansyzlandyryldy. Uçar ýa wetolýotlar bolaýmasa, galan zat köp däl. Olaryň heniz hem atrilleriýasy bar” diýip, Župpe aýtdy.
Soňra ol şeýle diýdi: “Keselhananyň bombalanmagy bu režimiň nädereje wagşydygyny, onuň halkara jemgyýetçiligi üçin kabul ederliksizdigini görkezýär. Biz howa urgularyny dowam etdireris”.
Birleşen Ştatlaryň Liwiýa missiýasy boýunça ştab başlygy kontr-admiral Gerard Huber geçen 24 sagadyň içinde Liwiýanyň uçarlarynyň uçmaga synanyşyk etmänligini aýtdy. Onuň sözlerine görä, howa zarbalary Kaddafiniň gury ýer güýçlerine basyş etmek üçin edilýär.
Huberiň tassyklamagyna görä, geçen 24 sagadyň içinde ýaran güýçler tarapyndan 175 howa urgusy amala aşyrylypdyr. Şol urgularyň 113-ni amerikan uçarlary amala aşyrypdyr.
Türkiýäniň pozisiýasy
Waşington, öz aýtmagyna görä, bu missiýa ýolbaşçylyk etmek islänok. Şol sebäpden NATO agzalarynyň arasynda missiýa kim ýolbaşçylyk etmeli diýen çekişme barýar. Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa NATO-nyň munda esasy rol oýnamalydygy barada ylalaşypdyr. Ýöne muňa ýaranlyga agza 28 döwletiň razylygy gerek.
Türkiýe koalisiýanyň harby uçarlary Kaddafiniň güýçlerini bombalap ýörkä, NATO-nyň bu jogapkärçiligini ýa-da Birleşen Milletler Guramasynyň uçuş gadagan zonasyny döretmek kararynyň durmuşa geçirilişini öz üstüne almagy islänok.
Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly çarşenbe güni: “Liwiýa baradaky iş düzgünleri parahat ilaty goramak, ýarag embargosyny, uçuş gadagançylygyny üpjün etmek we gumanitar kömek bermek bilen çäklenmeli” diýip, duýduryş berdi.
NATO agza ýurtlaryň gämileri Kaddafiniň hökümetine garşy BMG-niň girizen ýarag embargosynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Liwiýanyň kenar ýakasynda gözegçilige başlady. Bu çärä Türkiýe-de gatnaşýar.