Fransuz generaly Napoleon Bonapart "Armiýa aşgazanynyň üstünde ýöreýär" diýipdi. Onuň mundan birnäçe ýüz ýyl öň aýdan şol sözleri XXI asyra hem degişli. Owganystanda gozgalaňçylara garşy göreşýän amerikan harbylaryny azyk-iýmit we ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek üçin bolsa, ýol gerek.
Ýaňy-ýakynlara çenli şol serişdeler Pakistanyň Karaçi şäherine gämili eltilip, soňra ýük maşynlary bilen Owganystana aşyrylardy. Emma Talyban we onuň tarapdarlarynyň şol kerwenlere öz hüjümlerini artdyranlygy sebäpli NATO beýleki tranzit ýollaryň gözlegine çykdy.
Netijede NATO häzirki döwürde Owganystanda ýerleşýän harbylaryny zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin Baltik we Gara deňizdäki portlardan başlap, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystana kömek aşyrylýan ýollara has köp üns berip başlady. Bu iki portdan ugradylýan kömekleriň geçýän ýollaryna "Demirgazyk paýlama çatrygy", başgaça aýdylanda, "Demirgazyk koridory" diýilýär.
Bu koridoryň ähmiýeti soňky döwürlerde barha artýar. Pentagonyň metbugat wekillerinden Kris Periniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, häzirki döwürde gury ýer arkaly Owganystana aşyrylýan kömekleriň 50% töweregi Demirgazygyň, ýagny Merkezi Aziýanyň üsti bilen daşalýar. Bu mundan birnäçe aý öň diňe 30%-e barabardy.
Ýangyjyň 60%-i
Bişkekde ýerleşýän žurnalist Deýrde Tynanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Pakistanda ýagdaýlaryň howpludygy göz öňünde tutulanda, bu ýoluň ähmiýetine Demirgazykdan Owganystana aşyrylýan ýangyjyň möçberinden hem göz ýetirmek mümkin.
Tynan bu hakda: "Owganystanda ýerleşýän NATO we amerikan harbylaryna ugradylýan ýangyjyň 60% töweregi demirgazykdan geçýär. Eger şol ýoluň ýapylanlygyny göz öňüne getirsek, NATO ýangyç üpjünçiliginiň 60 prosentinden mahrum bolar. Bu ýoluň ähmiýetini şundan çak etmek mümkin" diýýär.
"Demirgazyk koridory" mundan üç ýyl ozal ýola goýuldy. Bu ýoluň iki esasy punkty bar. Olardan biri Riga portundan başlap, öňki Sowet otly ýoly arkaly Orsýetiň üsti bilen Gazagystana we şol ýerden hem Özbegistanyň üsti bilen Owganystana barýar.
Ikinji ýol bolsa Gurjüstanyň Poti portundan başlap, ol ýük şol ýerden otly arkaly Azerbaýjana, ondan soňra gämiler arkaly Gazagystanyň Aktau portuna we şol ýerden hem maşynlar arkaly Özbegistanyň üsti bilen Owganystana eltilýär.
"Demirgazyk koridory" Owganystanda ýerleşýän daşary ýurtlulara kömek eltmekde hasam uly rol oýnamaga taýýarlanylýar. Sebäbi soňky ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň Nawoi regionynda ýerleşýän aeroportunda täze ýük gatnawy bazasy guruldy.
"Baza Syýasaty" atly kitabyň awtory hem-de ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleýiň aýtmagyna görä, Günorta Koreýa howa ýollary tarapyndan 2010-nji ýylyň awgust aýynda işe girizilen şol baza uçar gatnawy barha artýar.
Kuleý bu hakda şeýle diýýär: "Soňky bir ýylyň dowamynda Nawoi aeroportuna uçar gatnawlarynyň sany üç esse artdy. Muny özbek çeşmeleri habar berýärler. Şeýle-de bu aeroportuň girdejisi hem 10 esse ýokarlandy. Şunlukda bu regiona gatnaýan uçarlaryň sany barha artýar. ABŞ-nyň harbylary ugradylýan ýükleriň nireden gelip, nirä barýanlygy barada o diýen maglumat bermese-de, biz ýüküň belli bir möçberiniň şol baza arkaly aşyrylýanlgyna göz ýetirýäris".
Özbek ýoly
2010-nji ýyldan başlap Günorta Koreýa howa ýollary Koreýanyň paýtagty Seulda ýerleşýän Inçýon aeroporty bilen Milan we Brýusseliň aralygynda hepdede 7 gezek howa gatnawyny amala aşyryp, olaryň ählisi hem Nawoida durup geçýärler. Soňky döwürlerde Nawoi bilen Hindistanyň paýtagty Deli, Mumbaý, Frankfurt we Tailandyň paýtagty Bangkogyň aralygynda hem ýük daşaýan uçar gatnawlary ýola goýuldy.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen işleşýän kompaniýalaryň uly böleginiň bu aeroporty dolandyrýan Günorta Koreýanyň howa ýollary bilen kontrakta gol goýanlygy aýdylýar. Pentagonyň özi hem Nawoi aeroportundan ýük daşamak boýunça belli bir derejede peýdalanýanlygyny boýun alýar.
ABŞ-nyň harbylary bu ugurda o diýen maglumat bermekden saklanýarlar. Şol aeroportuň töwereginden maglumat almagy Özbegistanyň hökümetiniň kynlaşdyranlygy üçin garaşsyz çeşmelerden bu ugurda maglumat almak hem kyn. Emma, muňa garamazdan, synçylar Nawoinyň işläp başlamagynyň NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystanda ýerleşýän harbylaryny azyk-iýmit serişdeleri bilen üpjün etmek nukdaýnazaryndan uly goşant goşjakdygyny çak edýärler.
Beýleki tarapdan, Özbegistanyň ýük gatnawy merkezi hökmünde gaýtadan rol oýnap başlamagy Günbataryň öňünde bu ýurduň elini hem güýçlendirýär. Amerikan alymy Aleksandr Kuleýiň aýtmagyna görä, geljekede Günbataryň özüne bolan garaşlylygyndan peýdalanyp, Özbegistanyň adam hukuklary ýaly meselede Günbataryň tankytlaryna gulak asmazlygy mümkin.
Nähili ýükler?
Şeýle-de "Demirgazyk koridorynyň" beýleki uly aktýory Orsýetiň hem bu ugurda ABŞ we beýleki NATO ýurtlaryna öz aýdanyny diňletmek üçin bu ýoldan gural hökmünde peýdalanmaga synanyşmagy mümkin.
Şu güne çenli bu ýol arkaly Owganystana aşyrylýan ýükleriň diňe gumanitar serişdelerden ybarat bolanlygy aýdylýar. Emma käbir wakalardan çen tutulsa, şol ýoldan ýarag enjamlaryny geçirmek barada hem gepleşikler alnyp barylýar.
NATO-nyň ýolbaşçysynyň guramanyň operasiýalary boýunça kömekçisi Martin Howard bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, bu ýoldan geçirilýän serişdeler boýunça gelnen esasy ylalaşyk partlaýjy maddalaryň şol ýoldan geçirilmegini öz içine almaýardy. Emma biz häzirki döwürde şol sebitden geçirilýän ýükleriň sanawyna ýaraglary hem girizip bolarmy diýlen mesele boýunça gepleşikleri geçirýäris. Bu gepleşikler orsýetli we merkezi aziýaly ýolbaşçylar bilen NATO-nyň wekilleriniň arasynda geçirilýär".
Ýaňy-ýakynlara çenli şol serişdeler Pakistanyň Karaçi şäherine gämili eltilip, soňra ýük maşynlary bilen Owganystana aşyrylardy. Emma Talyban we onuň tarapdarlarynyň şol kerwenlere öz hüjümlerini artdyranlygy sebäpli NATO beýleki tranzit ýollaryň gözlegine çykdy.
Netijede NATO häzirki döwürde Owganystanda ýerleşýän harbylaryny zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin Baltik we Gara deňizdäki portlardan başlap, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystana kömek aşyrylýan ýollara has köp üns berip başlady. Bu iki portdan ugradylýan kömekleriň geçýän ýollaryna "Demirgazyk paýlama çatrygy", başgaça aýdylanda, "Demirgazyk koridory" diýilýär.
Bu koridoryň ähmiýeti soňky döwürlerde barha artýar. Pentagonyň metbugat wekillerinden Kris Periniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, häzirki döwürde gury ýer arkaly Owganystana aşyrylýan kömekleriň 50% töweregi Demirgazygyň, ýagny Merkezi Aziýanyň üsti bilen daşalýar. Bu mundan birnäçe aý öň diňe 30%-e barabardy.
Ýangyjyň 60%-i
Bişkekde ýerleşýän žurnalist Deýrde Tynanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Pakistanda ýagdaýlaryň howpludygy göz öňünde tutulanda, bu ýoluň ähmiýetine Demirgazykdan Owganystana aşyrylýan ýangyjyň möçberinden hem göz ýetirmek mümkin.
Tynan bu hakda: "Owganystanda ýerleşýän NATO we amerikan harbylaryna ugradylýan ýangyjyň 60% töweregi demirgazykdan geçýär. Eger şol ýoluň ýapylanlygyny göz öňüne getirsek, NATO ýangyç üpjünçiliginiň 60 prosentinden mahrum bolar. Bu ýoluň ähmiýetini şundan çak etmek mümkin" diýýär.
"Demirgazyk koridory" mundan üç ýyl ozal ýola goýuldy. Bu ýoluň iki esasy punkty bar. Olardan biri Riga portundan başlap, öňki Sowet otly ýoly arkaly Orsýetiň üsti bilen Gazagystana we şol ýerden hem Özbegistanyň üsti bilen Owganystana barýar.
Ikinji ýol bolsa Gurjüstanyň Poti portundan başlap, ol ýük şol ýerden otly arkaly Azerbaýjana, ondan soňra gämiler arkaly Gazagystanyň Aktau portuna we şol ýerden hem maşynlar arkaly Özbegistanyň üsti bilen Owganystana eltilýär.
"Demirgazyk koridory" Owganystanda ýerleşýän daşary ýurtlulara kömek eltmekde hasam uly rol oýnamaga taýýarlanylýar. Sebäbi soňky ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň Nawoi regionynda ýerleşýän aeroportunda täze ýük gatnawy bazasy guruldy.
"Baza Syýasaty" atly kitabyň awtory hem-de ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleýiň aýtmagyna görä, Günorta Koreýa howa ýollary tarapyndan 2010-nji ýylyň awgust aýynda işe girizilen şol baza uçar gatnawy barha artýar.
Kuleý bu hakda şeýle diýýär: "Soňky bir ýylyň dowamynda Nawoi aeroportuna uçar gatnawlarynyň sany üç esse artdy. Muny özbek çeşmeleri habar berýärler. Şeýle-de bu aeroportuň girdejisi hem 10 esse ýokarlandy. Şunlukda bu regiona gatnaýan uçarlaryň sany barha artýar. ABŞ-nyň harbylary ugradylýan ýükleriň nireden gelip, nirä barýanlygy barada o diýen maglumat bermese-de, biz ýüküň belli bir möçberiniň şol baza arkaly aşyrylýanlgyna göz ýetirýäris".
Özbek ýoly
2010-nji ýyldan başlap Günorta Koreýa howa ýollary Koreýanyň paýtagty Seulda ýerleşýän Inçýon aeroporty bilen Milan we Brýusseliň aralygynda hepdede 7 gezek howa gatnawyny amala aşyryp, olaryň ählisi hem Nawoida durup geçýärler. Soňky döwürlerde Nawoi bilen Hindistanyň paýtagty Deli, Mumbaý, Frankfurt we Tailandyň paýtagty Bangkogyň aralygynda hem ýük daşaýan uçar gatnawlary ýola goýuldy.
NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen (sagda) Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow bilen NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda duşuşýar, 24-nji ýanwar 2011-nji ýyl.
Nawoi aeroportunyň Web sahypasynda çap edilen maglumatdan çen tutulsa, şu ýyldan başlap, bu aeroport bilen Stambul, Dubaý, Almaty we Bangladeşiň paýtagty Dakkanyň aralynda hem uçar gatnawlary ýola goýlar. ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen işleşýän kompaniýalaryň uly böleginiň bu aeroporty dolandyrýan Günorta Koreýanyň howa ýollary bilen kontrakta gol goýanlygy aýdylýar. Pentagonyň özi hem Nawoi aeroportundan ýük daşamak boýunça belli bir derejede peýdalanýanlygyny boýun alýar.
ABŞ-nyň harbylary bu ugurda o diýen maglumat bermekden saklanýarlar. Şol aeroportuň töwereginden maglumat almagy Özbegistanyň hökümetiniň kynlaşdyranlygy üçin garaşsyz çeşmelerden bu ugurda maglumat almak hem kyn. Emma, muňa garamazdan, synçylar Nawoinyň işläp başlamagynyň NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystanda ýerleşýän harbylaryny azyk-iýmit serişdeleri bilen üpjün etmek nukdaýnazaryndan uly goşant goşjakdygyny çak edýärler.
Beýleki tarapdan, Özbegistanyň ýük gatnawy merkezi hökmünde gaýtadan rol oýnap başlamagy Günbataryň öňünde bu ýurduň elini hem güýçlendirýär. Amerikan alymy Aleksandr Kuleýiň aýtmagyna görä, geljekede Günbataryň özüne bolan garaşlylygyndan peýdalanyp, Özbegistanyň adam hukuklary ýaly meselede Günbataryň tankytlaryna gulak asmazlygy mümkin.
Nähili ýükler?
Şeýle-de "Demirgazyk koridorynyň" beýleki uly aktýory Orsýetiň hem bu ugurda ABŞ we beýleki NATO ýurtlaryna öz aýdanyny diňletmek üçin bu ýoldan gural hökmünde peýdalanmaga synanyşmagy mümkin.
Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew (çepde) NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen duşuşýar, Brýussel, 2010-njy ýylyň 12-nji fewraly.
Şol bir wagtyň özünde "Demirgazyk ýolunyň" giňeldilmeginden peýdalanýan ýurtlardan biri hem Türkmenistandyr. Sebäbi häzirki döwürde Demirgazykdan Owganystana eltilýän kömekleriň 60% töwereginiň ýangyçdan ybaratdygy aýdylýar. Şol ýangyjyň uly bölegi bolsa Türkmenistandan eltilýär. Şu güne çenli bu ýol arkaly Owganystana aşyrylýan ýükleriň diňe gumanitar serişdelerden ybarat bolanlygy aýdylýar. Emma käbir wakalardan çen tutulsa, şol ýoldan ýarag enjamlaryny geçirmek barada hem gepleşikler alnyp barylýar.