ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Fransiýanyň paýtagty Parižde Liwiýanyň esasy oppozision toparynyň wekili bilen gepleşik geçirdi. Şol topar Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä garşy halkara jemgyýetçiliginiň goldawyny gazanmaga synanyşýar.
Bu duşuşyk Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek meselesine bagyşlanar diýlip garaşylýardy. Emma Pariž myhmanhanasynda bolan duşuşykdan soňra, liwiýaly wekil Mahmod Jibril we Hillary Klinton bu meselede haýsydyr bir çözgüdiň tapylandygyny aýtmadylar.
Klintonyň ýakyn ýarany Filip Reýnz žurnalistlere beren maglumatynda bu duşuşygyň “hususy hem-de dostlukly” ýagdaýda geçenligini aýtdy.
Duşenbe güni giçlik Klinton “G-8” toparyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen hem duşuşyp, Fransiýa bilen Britaniýa tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine teklip edilen Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek meselesi hakda pikir alyşdy.
Teklip edilen şol rezolýusiýa parahat ilaty we oppozision toparlaryň agzalaryny goramak maksady bilen Kaddafiniň uçarlarynyň NATO we ABŞ tarapyndan urlup ýykylmagy ýaly maddalary öz içine alýar. Emma bu teklibiň kabul edilen halatynda hem onuň amala aşyrylmagy we Liwiýanyň howa giňişligine gözegçilik edilmegi uçin ýüzlerçe uçar gerek bolar.
”G-8” toparyna girýän ýurtlaryň wekilleriniň arasynda duşuşyklar dowam edýärkä, 15-nji martda Hillary Klinton Müsüre sapar etdi. Müsürden soňra onuň Tunise barmagyna garaşylýar.
Kaddafiniň harbylarynyň güýji
Bu tagallalar dowam edýärkä, Kaddafiniň harbylarynyň ýurduň günbatarynda ýerleşýän Zawara şäherini oppozisiýanyň elinden gaýdyp basyp alanlygy barada maglumat gelip gowuşdy. Bu oppozision güýçler tarapyndan eýelenen ilkinji şäherlerden biridi.
Eger bu habar tassyklansa, ol Kaddafiniň paýtagt Tripoli bilen Tunisiň aralygyndaky ýerlerde öz kontrollygyny berkidenligini aňladar. Kaddafiniň tarapyny tutýan harbylar ýurduň gündogarynda basylyp alnan ýerleri gaýdyp almak barada hem tagallalaryny dowam etdirýärler.
Region boýunça amerikan synçysy Jefri Waýtyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Kaddafiniň harbylary ýurduň gündogarynda ýerleşýän etraplaryna çuň aralaşdygyça, onuň öz esgerlerini azyk-iýmit we ýarag bilen üpjün etmesi kynlaşar.
“Häzir Kaddafiniň güýçleriniň ýagdaýy belli bir derejede amatly, emma olaryň bu güýjüni gorap bilip-bilmejegini wagt görkezer. Ol öz harbylary bilen bilelikde belli bir derejede üstünlik gazandy. Emma esasy kynçylyk öňde” diýip, Waýt aýdýar.
Soňra ol şeýle diýýär: “Kaddafi oppozisiýanyň gözegçiligindäki Misurata etrabynda o diýen iş etmedi. Şol şähere girmek barada käbir tagallalar edildi, emma şol synanyşyklar başa barmady. Kaddafi öz harbylaryny Liwiýanyň gündogar etraplaryna iberýär. Netijede olaryň bu güýjüni goramagy barha kynlaşsa gerek we oppozisiýanyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, olar üçin gündogary kontrolda saklamak aňsat bolar”.
Halkara garaýyşlar tapawutly
Şol bir wagtyň özünde-de Britaniýadyr Fransiýa tarapyndan teklip edilýän we Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek baradaky mesele 15-nji martda “G-8” toparynyň wekilleriniň arasynda Parižde geçirilen gepleşikleriň gün tertibiniň esasy üns merkezinde boldy. Emma habarlardan mälim bolşuna görä, “G-8” toparynyň agzalary Liwiýa garşy harby çäre görmek baradaky bu teklibi goldamakdan çeke durup, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine galdyrmaga synanyşýarlar.
Emma Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň bu ugurdaky garaýşy biri-birinden tapawutly. Orsýet bilen Hytaý harby çäräni doly goldamaýar. Germaniýa bilen ABŞ hem bu ugurda dürli şübheleri öňe sürýärler. Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Juppe 15-nji martda eden çykyşynda “G-8” toparyna girýän ýurtlaryň wekilleriniň ählisini uçuş gadaganlygyny girizmäge razy etmegi başarmanlygyny aýtdy.
“Häzirki döwürde men ”G-8” toparyna girýän hyzmatdaşlyrymyzy razy etmegi başarmadym. Bu tagallanyň başyny Fransiýa bilen Britaniýa çekýär. Şu mahal ýagdaý nähili? Kaddafi utuş gazanýar. Eger biz geçen hepde käbir aeroportlary we Kadafiniň uçarlaryny weýran eden bolsadyk, oppozisiýa bu günki ýagdaýynda bolmazdy” diýip, Fransiýanyň daşary işler ministri aýtdy.
Fransiýanyň wekili güýç ulanylmasa, Kaddafiniň güýçleriniň Bengazi şäherini gaýtadan eýelemeginiň öňüni alyp bolmajagyny hem belledi.
Arap Ligasynyň ýolbaşçysy Amr Mosa bolsa parahat ilaty goramak maksady bilen BMG-ni Liwiýanyň režimine garşy ýurduň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmäge çagyrdy. Emma agzalýan topar Liwiýa daşary ýurt harbylarynyň iberilmegine garşy çykýar.
Mosa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşarky gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Katrrin Aşton duşenbe güni duşuşyp, Afrika Bileleşiginiň, Arap Ligasynyň we ÝB-niň arasynda geçiriljek nobatdaky ýygnakda uçuş gadaganlygyny girizmek meselesiniň ýygnagyň gün tertibine giriziljekdigini bellediler. Bu sammitiň geçirilmeli güni bolsa henize çenli kesgitlenenok.