11-nji martda Ýaponiýada bolan güýçli ýer titremeden soň, Fukuşima ýadro kompleksinde bolan partlamalar hem ýangynlar zerarly zawodyň töweregindäki ýerlerde radiasiýanyň derejesi adam saglygyna howp salyp biljek derejä ýetdi. Bu ýagdaý hem Ýaponiýanyň içinde hem daşary ýurtlarda atom howpy bilen bagly howatyrlanmalaryň artmagyna getirdi.
Ýapon resmileriniň beren maglumatlarynda “Fukusimo Daiçi” atom zawodynda bolan üçünji partlamadan soň, radiasiýanyň derejesiniň ep-esli ýokarlanandygy aýdylýar. Zawodyň ýene bir atom reaktorynda ýangynyň emele gelendigi habar berildi.
Radiasiýanyň şeýle möçberdäki derejesiniň bolsa adamyň saglygyna zeper ýetirmäge ýeterlikdigi aýdylýar. Atom zawodyndaky bu apata geçen anna güni, 11-nji martda, bolan güçli ýer yranma we onuň netijesinde emele gelen sunami tolkunlary sebäp boldy.
Bu tebigy betbagtçylygyň netijesinde müňlerçe adamyň heläk bolandygy çaklanýar. Halka ýüzlenip, telewideniýede eden çykyşynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan Fukuşima ýadro kompleksinden 20 kilometr uzaklykda ýaşaýan adamlaryň başga ýerlere göçürilmelidigini, kompleksden 20-den 30 kilometr uzaklykda ýaşaýan 140 müňe golaý adamyň bolsa öýlerinde galmalydygyny aýtdy.
“Zaýa bolan reaktorlardan çykýan radiasiýanyň derejesi ýokary ýaly bolup görünýär. Radioaktiw maddalaryň mundan beýläk hem daşaryk ýaýramak töwekgelligi ýokary bolup galýar” diýip, Ýaponiýanyň premýer-ministri nygtady.
Bütindünýa saglyk guramasy ýapon häkimiýetleriniň ýerli ilaty radiasiýanyň zyýanyndan goramak üçin zerur bolan çäreleri amala aşyrýandygyny mälim etdi.
Howp ýokarlanýar
15-nji martda irden Tokiodan 250 km uzaklykda ýerleşýän atom kompleksinde 2-nji reaktoryň partlamagy bilen, zäherli radiasiýanyň uly möçberde atmosfera ýaýrandygy habar berildi. Bu wakadan soň Fukuşima atom kompleksiniň 4-nji reaktorynda ýüze çykan ýangyn hem radiasiýanyň howa ýaýramak howpuny ýokarlandyrdy.
Soňky wakalar bilen bagly Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň sekretary Ýukio Edano çykyş edip, radioaktiw şöhläniň derejesiniň adamyň saglygyna zyýan edip biljek derejä ýetendigini boýun aldy. Ol: “Radiasiýanyň derejesiniň adamalara ýaramaz täsir edip biljekdigi şübhesiz” diýdi.
Bu çykyşyndan soň, Ýukio Edano radiasiýanyň derejesiniň pese düşendigini, 4-nji reaktordan radioaktiw şöhläniň çykmaýandygyny aýtdy. Ýöne ýaponiýanyň ýokary derejeli resmisi “Atom kompleksiniň 5-nji hem 6-njy reaktorlarynyň sowadyş sistemalary işlemeýäne meňzeýär” diýen howatyrlandyryjy habary köpçülige ýetirdi.
Fukuşima atom kompleksiniň işgärleri radiasiýanyň howa ýaýramagynyň öňüni almak üçin reaktorlary deňiz suwy bilen sowatmaga synanyşýarlar.
Anna güni bolan weýrançylykly ýer yranmasy we äpet sunamiden soň, Fukuşimada sowadyş sistemalaryna zeper ýetip, iki reaktorda partlama boldy. Reaktorlaryň birinde 12-nji martda, beýlekisinde 14-nji martda partlama emele geldi.
Halkara aladalar
Bu wakalar bilen baglanyşykly dünýäniň dürli ýurtlarynyň häkimiýetleri Ýaponiýadan öz raýatlaryny çykarmak ugrunda hereket edýärler. Mysal üçin, Eýranyň öz raýatlaryny Ýaponiýadan çykarmak maksady bilen ýörite awiareýsleri gurnap, studentler hem olaryň maşgala agzalary üçin bilet satyn almaga ýeňillikleri girizendigi habar berilýär.
Hytaý bolsa radiasiýanyň regionda ýaýramagyndan howatyrlanyp, Tokio uçýan hemme reýsleri ýatyrandygyny habar berdi. Şol bir wagtda-da Hytaý Ýaponiýadaky ýagdaýa ýakyndan syn edýändigini mälim etdi.
Orsýet Uzak Gündogarda radiasiýanyň derejesine gözegçilik edýändigini, häzirlikçe onuň derejesiniň kadalydygyny habar berdi. Emma “Interfaks” habar gullugy, rus harbysyna salgylanyp, zerur bolan ýagdaýda harbylaryň ilaty ewakuasiýa etmäge taýýarlyk derejesine getirilendigini habar berdi.
Ýurduň betbagtçylykdan ejir çeken demirgazyk-gündogar etraplarynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Şu gün resmi taýdan berlen maglumatda ýer titreme hem sunami heläkçiliklerinde ölen adamlaryň sany 2,800-e golaý diýilse-de, heläk bolanlaryň sanynyň 10 müňden gowrakdygy çaklanýar. Millionlarça adam bolsa sowuk howada ýyladylmaýan jaýlarda, suwsuz, ýeterlik azyksyz çydam etmäge mejbur. Ýüzlerçe müň adamyň-da düýpden öýsüz-öwzarsyz galandygy aýdylýar.
Hökümet agzalary bolsa, Ýaponiýanyň premýer-ministri Kanyň atlandyrmagyna görä, Ikinji jahan urşundan soňky iň weýrançylykly betbagytçylygyň ýapon ykdysadyýetine ýetiren zyýanynyň hasabyny çykarmaga girişdiler.