Wideo: 14-nji martda Ýaponiýanyň Fukuşima ýadro desgasyndaky No.3 reaktorda "wodorod partlamasy" boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýapon häkimiýetleri ýadro desgasy Fukuşimada üçünji partlamanyň öňüni almak üçin gerekli çäreleri görýärler.
Bu ýerde anna güni bolan weýrançylykly ýer yranmasy we äpet sunamiden soň, sowadyş sistemalaryna zeper ýetip, iki reaktorda partlama boldy.
Ýurduň premýer-ministri Naota Kan şu gün bu ýadro toplumyndaky ýagdaýyň adamy aladalandyrýandygyny, zyýanyň ýaýramazlygy üçin inženerleriň elde baryny edýändiklerini aýtdy. Hökümet: “Radioaktiw şöhläniň ýaýramak howpy ýokary däl” diýip, adamlary köşeşdirmäge synanyşýar.
“Wodorod partlamasy”
Gowuşan habarlarda az-kem radiasiýanyň ýaýrandygy, ýeliň ugrunyň hem şu gün paýtagt Tokio tarapdygy aýdylýar. Ýöne ýurduň Meteorologik gullugy: “Ýeliň tizligi ýokary däl, ýaýran radiasiýadan paýtagta zyýan ýetmez” diýýär.
Ýadro komplekti Fukuşimada şenbe güni bolan partlama 1-nji reaktoryň depesini dargatdy. Bu ýerdäki alty reaktoryň altysynyň-da işi ýer yranmasynda ýatdy. Ýöne sunami sebapli elektrik kesilip, sowadyş sistemasy işden galansoň, ýangyç elementleri sowatmak kynlaşdy. Onsoň ätiýaç üçin goýlan batareýalardan peýdalanyldy.
Hökümet Kabinetiniň sekretary Ýukio Edanonyň äýtmagyna görä, şu gün 3-nji reaktordaky partlama batareýa gutaryp, häkimiýetler ýangyç sterženlerini sowatmak üçin desganyň içine deňiz suwuny goýberende bolupdyr.
“Bu partlama hem 1-nji reaktorda bolan partlama ýaly diýip, pikir edilýär. Biz desganyň 20 kilometrlik töweregindäki ilat göçürilmeli diýip, perman çykarypdyk. Indi hem bu ewakuasiýa işleri bilen meşgul adamlara derrew jaýa giriň diýdik” diýip, Edano aýtdy.
Tokionyň “Electric power” kompaniýasynyň sözçüsi Kaoro Ýoşida 3-nji reaktordaky partlamany “wodorod partlamasy” ýaly diýip suratlandyrdy: “Öýleden öň sagat 11:01-de 3-nji reaktordan gaty ses eşidilip, ak tüsse çykdy. Biz bu bir wodorod partlamasy diýip pikir etdik”.
Iň erbet zat...
Atom energiýasy boýunça halkara agentlik iki reaktoryň daşyndaky galyba zyýan ýetendir öýdenok. Beýle bolan ýagdaýynda bu 1986-njy ýylda Çernobylda bolan ýadro betbagtçylygyna deňeçer betbagtçylyga getirmeli.
Fukuşima ýadro desgasynda üçünji partlama bolmagy we ýangyç sterženleriniň eremegi mümkin diýen gorky 2-nji reaktoryň sowadyş sistemasy işden galansoň döredi.
Ýurduň betbagtçylykdan ejir çeken demirgazyk-gündogar etraplarynda gözleg we halas ediş işleri dyngysyz dowam edýär. Şu gün 2,000 töweregi jesediň tapylmagy bilen heläk boldy diýip, resmi taýdan berlen adam sany 2800-den agdy. Ýöne häzirlikçe on müňlerçe adamdan derek ýok. Bir şäherde dereksiz ýitenleriň sany 18 müň diýlip görkezilýär.
Bu tebigy betbagtçylyk sebäpli Ýaponiýa ykdysady taýdan hem agyr ýagdaýa düşdi. Maýa goýujylar ýapon kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyota” we “Honda” ýaly halkara kompaniýalaryň-da, agyr zyýan çekmeginden gorkýarlar.