Şu gün Ýaponiýada ýer yranyp, ýurduň demirgazyk-gündogarynda agyr betbagtçylyga getirdi. Gowuşýan habarlarda güýji 8,9 bala barabar bolan bu ýer titremesiniň netijesinde turan sunami sebäpli sil suwunyň jaýlary, maşynlary we gaýyklary syryp-süpürip äkidenligi aýdylýar.
Heläk bolanlaryň sany 60-dan ýokary diýilse-de, weýrançylygyň möçberi we sunami göz öňünde tutulyp, ölenleriň sany mundan has ýokary bolup çykar diýlip çak edilýär. Häkimiýetler belentligi 10 metr çemesi tolkunlaryň kenara gelip urulmagy mümkin diýip, halky beýik ýerlerde galmaga çagyrdylar.
Premýer-ministr Naoto Kan telewideniýede eden çykyşynda adamlary köşeşdirmäge synanyşyp, ýer yranmasyndan ejir çekenlere gyssagly kömek üçin ençeme merkeziň döredilendigini aýtdy. Ol şeýle hem ýurduň atom elektrostansiýalaryndan daşyna şöhle çykmandygyny aýdyp, halky arkaýynlaşdyrdy.
Takyman 400 kilometr günortada ýerleşýän Tokioda hem belent jaýlar yrandy. Ýaponiýanyň milli telekanaly NHK öz studiýalarynyň nähili titreýandigini görkezdi. “Men bu habary Tokiodaky NHK World studiýasyndan ýetirýärin. Ozal aýdyşym ýaly, şu sagadyň dowamynda bolan titremeden soň studiýanyň yşyklarynyň yranýandygyny görýäris” diýip, NHK telenakalynyň habarçysy aýtdy.
Tokioda ençeme jaýa ot düşdi, otlular hereketden galdy, şäheriň esasy uçar meýdany ýapyldy. Paýtagt we onuň töwereginde 4 million jaýyň elektriksizdigi habar berildi. Atom elektrostansiýalary we nebit arassalaýjy kärhanalaryň ençemesi ýapyldy.
Hökümetiň sözçüsi ýurduň ýer yranmadan ejir çeken regionlaryna halas ediş işlerine kömek üçin esgerleriň iberilýändigini aýtdy. Birleşen Milletler Guramasy hem gözleg we halas ediş işlerine kömek üçin 30 sany halkara toparynyň Ýaponiýa barmaga taýyndygyny habar berdi.
Amerikanyň Gawaý ştatynda ýerleşýän “Ýuwaş okean sunami duýduryş merkezi” Ýuwaş okean regiony, şol sanda Orsýet, Taýwan, Filippin, Indoneziýa, Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlara sunami howpy barada duýduryş ýaýratdy.
Bu regionlarda hökümetler adamlary deňiz ýakasyndaky etraplardan çekilmäge çagyrdylar. Gonolulyda Gawaý ştatynyň graždan goranyş edarasynyň bir işgäri “bu bir çynlakaý howp” diýdi: “Bu sunami O’ahunyň deňiz ýaka etraplarynyň ählisine çynlakaý howp. O’ahuda sunami ewakuasiýa zonasynda ýaşaýanlar, telefon kitabynyň “Ak sahypalarynda” berlen kartada bellenişi ýaly, sirena sesi eşidilen badyna ewakuasiýa başlamaly. Sirena eýýäm signal berdi. Siz indi derrew çykmaly”.
Prezident Medwedew telewideniýede eden çykyşynda: “Orsýetde adam heläkçiliginiň we beýleki weýrançylyklaryň öňüni almak üçin hökümet ähli çäreleri görmeli” diýdi. Ol şeýle hem goňşy ýurtlara kömek gerek bolan halatynda Orsýetiň bu kömegi berjekdigini bildirdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Wideo: Ýaponiýadaky tebigy betbagtçylykdan pursatlar