Eýran: eks-prezident Rafsanjany wezipesini elden berdi

Eýranyň öňki prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjany

Sişenbe güni Eýranyň öňki prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjany “Ekspertler ýygnagyna” ýolbaşçylyk wezipesini elden berdi.
“Ekspertler ýygnagy” ýurduň ýokary ýolbaşçysyny wezipä bellemäge we wezipeden boşatmaga hukukly döwlet organy. Rafsanjany kandidatlykdan çekilensoň, bu ýygnagyň ýolbaşçylygyna 80 ýaşly konserwatiw ruhany Aýatolla Mohammad Reza Mahdawi Kani saýlandy.

“Aýatolla Mohammad Reza Mahdawi Kani bu jogapkärçiligi kabul etmäge taýyn bolsa, men aratapawutlardan dynmak we bu mukaddes organa menden zyýan ýetmez ýaly öz kandidaturamy hödürlemerin” diýip, Rafsanjany aýtdy.

Şeýlelikde ýeke-täk kandidat Kani agzalaryň 63-niň sesini aldy. Bu ýarawsyz ruhany oppozisiýanyň tarapdary hasaplanmaýar. Onuň bu wezipä saýlanmagyny konserwatiw media gutlady. Sişenbe günüdäki ýygnakda onuň ozi ýokdy.

Nýu Ýorkda ýaşaýan analizçi Majid Mohammadiniň pikiriçe, Rafsanjanynyň syýasy karýerasynyň şunuň bilen tamamlanmagy mümkin: “Bu 1980-nji ýyllarda Yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýatolla Homeýniden soň, 1990-njy ýyllarda hem Hameneýiden soň, ýurtda ikinji iň güýçli adam hasaplanan Haşeminiň syýasy işleriniň soňlanandygyny aňladýar”.

Rafsanjany soňky hepdelerde ony bu wezipeden aýyrmak isleýän konserwatiwler tarapyndan gysyş astyna alyndy. Rafsanjany reformaçy oppozisiýa aşa ýakyn durýanlykda tankytlandy. Şol sebäpden sişenbe günüdäki waka oppozisiýa üçin öňegidişlik hasaplanyp bilinmez.

“Ýaşyl hereket üçin bu oňaýly zat. Sebäbi ol indi karar çykaryjylarynyň sany azalan bir düzgün bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol şol bir wagtyň özünde-de hiç kime, hatda Rafsanjana-da el urmakdan çekinmeýän bir režim bilen iş salyşmaly” diýip, Waşington institutynyň ýokary derejeli ylmy işgäri Mehdi Halajy aýdýar.

Tankydy pikirli

Rafsanjany 2009-njy ýylda Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagyna getiren ses berişlikden soň turan protestleriň hökümet tarapyndan zorlukly basylyp ýatyrylmagyny tankytlan adam. Ol saýlawlarda hem oppozisiýanyň kandidaty, “Ýaşyl hereketiň” başlygy Mir Hossein Musewini gytaklaýyn goldady. Mundan bașga-da, Rafsanjany häkimiýetleri syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdy.

Akbar Haşemi Rafsanjany “Ekspertler ýygnagyna” 2006-njy ýylda girip, 2007-nji ýylda hem bu ýygnagyň ýolbaşçylygyna saýlandy. Ýokary ýolbaşçyny wezipeden boşatmaga hukukly bolsa-da, “Ekspertler ýygnagynyň” 1983-nji ýylda gurlaly bäri çykaran möhüm bir syýasy karary ýok.

Soňky hepdelerde Rafsanjanynyň maşgala agzalary-da basyş astyna düşdi. Onuň ogly Mohsen öten hepde Tähran metrosynyň ýolbaşçylyk wezipesinden boşadyldy. Beýleki ogly Mehdi häzir Britaniýada sürgünlikde ýaşaýar. Eýrana dolanan ýagdaýynda onuň tutuljakdygy aýdylýar. Ýaňy “YouTube” saýtynda peýda bolan bir wideoda bir topar adam Rafsanjanynyň gyzy Faezä sögüp, “Haşemä ölüm” diýip gygyryşýarlar.

Öňki deputat Faezeh oppzision protestlere gatnaşanlygy üçin ençeme gezek tussag edildi.

Rafsanjany “Ekspertler ýygnagynyň” agzasy bolup galýar. Bu 76 ýaşly gurply ruhany 1989-njy ýyldan 1997-nji ýyla çenli Eýrana prezidentlik etdi. Ol 2005-nji ýylda ýene prezidentlige dalaş edip, ikinji tapgyrda Ahmedinejatdan ýeňildi.

Prezidentkä Rafsanjany Günbatar bilen dostlukly gatnaşyklaryň dikeldilmeginiň tarapyny çaldy. Ol prezidentlikden öň, 1980-nji ýyldan 1989-njy ýyla çenli, parlamentiň başlygydy.