Fransiýanyň öňki prezidenti Žak Şirak sud jogapkärçiligine çekilýär. Fransiýada öňki prezidentiň suda çekilmegi Ikinji jahan urşundan bärde bolan iş däl.
Duşenbe güni Parižde korrupsiýada aýyplanýan 78 ýaşly Žak Şiragyň üstünden sud prosesi başlandy.
Fransiýanyň öňki prezidentine paýtagtyň şäher häkimikä öz partiýasy üçin işleýän adamlara iş orunlaryny paýlap, şäher hazynasyndan pul tölänlikde günä bildirilýär. Bu adamlara tölendi diýlip görkezilen pullar aslynda onuň öz partiýasyna gidipdir.
Şirak 1995-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli prezident hökmünde eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalandy, șol sebäpli ol sud jogapkärçiligine çekilmedi. Indi Șirak bilen birlikde ýene 9 adama sud prosesi garaşýar. Olar 8-nji martda suduň oňünde jogap bererler.
Öňki prezident edilen bu çykdajylaryň şäher geňeşi tarapyndan öňünden planlașdyrylanlygyny, işe alnan adamlaryň hem hemmesiniň kanuny ýagdaýda Pariž şäherine gulluk edendigini aýdyp, özüne bildirilýän günäleri ret edýär.
Günäli tapylan ýagdaýynda Şiraga 10 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar. Ol şeýle hem 150 müň ýewro jerime tölemeli bolar. Ýöne onuň ýaşy we halk tarapyndan belli bir derejede sylanýandygy üçin “türmä salynmak ähtimallygy uly däl” diýilýär.
Saglyk ýagdaýy sorag astynda
Şiragyň özi saglyk taýdan sud prosesine gatnașmaga çydarlyk ýagdaýynyň barlygyny aýtsa-da, mediada berilýän habarlarda onuň saglyk ýagdaýy sorag astyna alynýar. Onuň aýaly hem onuň alzheimer keseli bar diýilýän myş-myşlary “ýalan” diýip ret edýär.
Şirak ýaňy ýanwar aýynda fransuz telekanalyna: “Meniň ýagdaýym gaty gowy, sag boluň. Size-de șeýle oňat saglygy arzuw edýärin” diýdi. Ol 6-njy martda hem ýagdaýynyň bolmalysy ýaly oňatdygyny aýtdy.
Prosesiň ençeme aýlap yza süýşürilmegi mümkin. Sebäbi, bu prosesde iki işe garalýar. Şiragyň öňki kömekçisi, onuň bilen birlikde sud edilmeli Remy Çardon bu iki işiň birikdirilmegi kanuna ters diýip, protest bildirdi.
Sud edilmeli adamlaryň ýene biriniň aklawçysy hem bu aýyplamalaryň käbiriniň könelişendigini aýdyp: “Bular barada sudda diňlenişik bolmaly däl” diýýär.
Galyberse-de, Şiragyň partiýasy Parižiň şäher häkimligine şol döwürde bu işler üçin çykdajy edildi diýip çaklanýan puly, 2,2 million ýewrony, gaýtaryp berdi.
Proses nähili tamamlansa-da, ol Şiragyň syýasy mirasyna abraý getirjek zat däl. Şirak Ikinji jahan urşundan bärde Franisýada sud edilýän ilkinji prezident. Ýurda dönüklikde aýyplanyp, ozal sud edilen Fransiýanyň nasistler bilen hyzmatdaşlyk eden režiminiň baştutany Marşal Filip Petaindy.
Şiragyň sud prosesiniň onuň oruntutary we onuň goldawyndan peýdalanan häzirki prezident Nikola Sarkozä hem zyýan ýetirmegi mümkin.