Liwiýanyň gündogarynda söweş boldy

Hökümete garşy söweşijiler “Brega şäheri rewolýusiýanyň kontrollygynda” diýip, yglan etdiler, 2-nji mart.

Liwiýanyň gündogarynda ýerleşýän Maras El Brega şäherinde söweşleriň täzeden tutașandygy habar berilýär. Muammar Kaddafä wepaly güýçler özleriniň bu ýerde nebit eksporty üçin möhüm gämi duralgasyny ele alandyklaryny aýtdylar. Emma ondan soň hökümete garşy söweşijiler hem bu ýeri özleriniň eýeländiklerini öňe sürdüler.

Oppozisiýanyň kontrollygyndaky gündogar Liwiýada Kaddafä garşy üç harby çeşme Maras El Bregada Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçler bilen hökümete garşy güýçleriň arasynda söweş bolandygyny tassyklady.

Maras El Breganyň golaýynda ýerleşýän Ajdabiýa şäherindäki hökümete garşy söweşijiler, 2-nji mart.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Liwiýanyň harby howa güýçleri bu şäheriň käbir ýerlerini bombalapdyr. Şeýle hem Kaddafiniň harby uçarlarynyň Maras El Breganyň golaýynda ýerleşýän şäher Ajdabiýany hem bombalandygy habar berildi.

Günbatar Liwiýadan gowuşýan habarlarda bolsa hökümet güýçleriniň öten hepdeden bäri protestçileriň kontrollygyndaky etraplary alyp bilmänligi aýdylýar.

Al-Zawiýah şäherinde hökümete garşy güýçleriň sözçüsi Yousef Şagan sişenbe güni oppozisiýa berilýän goldawyň sagatma-sagat artýandygyny aýtdy. Ol bu hakda: “Biz özümizi gaty oňat ýagdaýda duýýarys. Biz indi Tripolide Kaddafä hüjüm etmäge taýýar” diýdi.

Al-Zawiýah şäherinde oppozision söweşiji Haitham hökümete garşy güýçler barada șeýle diýdi: “Biziň ýaraglarymyz bar, hemme zadymyz bar. Şu wagt ähli ýerden bize goldaw gelýär. Hudaý biziň tarapymyzda. Biziň isleýänimiz Kaddafini aýryp, ýok etmek. Biz bu ýerde öz etrabymyzda ony islemeýäris. Bize bir başga gurama, bir başga sistema gerek. Bize gerek zat azatlyk. Nebit, pul ýa başga zat gerek däl. Biziň isleýänimiz azatlyk. Biz ýeňiş gazanarys”.

Günbatar urușdan çeke durýar

Günbataryň harby güýjüni görkezmek üçin Birleşen Ştatlaryň iki sany harby gämisi çarşenbe güni Liwiýa tarap ýola düşdi. Ýöne Liwiýanyň depesinde uçuş üçin gadagan zonany döretmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň goldawyny gazanar ýaly, halkara derejesinde ýeterlik kömek ýok diýerlik.

ABŞ-nyň "USS Kearsarge" gämisi Sues kanalyndan geçýär, 2-nji mart 2011-nji ýyl.
London: “Uçuş gadagan zonany yglan etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň razylygy hökman däl” diýýär. Ýöne Orsýet beýle zona şübheli garaýar. Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Juppe hem: “Birleşen Milletler Guramasyndan açyk mandat bolmasa, harby iş bolmaly däl” diýýär. Onuň pikiriçe, NATO-nyň Liwiýa harby interwensiýasy islenilýän netijäniň tersini berer.

Arap Ligasynyň ýokary derejeli resmisi Haşem Ýoussefiň aýtmagyna görä, arap ýurtlarynyň çarşenbe güni Kairde duşuşýan daşary işler ministrleri çet ýurtlaryň Liwiýa harby interwensiýasyny ret eder.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts bolsa: “Birleşen Ştatlar ýaragly güýçlerden peýdalanmak barada düýpli oýlanmaly” diýýär. Ol “Biz köp mümkiçiliklere we ýagdaýlara açyk garaýarys. Başga entek gelnen karar ýok” diýip, sişene güni beýan etdi.

Liwiýa BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykaryldy

Bu aralykda BMG-niň Bosgunlar baradaky gullugy emigrant işçileriň ýurtdan gaçyp çykmaga synanyşýandygyna salgylanyp, ýagdaýyň Liwiýa-Tunis serhedinde krizise ýazyp barýanyny habar berdi.

Kaddafä wepadar güýçler hökümete garşy protestçilere agyr hüjüme geçeli bäri Liwiýadan 100 müňden agdyk adam gaçyp çykdy. Bu ýowuz hüjümlerde azyndan müň adam ölendir diýlip, çak edilýär.

Sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasy Liwiýanyň BMG-niň Adam hukuklary geňeşine agzalygyny togtatdy. Bu çäre liwiýa lideri Muammar Kaddafä wepaly güýçleriň parahat demonstrasiýa çykan adamlara garşy zorlukly güýç ulanmagy sebäpli görüldi.

192 agzaly Baş Assambleýanyň rezolýusiýasy Ženewada ýerleşýän Adam hukuklary geňeşiniň anna güni Liwiýanyň agzalygyny togtatmak barada eden talaby netijesinde kabul edildi.