Liwiýada barýan gazaply hereketleri togtatmak barada pikir alyşmak üçin anna güni Birleşen Milletler Guramasy, NATO we Ýewropa Bileleşigi ýygnak geçirýär.
Halkara arkalaşygynyň beýle gyssagly duşuşmagyna sebäp bolýan zat prezident Muammar Kaddafiniň özüniň 40 ýyllyk hökümdarlygyna garşy protest geçirýänleri rehimsizlik bilen basyp ýatyrmaga synanyşmagy.
Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton anna güni Wengriýada barýan duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleriniň Liwiýa režiminiň garşysyna wiza gadagançylygy, pul-baýlyk serişdeleriniň doňdurylmagy ýaly dürli çäreler hakda pikir alyşjakdygyny mälim etdi.
“Ýewropa Bileleşigine biziň çäklendiriji çäreler diýýänimize garamaga, Liwiýada gazaply hereketleri togtadyp, ýurduň öňe gitmegini üpjün etmek üçin gysyş görkezmäge çak boldy. Bu ugurda biziň näme işleri edip biljekdigimiz hakda oýlanmaga wagt ýetdi” diýip, Aşton aýtdy.
Goranmak ministrleri Ýewropa Bileleşiginiň Liwiýadaky 5 müňden gowrak raýatyny ol ýerden çykarmagyň, mätäçlik çekýänlere gumanitar kömek bermegiň ýollaryny hem agtararlar.
Anna güni Liwiýadan çykarylan gresiýaly Wangelis Wrakasyň aýtmagyna görä, Tripoliniň uçar meýdanyna ýekelikde barmak aňsat däl. Ol: “Bir ýurtdan adamlary çykarmak üçin baran bir topar bolmasa, uçar meýdanyna barmaga asla ýol ýok. Sen urlup-ýenjilýärsiň. Polisiýa işgärleriniň eli taýakly. Olaryň hakynatutma bolmagy-da mümkin, sebäbi köpüsi garaýagyz. Uçar meýdanyna ýakynlaşan adama hüjüm edilýär. Asyl baryp bir zady sorabam bolanok” diýdi.
Duşuşyklar başlady
Liwiýdaky ýagdaý barada pikir alyşmak üçin NATO-nyň esasy karar çykaryjy organy anna güni Brýusselde ýygnak geçirýär. Ýöne Baş sekretar Anders Fog Rasmusseniň aýtmagyna görä, ýaranlygyň bu işe harby taýdan garyşmak plany ýok.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşi hem Liwiýany bu Geňeşden çykarmak barada maslahatlaşmak üçin anna güni Ženewa ýygnandy. Bu guramanyň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Newi Pillaý hökümete garşy demonstrantlaryň köpçülikleýin gyrylmagyny ýazgardy.
Ol “Müňlerçe adamyň eýýäm ölen ýa ýaralanan bolmagy mümkin” diýdi. “Liwiýa güýçleri demonstrantlara tanklar we dikuçarlar bilen hüjüm etdiler. Demonstrantlaryň köpüsi kellesine ýa gursagyna gülle degip öldi”.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem Liwiýanyň garşysyna ýarag embargosyny, maliýe sanksiýalaryny girizmek, ýurduň ýolbaşçylaryny adamzadyň garşysyna jenaýat edenligi üçin kanun taýdan yzarlamak barada Fransiýa we Britaniýa tarapyndan edilen teklip hakda maslahatlaşmak üçin anna güni Nýu Ýorkda ýygnak geçirdi. Ýöne bu barada geljek hepdeden bärde ses berişlik bolar öýdülenok.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Kaddafiniň režimine garşy berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyrýar. Prezident Barak Obama Liwiýadaky wakalar hakda pikir alyşmak üçin Britaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gürleşdi.
Liwiýanyň ilçileri, döwlet işgärleri hem gandöküşiklige protest bildirip, öz wezipelerinden çekilýärler. Esgerleriň köpüsi indi protestçileri goldaýarlar.
Liwiýanyň Iordaniýadaky ilçisi Muhammad al-Bargati penşenbe güni özüniň protestçileriň tarapyna geçýändigini bildirdi. Ol halka ýüzlenip: “Meniň beýik halkym, bu wakalar sebäpli men öz tebigy ornumda, siziň bilen bilelikde, siziň araňyzda bolmak üçin ilçilik işimi taşlamak kararyna geldim” diýdi.