Bir tarapdan Müsürden, bir tarapdan hem Tunisden Liwiýa syrygyp giren hökümete garşy protestler Muammar Kaddafiniň režimini çökerjege meňzeýär.
Sişenbe güni Kaddafiniň öz tarapdarlaryna “Liwiýany öýbe-öý arassalaň” diýip ýüzlenendigine garamazdan, ýurduň uly böleginiň hökümetiň kontrollygyndan çykanlygy aýdylýar.
Kaddafiniň režimi köçelerde barýan protestleri togtatmak üçin edilen tagallalarda azyndan 300 adamyň ölendigini boýun aldy. Ýöne Italiýanyň Daşary işler ministrligi protestlerde şu wagta çenli ölenler 1,000 töweregi diýilýän çaklamany “ygtybarly” hasaplaýar.
Daşary ýurt mediasyna Liwiýanyň hemme ýerine barmaga ýol berlenok. Şol sebäpden ýurduň günbatar böleginde nämeleriň bolup geçýandigini tassyklamak kyn. Ýöne gowuşýan habarlardan çen tutsaň, Kaddafiniň tarapdarlary Tripoliniň diňe birnäçe bölegine kontrollyk edýäne meňzeýär.
Liwiýanyň Birlşen Milletler Guramsyndaky ilçisiniň orunbasary, režimden ýüz öwren Ibrahim Dabbaşi, Kaddafiniň sişenbe güni eden çykyşynda protestçileri “alakalar”, “tarakanlar” diýip atlandyrmagyna salgylanyp, onuň ýaragly güýçleri halkyň garşysyna ulanýandygyny aýtdy.
“Halkyň elinde ýarag ýokdugy belli. Men Liwiýada genoside başlandy diýip, pikir edýärin. Meniň pikirimçe, Kaddafiniň beýanaty Liwiýa halkynyň garşysyna genoside başlamak üçin öz golastylaryna beren kody” diýip, Liwiýanyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Dabbaşi aýtdy.
Inernet gazeti “Kuryna” penşenbe güni Liwiýanyň harbylarynyň paýtagtyň takmynan 80 kilometrlik günbatarynda ýerleşýän Sabratah şäherinde köpsanly esgerleri ýerleşdirendiklerini habar berdi. Beýleki tarapdan bolsa, halkara habarçylarynyň Liwiýanyň gündogar etraplaryndan habar berip bilýänligi protestçileriň ýurduň bu böleginiň öz ellerindedigini aýtmagyny tassyklaýar.
Kaddafiniň režimi ýazgarylýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine häzir prezidentlik edýän braziliýaly Maria Wiotti Kaddafiniň protestçileriň garşysyna ýaragly güýçleri we harby uçarlary ulanmagyny berk ýazgardy.
“Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary Liwiýadaky ýagdaýyň özlerini berk aladalandyrýandygyny aýtdylar. Olar parahat ilatyň garşysyna güýç ulanylmagyny ýazgaryp, parahat demonstrantlara zulum edilmegine, ýüzlerçe adamyň öldürilmegine gynanç bildirdiler” diýip, Wiotti aýtdy .
Soňra ol şeýle diýdi: “Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary gazaply hereketleriň haýal etmän, togtadylmagyna, milli dialog arakaly halkyň kanuny talaplaryna jogap bermek üçin gerekli çäreleriň görülmegine çagyrdylar” diýip, Wiotti aýtdy.
Ýöne Howpsuzlyk Geňeşiniň sişenbe güni ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçen ýygnagynda käbir diplomatlar sanksiýalara çagyrdylar diýäýmeseň, Kaddafiniň režiminiň garşysyna göz öňünde tutulan anyk çäre ýok.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem 22-nji fewralda Liwiýanyň soňky günlerde protestçileriň garşysyna harby güýç ulanmgyny ýazgardy: “ABŞ Liwiýadaky ýagdaýy howsala bilen synlaýar. Biz oý-pikirimizi we dogalarymyzy janlaryny pida edenlere we öz ezizlerini elden berenlere gönükdirýäris. Gazaply hereketleri berk ýazgarmakda bizem halkara arkalaşygyna goşulýarys. Ýüzlerçe adam öldi we köp adam ýaralandy diýip eşitdik”.
Kaddafiniň režimi çöken ýagdaýynda müňlerçe bosgunyň Ýewropa Bileleşigine gelmeginden gorkulýar. Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini 300 müň töweregi adamyň Italiýa gaçyp atmagy mümkin diýip, özüniň häzir howatyr edýändigini aýtdy.
Liwiýadaky bulaşyk ýagdaý zerarly daşary ýurtlar ol ýerdäki graždanlaryny çykarýarlar. Çarşenbe güni Türkiýe Bengazi portundan ýola düşen iki gämi bilen özüniň takmynan 3,000 graždanyny ýurda alyp gaýtdy. Liwiýada 25,000 töweregi türk işleýär.