Moskwanyň Demirgazyk Kawkazdaky syýasaty

Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleri Groznydaky aeroporty goraýarlar, 25-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.

Geçen aý Orsýetiň "Domodedowo" aeroportunda amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini yslamçy lider Doku Umarow boýun alaly bäri Orsýetiň dartgynly regiony bolan Demirgazyk Kawkazda bulagaýçylyklar barha güýçlenýär.
14-nji fewralda Dagystan Respublikasynyň Gubden etrabynda ýerleşýän harby bölüminiň we hökümet binasynyň golaýynda janyndan geçen bombaçylar tarapyndan amala aşyrylan partlamalarda iki polisiýa ofiseri bilen bilelikde jemi 27 adamyň heläk bolanlygy habar berildi.

15-nji fewralda Çeçenistanyň paýtagty Groznyda howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykdan soň, iki gozgalaňçy öz janyna kast edip öldi. Şol gün Stawropol oblastynda bolan bir çaknaşykda hem bäş gozgalaňçy bilen howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasy heläk boldy.

Dartgynlygyň barha güýçlenmegine garamazdan, Içeri işler ministrligine degişli howpsuzlyk gulluklaryň ýolbaşçysy Nikolaý Rogožkin sişenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda ýagdaýyň kontrol astyndadygyny we hökümetiň regiona goşmaça harby güýç ibermegi planlaşdyrmaýanlygyny aýtdy.

Çözgüt näme?


Dagystanyň prezidenti Magomad Salam Magomedow ýakynda Orsýetiň telekanalyna beren interwýusynda gozgalaňçylary basyp ýatyrmak boýunça güýç ulanmak baradaky Moskowanyň strategiýasyny öziniň oňlaýanlygyny aýtdy.

Dagystanyň ýolbaşçysy: "Käbir gozgalaňçy toparlar göz ýumyp bolmajak pozisiýany eýelediler, olara garşy diňe berk we güýçli çäre görmekden başga çykalga ýok. Olara mynasyp jeza berilmeli" diýýär.

Regiondaky dartgynlylyk Sowet Soýuzy dargandan soň başlanan bulagaýçylyklaryň dowamydyr. 1999-njy ýyldan bäri Kremliň ýagdaýa harby usulda kontrollyk etmek boýunça alyp barýan synanyşygy başa barman gelýär.

Moskwanyň tankytçylary bolsa Kawkazdaky Kremli goldaýan güýçleriň adam hukuklaryny depelemekleriniň regionda gozgalaňçylaryň peýdasyna bolanlygyny aýdýarlar. Nalçikde ýaşaýan adwokat Larisa Dorogowa hökümetiň strategiýasynyň juda negatiwdigini aýdyp, "Hatda Kremliň regionda hakykatdanam durnuklylygy ornaşdyrmak isleýänligi meniň üçin soragly" diýýär.

"Terrorizmiň öňüni almaklygyň iň gowy usuly – adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almakdyr. Eger adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňi alynsa, regionda terrorizm, diýdimzorluk we şuňa meňzeş beýleki negatiw zatlar bolmaz. Halk ýaşamak isleýär. Halk öz çagalaryny eklemek isleýär. Ýetginjekler ölýärler olaryň dadyna ýetişýän ýok" diýip, Dorogowa aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: "Käbirleri biziň Kawkazda sanymyz azalar ýaly we biri-birimizi öldürer ýaly hapa syýasat alyp barýar. Meniň gelen netijäm şu. Käbirleri ýerli ýaşaýjylary bolmadyk Kawkazy eýelemek ýa görmek isleýär".

"Inguşystanyň ýagdaýy tapawutly"

Moskwada ýerleşýän "Memorial" toparynyň ýolbaşçysy Oleg Orlowyň aýtmagyna görä, beýleki dartgynly regionlar bilen deňeşdirilende, Inguşystanyň ýagdaýy tapawutly. Onuň aýtmagyna görä, munuň sebäbi ýolbaşçylaryň alyp barýan syýasaty we onuň netijesidir.

"Inguşystanda terroristik aktlaryň sany soňky bir ýylyň dowamynda juda azaldy. Onuň ençeme sebäbi bar. Şol sebäplerden biri ilat bilen gepleşikler geçirilmegi we söweşijileri kadaly durmuşa dolandyrmak üçin alnyp barylýan tagallalardyr. Iň bärkisi şol söweşijileriň maşgala agzalary bilen gepleşikler geçirilip, olar ýaraglaryny taşlamaga çagyryldy" diýip, Orlow aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: "Şol regionda şowly harby operasiýalar hem geçirildi. Meselem, Burýatskiý öldürildi. Özüni emir diýip atlandyrýan Magas tussag edildi. Ençeme meýdan komandirleri hem heläk edildi. Şol çäreler sebäpli Inguşystanda gizlinlikde hereket edýän terroristler iş ýüzünde hereket edip bilmeýärler".

Soňky döwürlerde Moskowa ýüzlenip, ony ýerli ýaşaýjylar bilen gepleşikler geçirmäge çagyrýan adamlar barha köpelýär. Synçy Andreý Soldatow Kawkazda alnyp barylýan göreşiň çäginde ýerli ýaşaýjylaryň ynamyny gazanmak işine üns berilmänligini aýdýar.

"Demirgazyk Kawkazyň ýaşaýjylary öz üstlerine gozgalaňçylar hem harby güýçler tarapyndan ikitaraplaýyn hüjüm edilýär diýip hasaplaýarlar. Sebäbi harby güýçleriň gozgalaňçylara garşy geçirýän harby operasiýalary parahat ýaşaýjylara hem zyýan ýetirýär. Olar bilen gyzyklanýan we gepleşikler geçirmek isleýän adam ýok" diýip, Soldatow aýdýar.

Soldatowyň pikiriçe, eger gepleşikler geçirilýän hem bolsa, onuň sany gaty az: "Häzirki döwürde edilmeli zat – ýerli ýaşaýjylaryň özleriniň söweş meýdanynda däldigine ynanmagy üçin olar bilen gepleşikler geçirmeli".

Emma häzirlikçe Orsýetiň Demirgazyk Kawkazda alyp barýan syýasatyny özgertjekdigi, şeýle-de regionda dowam edýän dartgynlygyň hörpüniň azalýanlygy ýa gowşajakdygy barada hiç hili alamat göze ilmeýär.