Müsüriň wise-prezidenti gadagan edilen “Musulman doganlygy” bilen duşuşdy

Hökümete garşy protest geçirýän “Musulman doganlygy” hereketiniň agzalary Kairiň Tahrir meýdançasynda namaz okaýarlar, 7-nji fewral, 2011-nji ýyl.

Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman ýurduň esasy oppozision toparlary, şol sanda ozal gadagan edilen “Musulman doganlygy” bilen duşuşdy. Duşuşykdan maksat başdan geçirilýän ýaramaz syýasy krizisiň çözgüdini tapmak.

Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman
Gepleşiklere kiçiräk partiýalaryň birnäçesi we garaşsyz hukuk ekspertleri bilen birlikde oppozisiýanyň wekili, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Muhammed El Baradeý-de gatnaşdy. Aýdylyşan görä, Süleýman bilen oppozision ýolbaşçylar bilelikdäki komiteti döretmek barada ylalaşypdyrlar. Bu komitetiň işi prezident saýlawlaryna goşulmaga köp kandidatlara ýol bermek, şeýle hem prezidentlik möhletine çäklendirme girizmek barada Baş kanuna girizilmegi teklip edilen düzedişleri öwrenmek.

Prezident Hosni Mubarek öz hökümetindäki dürli orunlardaky adamlary çalşyryp, reforma geçirmegi wada etdi. Onuň partiýasynyň ýolbaşçylaray, şol sanda ogly Gamal hem bu wezipeden çekildi. Ýöne 30 ýyl bäri höküm sürüp gelýän 82 ýaşly prezident özüniň sentýabrda möhleti tamamlanýança, bu wezipede galyp, parahatçylykly geçişe gözegçilik etjekdigini aýdýar.

“Musulman doganlygy” Müsürde radikal ysmalçy bir topar hasaplanýar. Onuň agzalary iki hepde mundan ozal protestler turmazdan öň hökümet tarapyndan hemişe gabalyp, türmä dykylyp gelindi. Ýekşenbe günündäki duşuşyk hem hökümet bilen bu toparyň arasynda ençeme ýylyň dowamynda geçen ilkinji duşuşykdyr. Ýöne ýagdaýa ýetik adamlar: “Musulman doganlygy” aýdylyşy ýaly radikal topar däl” diýýärler.

“Meniň pikirimçe, köp adamlar “Musulman doganlygy” diýlende, derrew “Hamas” we “Al-Kaýda” ýada düşýär. Bular, dogrudanam, şu Müsürde başlanan asyl guramadan ýaýran. Ýöne agzalary tarapyndan bolan gazaply hereketlerden soň, esasy topar sosial herekete öwrüldi” diýip, “Amerikanyň sesi” radiosynyň Kairdäk býurosynyň başlygy Elizabet Arrott aýdýar.

Radikal toparmy ýa-da sosial hereket?

2005-nji ýylda geçen saýlawlarda “Musulman doganlygynyň” wekilleri parlamentde orunlaryň 20 prosentini gazandy. Ýöne häkimiýet başyndaky Milli demokratrik partiýanyň bähbidine galplaşdyryldy diýilýän öten ýylky saýlawlarda welin, bu topar bir orun hem alyp bilmedi.

Arrott: “Musulman doganlygy” Müsürde giňden hormatlanýar” diýýär: “Onuň bu ýerde goldawy köp. Sebäbi ol hökümetiň edip bilmeýän köp hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Onuň öz mekdepleri, keselhanalary, töwerekde köp adamlara howpsuzlyk ulgamy bolup durýan guramalary bar. Bu bir dindar ýurt. Gadagandygyna garamazdan, yslama wekilçilik edýänligi üçin “Musulman doganlygy” Müsürde hortmatlanýar”.

Oppozisiýa bilen gepleşiklere girilip, ýurda belli bir derjede imisalalyk aralaşandygyna garamazdan, protestçiler şindi-de Tahrir meýdançasynda goş basyp ýatyrlar. Olar Mubarek gitmän, bu ýerden çekilmejekdiklerini aýdýarlar. Muhammad atly biri şeýle diýýär: “Biz bu ýerde protestçi, Müsür prezidentine garşy halk hökmünde durus. Müsür prezidenti ýurdy terk edýänçä, biz şu ýerde bolarys”.

Müsür häkimiýetleri dowam edýän protestler ýurduň durnuklylygyna hem ykdysadyýetine zyýan ýetirer diýip, duýduryş berýärler. Harytlaryň bahasy ýokarlap ykdysady ösüşe zeper ýetjege meňzeýär. Syýasy protestler sebäpli bir hepdeläp ýapyk galan dükanlar we banklaryň birnäçesi ýekşenbe güni açyldy.