Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Özbek prezidenti Yslam Kerimow duşenbe güni resmi sapar bilen Brýussele bardy. Onuň maksady Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak.
Kerimow Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso, şeýle hem Bileleşigiň energiýa komissary Günter Öttinger bilen gepleşik geçirýär.
Duşuşyklarda iki tarapyň energiýa hyzmatdaşlygy barada Düşünişmek memorandumyna gol çekişilmegine, şeýle hem Daşkentde ÝB-niň wekilhanasyny açmak barada pikir alşylmagyna garaşylýar.
NATO-nyň karargähinde hem özbek prezidenti baş sekretar Anders Fog Rasmussen bilen Owganystanda barýan uruş bilen baglanyşykly işler boýunça hyzmatdaşlyk hakda gürleşer.
Garşy çykylýar
Emma Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygy bu sapar oňaýsyz täsirini ýetirýär. Adam hukuklaryny goraýan toparlar özbek ýolbaşçysynyň beýle dabaraly garşylanmagyna garşy.
Adam hukuklaryny goraýan toparlar Ýewrokomissiýanyň binasynyň öňünde protest geçirýärler, 24-nji ýanwar.
“Dogrusy, Barrosonyň dünýäniň iň bir ýaramaz diktatorlarynyň biri bilen duşuşmagy çäksiz skandal we masgaraçylyk. Bular ýaly režimler bilen iş salyşmak ýol almaz. Ol ne Ýewropanyň halkyna peýda getirer, ne-de Özbegistanyň halkyna peýda getirer” diýip, Halkara krizis toparynyň Brýusseldäki işgäri Andrew Stroehlein aýdýar. Adatça, Brýussele gelýän döwlet baştutanlary bilen duşuşýan Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý Kerimow bilen duşuşmaz. Wan Rompuýa ýakyn bir çeşmäniň aýtmagyna görä, onuň Kerimowdan ýüz öwürmegi Wan Rompuýyň “ahlak we şahsy garaýşyny” görkezýär.
24-nji ýanwarda Ýewrokomissiýanyň metbugat sekretary Oliwiýer Beýli çykyş edip, ÝB-niň Özbegistany üzňelikde saklamak syýasatyndan el çekýändigini, ýöne Kerimowyň Barroso bilen duşuşygynda esasy ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň adam hukuklaryna degişlidigini nygtady.
Andijan wakalary
Andijanda bolup geçen gyrgynçylykdan soň ÝB Özbegistanyň garşysyna sanksiýa girizdi. 12 özbek resmisine Ýewropa wiza bermek gadagan edilip, Özbegistanyň garşysyna ýarag embargosy girizildi. Brýusse Andijan wakalary barada garaşsyz derňew geçirilmegini talap etdi.
Emma 2008-nji ýylda sanksiýalar ýatyryldy. Munuň hem Germaniýanyň görkezen güýçli gysyşy netijesinde bolandygy aýdylýar. Sebäbi Germaniýanyň özbek şäheri Termezde harby bazasy bar.
“Amnesty International” guramasynyň işgäri Deýwid Nikolsyň pikiriçe, sanksiýalar täzeden ýola goýulmasa-da, Ýewropa Bileleşigi Andijan wakalary barada garaşsyz derňew üçin özbek režimine basyş etmeli.
“Ýagdaý şeýle ýaramazlaşyp, Özbegistan ‘ÝB sanksiýalaryny ýatyrdy, indi derňew gerek däl’ diýip, açyk aýtdy. Bileleşik indi prezidente ýakynlyk görkezip, 2005-nji ýylda eden talabynda durmasa, onda Andijan wakasy barada adalat ugrunda göreşýän köp adamlarda, adam hukuklaryny goraýanlarda we garaşsyz žurnalistlerde munuň näme täsir galdyrjakdygyny men bilemok” diýip, Nikols aýdýar.
“Nabukko”
Brýusselde käbir adamlar Özbegistanyň Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýekti üçin möhüm bolmagy mümkin diýip, umyt edýärler. Bu proýektden maksat Azerbaýjandan we Hazar deňziniň töweregindäki beýleki ýurtlardan Ýewropa Orsýetden sowa tebigy gazy eltmek.
Ýöne analizçiler muňa şübheli garaýarlar. Ýewropanyň syýasaty öwreniş merkeziniň energiýa howpsuzlygy boýunça syýasy analizçisi Amanda Paulyň pikiriçe, Özbegistanyň çaklanýan tebigy gazy Azerbaýjanyňkydan köp bolsa-da, onuň ýakyn geljekde Ýewropa köp gaz berip bilmek ähtimaly ýokary däl.
“Bu gaz rezerwleriniň köpüsi entek ýa doly barlananok ýa-da ýurduň öz içinde sarp edilýär. Şol sebäpden häzirki wagtda bular ýaly turba geçirmek mümkin bolaýanda-da oňa ýeterlik gaz ýok. Turba çekmegem gaty gymmat düşer” diýip, Paul aýdýar.
Kerimow Belgiýanyň resmileri bilen duşuşmak üçin köp tagalla edipdir. Ol ýurduň patyşasy bilen-de duşuşmak isläp, oňa haýyşanama ýazypdyr. Emma Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmileriniň arasynda Kerimow bilen duşuşygy planlaşdyrylan adam ýok. Belgiýanyň patyşasy hem onuň bilen duşuşyga wagtynyň ýokdugyny bildiripdir.