Hytaýyň prezidenti Hu Jintao 19-njy ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy. Waşingtonda bolan duşuşykda ykdysadyýet we adam hukuklary bilen bir hatarda käbir beýleki meseleler hakda-da pikir alşyldy.
Prezident Barak Obama şol çykyşynda Hytaýdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hem gürrüň etdi, ýöne bu meseläniň Waşington bilen Hytaýyň bilelikde hötdesinden gelip biljekdigine özüniň ýnanýanlygyny belledi.
Emma hytaýly uýgurlaryň lideri Rabiýa Kadeer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Obamanyň Hytaý ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygynda uýgurlaryň hak-hukugy barada gürrüň etmänligini aýdyp, bu ýagdaýdan närazydygyny bildirdi.
Mundan ozal Rabiýa Kadeer Kongressde gurnalan bir ýygnakda eden çykyşynda Hytaýda uýgurlaryň hak-hukuklarynyň kemsidilýänligini aýdyp, bir Web sahypasyny açanlygy üçin ýakynda 15 aktiwistiň türma basylanlygyny belledi.
Protestler geçirildi
19-njy ýanwarda ABŞ-nyň we Hytaýyň ýolbaşçylary Ak Tamda duşuşýarka, Kadeeriň gapysynyň öňünde ýüzlerçe uýgurlar, tibetliler, taýwanlylar bilen bir hatarda hak-hukuklarynyň kemsidilýänligini aýdýan hytaýlylar Pekiniň alyp barýan sýyasatyny ýazgaryp, protest gurnadylar.
Protestçilerden bir topary özleriniň garaşsyzlygyny talap edip çykyş eden bolsa, beýlekileri Hytaýyň regionda alyp barýan syýasatyndan şikaýat etdiler. Bu proteste gatnaşan tibetliler Hytaýyň hökümetiniň Tibetde alyp barýan syýasatyna-da närazylyk bildirdiler.
Tibetli toparyň wekillerinden Tenzin Dolkar Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özleriniň Hytaýyň prezidentiniň garșysyna protest etmek arkaly Tibetdäki kemsitmelere amerikalylaryň ünsüni çekmäge synanyşýanlyklaryny aýtdy.
Guramalar hem gatnaşdy
Hytaýyň prezidenti Waşingtondaka Hytaýyň içerki syýasatyna garşy protest gurnan guramalardan biri hem Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bolup, ol esasanam hytaýly aktiwist Lýo Ksiaobonyň ýagdaýyna ünsi çekmäge synanyşdy.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty bolan Ksiaobowa baýragyny almak üçin Osla sapar etmäge hem rugsat edilmändi. Hytaýyň hökümeti agzalýan aktiwistiň maşgala agzalaryna hem ýurtdan çykmaga rugsat etmän gelýär.
“Human Rights Watch”, “Freedom House” tarapyndan prezident Obama ýüzlenilip, bilelikde ýaýradylan açyk hatda prezident Hu Jintao bilen geçirilýän duşuşyklarda esasanam adam hukuklarynyň ýagdaýyna aýratyn üns berilmegi talap edilýär.
Hytaýyň prezidenti Hu Jintao we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama metbugat konferensiýasynda, Waşington, 19-njy ýanwar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama duşuşykdan soňra geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Hytaýyň milli puly ýuanyň hümmetiniň pesliginden şikaýat edip, bu ugurda zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Prezident Barak Obama şol çykyşynda Hytaýdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hem gürrüň etdi, ýöne bu meseläniň Waşington bilen Hytaýyň bilelikde hötdesinden gelip biljekdigine özüniň ýnanýanlygyny belledi.