Ýekşenbe güni Tunisiň premýer-ministri Muhammad Gannuşi oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde täze koalision hökümet gurmak barada ylalaşylandygyny bildiripdi. Bu hökümet ara salym salman, şu gün düzüldi.
Premýer-ministr Muhammad Gannuşi we başga-da birnäçe ministr öz wezipesinde galýar. Täze hökümete üç sany oppozisiýa lideri hem goşuldy we Maglumat ministrligi ýatyryldy.
Gannuşi öten agşam Tunis telewideniýesine beren interwýusynda şeýle diýipdi: “Azatlyk edil iýmit ýaly zerur zat. Azatlyk bolmasa, biziň mertebämiz bolmaz. Azatlyk bolmasa, bizde döredijilik başarnygy bolmaz. Biziň gepleşik geçiren taraplarymyzyň hemmesi şu pikirde”.
Soňra ol şeýle diýipdi: “Biz täze hökümet düzmek barada nähili hyzmatdaşlygyň gerekdigini bildik. Birleşen koalision hökümetiň düzülendigini duşenbe güni yglan etmegimiz mümkin. Şeýdip, taryhymyzda bir täze sahypa açylar. Inşallah, Tunis dünýäniň beýleki ýurtlaryna hemişe gowy görelde bolar”.
Geljege umyt
Gannuşiden koalision hökümet düzmekligi soran ýurduň wagtlaýyn prezidenti Fouad Mebazza. Gannuşi, öz aýtmagyna görä, täze hökümete gatnaşýan syýasy oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary bilen öňünden gürleşipdir. Ol täze koalision hökümet düzmek baradaky gepleşikleriň "gaty gowy" geçendigini aýdypdy.
“Bu ýagdaý bize geljekki birnäçe günlükde, aýratyn-da syýasy sistemany gowulandyryp, demokratik sistemany ornaşdyryp bolar diýen ynamy döredýär. Munuň üstesine-de, ähli tunislilere oňat ýaşamaga mümkinçilik döretjek ykdysady we sosial ösüş golaýlaýar” diýip, Gannuşi aýtdy.
Ýöne halkyň ýaşaýyş ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli geçen dört hepdäniň dowamynda bolan protestler ýurdy bölünişige salyp, garym-gatym etdi. Iň ýamany hem Ben Aliýa wepadar adamlaryň görkezýän garşylygy. Resmi taýdan tassyklanmadyk habarlarda Ben Aliýa wepadar güýçleriň täze birlik hökümetiniň düzülmegini başa bardyrmazlyk üçin ýurtda bulagaýlyk döretmäge synanyşanlygy aýdylýar.
Geçmişi ýatladýar
Tunisli Haled ýurtda häzirki garym-gatymlygy 1978-nji we 1984-nji ýyllarda bolan ganly bulagaýlyga deňeýär: “Ýatlara geçmişi ýok ýurduň geljegi bolmaz. 1978-nji ýylda gan döküldi. 1984-nji ýylda gan döküldi. Bu gün ýene gan bar. Indi bu ‘ölüm topary’ töwerekde aýlanyşyp ýör. Olar ýurda ot berip, halky gorkuzýar. Olar tussaglaryň hem boşadylmagyny buýrupdyrlar. Maksat ýurdy agdar-düňder edip, diňe hüşgär hökümetiň ýurdy gorap biler diýip, halky ynandyrmak”.
Dogrudan-da, adamlar paýtagt Tunisde käbir ýerlerde bidüzgünçiliklerden goranmak üçin howpsuzlyk postlaryny ýerleşdiripdirler. “Biz biri-birimizi tanar ýaly ak gursakça geýnip, köçä çykdyk. Polisiýa hem özümiziň bu ýerdedigimizi, egin-eşigimiziň akdygyny aýtdyk. Komendant sagadydy. Taýýarlyk görüp geldik. Adamlar öýlerinde näme bar bolsa, şony hem getirdiler. Käbiri taýak getirdi, biz-de daş ýygnadyk” diýip, bir tunisli aýdýar.
Ýöne özgerişleri girizmäge synanyşýan koalision hökümeti Ben Aliýa wepadar güýçler goldarmy ýa-da goldamaz - häzir esasy sorag şunda.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar