Öldürilen häkim ekstremizme garşydy

65 ýaşly häkim öldürilmeziden sanlyja hepde öň: “Mollarlardan ägä boluň. Olaryň öňüne geçilmese, olar biziň tutuş durmuşymyzy eýelär” diýip, duýduryş beripdi.

Penjap welaýatynyň häkimi Salman Taseeriň öldürilmegi Pakistany dünýewi, liberal gymmatlyklarynyň gönümel we tutanýerli gahrymanyndan mahrum etdi. Onuň öldürilmegi Pakistanda ýurduň gurluşy barada barýan göreşiň esasy göreşdigini görkezdi.

Taseeriň umyt edişi ýaly, Pakistan özüniň bilimli orta gatlagy, graždan hökümeti we erkin mediasy tarapyndan dolandyrylan işjeň demokratiýa bolarmy? Ýa-da ýurda agalyk edýän jihad ideologiýasy we ekstremizm bolup, liberal pikirli adamlar dymyp, gowulygy umyt edip gezer ýörerlermi?

Taseer özüniň bularyň haýsyny saýlap tutandygyny ildeşlerinden öň açyk aýdyp, Pakistanyň göreşmegini talap eden adam. 65 ýaşly häkim öldürilmezinden sanlyja hepde öň: “Mollarlardan ägä boluň. Olaryň öňüne geçilmese, olar biziň tutuş durmuşymyzy eýelär” diýip, duýduryş beripdi.

Ol bu sözleri öz öljegini öňünden duýup aýdypmy - bu belli däl. Ýöne Pakistanyň resmileri Taseeri öldürenlikde şübhelenilýän Malik Mumtaz Husein Kadriniň ony häzir ýurtda ekstremistler bilen liberallar arasynda barýan ýiti jedelleriň biri bolan yslama dil ýetirmezlik baradaky kanun sebäpli öldürendigini aýdýarlar.

Kadri Pakistanyň “Dunýa” telekanalynyň işgärlerine: “Men pygamberiň guly. Yslama dil ýetiren adamlaryň jezasy ölümdir” diýipdir.

Pakisanyň häkimiýet başyndaky Halk partiýasynyň ýolbaşçy şahsyýetleriniň biri bolan Taseer ýurduň yslama dil ýetirmezlik baradaky kanunyna hem-de bu kanun boýunça bir hristian zenanyň Penjabyň aşaky sudy tarapyndan ölüme höküm edilmegine berk garşydy.

Aasia Bibi 2009-njy ýylyň iýun aýynda yslama dil ýetirenlikde günälendi. Indi onuň işine Lahordaky welaýat sudy garamaly. Oňa bildirilýän aýyplama bu ýerde hem tassyklansa, bu jedelli höküm ýerine ýetirilýär.

Pakistanda bu jedelli kanunyň ýatyrylmagy barada barýan tagallalara baştutanlyk eden Salman Taseer köçelerde geçýän protestlerde göni nyşana öwrüldi. Ýöne ol bu protestlere baş egmedi.

“Zorlugyň alamaty”


Pakistanyň adam hukuklary topary Taseeriň öldürilmegini jemgyýetiň üstüne abanyp gelýan zorlugyň alamaty diýip ýazgardy.

“Häkimiň öldürilmegine onuň Aasia Bibiniň ölüm hökümi barada sagdyn düşünjelilige çagyrmagynyň ýa-da syýasy garşydaşlary bilen pikir tapawutlylyklarynyň sebäp bolandygy ýüze çyksa, onda bu bir uly betbagtçylyk” diýip, Pakistanyň Adam hukuklary komissiýasynyň Lahordaky sözçüsi Zaman Han aýdýar.

1946-njy ýylda gurply intellektual maşgalada doglan Taseer Pakistanyň garaşsyzlykdan soňky britan täsirli ilkinji nesline degişlidi. Ol ilki Lahoryň abraýly St.Antony mekdebinde bilim alyp, ýokary okuwyny Britaniýada tamamlady.

Taseer syýasy taýdan Pakistanyň Halk partiýasynyň ilkinji başlygy Zulfikar Ali Bhuttonyň tarapdarydy. 1977-de Bhutto general Mohammad Zia-al-Hak tarapyndan agdarylanda Taseer türmä düşdi.

1988-de general aradan çykansoň, ýene syýasata goşulan Taseer Penjabyň welaýat parlamentinden bir orun gazanyp, Pakistanyň Halk partiýasynyň tanymal şahsyýetine öwrüldi. Şeýdip hem ol Pakistanyň gurluşy barada barýan medeniýet urşy diýilýäniň öň hataryna geçdi.

Dini partiýalar yslama dil ýetirmezlik meselesinden peýdalanyp, öz tarapdarlaryny aýak üstüne galdyrýarlar. Yslama ters diýip, sopularyň we şaýylaryň mukaddes mekanlaryna hüjüm edilýär. Köçelerde protestler geçirilýär.

Synçylaryň aglabasy: “Bulardan esasy maksat Pakistany döwrebap döwlet gurluşyny dargadyp, fundamentalistik döwlet gurmak” diýýärler. Taseeriň tarapdarlarynyň onuň ölümine howply ýitgi diýmeginiň sebäbi hem şu.