Wengriýanyň geçmişde ýurda çozup giren sowet goşunyna garşylyk görkezenine 50 ýyl boldy. Ol 20 ýyl mundan ozal hem gündogar germaniýaly bosgunlara Günbatar Germaniýa geçmäge ýol açmak bilen Berlin diwarynyň ýykylmagyna goşant goşdy.
2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine goşulan Budapeşt şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Bileleşigiň gezegine ýerine ýetirilýän prezidentligini öz üstüne aldy. Bu hem öňki kommunistik ýurt üçin üstünlikdir.
Premýer-ministr Wiktor Orban prezidentlik döwründe Wengriýanyň ilkinji nobatda üns berjek meselesiniň Bileleşigiň mundan beýlägem giňemegi boljakdygyny bildirdi. Orban bu barada: “Biz ÝB-niň giňeme hereketini güýçlendirmek isleýäris. Giňeme täze agzalara içki meselelerini çözmäge kömek eder. Sebäbi giňäp, ösýänleriň gelejege bolan umydy artýar. ÝB üçin häzir çyndan gerek zat öz perspektiwasyna berk ynanmak” diýdi.
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçen gepleşiklerden soň, Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman won Rompuý hem: “Prezidentlik işiniň kyn bolmagy mümkin, ýöne ol ýurt üçin sylagsyz bolmaz” diýdi.
“Gezegine ýerine ýetirilýän prezidentlige köpler kyn iş hökmünde garaýarlar. Bu, dogrudanam, şeýle. Ýöne men muňa belli bir derejede başgaça garaýaryn. Meniň pikirimçe, ol Wengriýa Ýewropa Bileleşigine umumy bähbit üçin umumy meselelere çemeleşmäge taýyndygyny görkezmek üçin pursat” diýip, won Rompuý aýtdy.
Ösüşmi ýa-da tesiş?
Ýöne Ýewropa Bileleşiginde Wengriýanyň prezidentligine hemmeler o diýen gowy baha berenok. Muňa hem bu ýerde 1-nji ýanwarda güýje giren jedelli media kanuny sebäp bolýar. Bu kanun media erkinligini çäklendirip, häkimiýetleriň eline media hyzmatlarynyň we köpçülikleýin habar serişderleriniň üstünden kontrollygy berýär.
Bu täze kanun ýurduň içinde hem daşynda žurnalistler tarapyndan ýiti tankytlandy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy: “Bu kanun media erkinligi baradaky ölçeglere ters. Ol tankydy mediany we ýurtda umumy çekişmeleri dymdyryp bilýär” diýdi.
Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” guramasy hem bu kanuny Wengriýada metbugat erkinligine urlan urgy diýip häsiýetlendirdi.
Wengriýaly ýazyjy we žurnalist Miklos Haraszti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna media erkinligi boýunça iki möhlet wekilçilik eden adam. Ol täze kanuny “uly utanç” diýip atlandyrýar.
“Orbanyň hökümeti metbugata, öz aýtmagyna görä, ‘syýasy hakykaty’ bermek wezipesini tabşyrdy. Ýurtda demokratiýa başlaly aradan 20 ýyl geçensoň, olar bir partiýaly režime häsiýetli bir zady gaýtadan girizdiler. Ol hem žurnlistleriň ýurtda agzybirlige gulluk etmegi” diýip, Haraszti aýdýar.
Orban bolsa içerden we daşardan gelýän tankytlary ret edip, ýurduň täze kanunynyň beýleki Ýewropa ýurtlarynyňka meňzeşdigini aýdýar. Ol: “Biz Günbatar Ýewropadan gelýän tankytlardan gorkamzok” diýýär.