Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Garly-doňakly howa Ýewropanyň köp ýerlerinde uçar gatnawlarynyň togtamagyna getirip, öňdäki baýramçylyga ýa dynç alşa barýan müňlerçe adamlaryň saparyny birküç gün bäri kynlaşdyrdy.
Ýekşenbe güni Brýussel we Frankfurt aeroportunda gar hem doňaklyk zerarly diňe sanlyja uçuşlara ýol berildi. Ýaramaz howanyň iň güýçli täsir eden ýeri London. Düýn ol ýerde Hisrow aeroporty ýapyldy.
Fransuz paýtagty Parižde hem ýagdaý şondan gowy däl. Şarl de Göl aeroportunda gatnawyň 25 prosenti iň azyndan bir gün yza süýşürildi. Bu ýerden ABŞ-a barýan student Gerard: “Ene-atamyzy görmäge Baltimora barýarys. Olary görmänimize bir ýyl boldy. Ýöne indi sişenbeden bärde ýola düşüp bilemzok” diýdi.
Parižiň uçar meýdanynda öz gitjek ýerine gidip bilmän oturan bir zenan hem garaşmakdan başga ýolunyň ýokduygyny aýdýar: “Garaşyp, howa gowulanar diýip umyt etmekden başga edip bilýän zadymyz ýok”.
Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň aeroportunda yza süýşürilen uçuşlaryň sany 500-den ýokary. Düýn aeroport gardan arassalansa-da, Ýewropanyň beýleki ýerlerindäki kynçylyklar zerarly gatnaw kesilip, 2000-den gowrak adam gijäni uçar meýdanynda geçirmeli boldy.
Jenap Kinzig demirgazyk Germaniýa gitmek üçin şenbe gününden bäri Frankfurtda garaşyp oturandygyny aýdýar: “Men bu ýere şenbe güni ir sagat 8-de geldim. Şondan bäri garaşyp otyryn. Düýn 12 sagatlap nobatda durduk. Onsoň Lufthansa bizi bir myhmanhanada ýerleşdirdi. Reýsim bu gün ýene yza süýşürildi. Indi hem üç sagat bari şu ýerde durun”.
Amsterdamda hem gatnawyň kesilmegi ýa yza süýşürilmegi sebäpli 700 ýolagçy gije aeroportda ýatmaly boldy. Aeroportuň sözçüsi Mirýam Snörwangyň aýtmagyna görä uçuş-gonuş zolagynyň üçüsi gardan arassalanypdyr. Emma ol Ýewropanyň beýleki aroportlaryndaky problemalar sebäpli 30 reýsiň ýatyrylandygyny aýtdy.
Irlandiýa düşen gar az bolmasa-da, şenbe güni Belfast we Dublin aroportlary ýapylmady. Ispaniýa bilen Daniýada hem şenbe we ýekşenbe günleri uçar gatnawynyň kesilen ýa yza süýşürilendigi habar berildi.