Gyrgyz parlamentinde koalisiýa döredildi

Parlamentiň başlygyny saýlamak üçin ses berişlik geçirilýän pursaty. 17-nji dekabr, 2010.

Çarşenbe güni Gyrgyzystanda üç sany syýasy partiýa koalision hökümet döretmek barada ylalaşdylar. Gyrgyzystanyň parlamentinde koalisiýa döretmek ugrundaky ozalky gepleşikler özara oňşuksyzlyklar zerarly netije bermändi.

“Respublika” partiýasy çarşenbe güni özüniň oktýabr aýynda geçen saýlawlarda parlamentde ýer alan beýleki dört partiýanyň ikisi bilen bileleşik gurjakdygyny aýtdy. Bu iki partiýa “Sosial Demokratik” partiýasy bilen “Ata-Žurt” partiýasydyr. Bu partiýalaryň başlyklary hem soňra koalisiýa goşuljakdyklaryny tassykladylar.

“Respublika” partiýasynyň wekili Dosaly Esenalyýew Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda koalisiýa döretmek ylalaşygyna gelnendigi tassyklap: “Gepleşikleriň netijeleri indi yglan ediler. Üç partiýa hemme babatda ylalaşdylar” diýdi.

Dekabr aýynyň başynda “Sosial-Demokratik” partiýasynyň parlamentde koalisiýa döretmek ugrundaky synanyşyklary başa barmansoň, prezident Roza Otunbaýewa bu işi “Respublika” partiýasyna tabşyrypdy.

Orunlaryň 77-si koalisiýanyňky bolar

Parlamentde iň köp orun alanlar “Ata-Žurt” bilen “Sosial-Demokratik” partiýasy. Hususan-da, parlamentde “Ata-Žurduň” 28 orny, “Sosial-Demokratik” partiýanyň bolsa 26 orny bar. “Respublika” bilen bile ýaranlyk gurlanda, parlamentdäki 120 ornuň 77-si täze koalisiýanyňky bolýar.

“Respublika” partiýasynyň bildirmegine görä, bu üç partiýa hökümetdäki ýokary wezipeler babatynda-da ylalaşypdyrlar. Ylalaşyga görä, premýer-ministrlik wezipesine “Sosial-Demorkartik” partiýanyň başlygy Almazbek Atambaýew teklip ediler. Parlamentiň başlyklygyna bolsa parlamentde düýnki geçirilen ses berişlikde “Ata-Žurt” partiýasynyň ýolbaşçysy Ahmatbek Keldibeko saýlandy. Premýer-ministriň birinji orunbasarlygyna-da “Respublika” partiýasynyň lideri Ömürbek Babanowyň hödürlenilmegine garaşylýar.

Koalisia goşulmadyk partiýalaryň biri, saýlawlarda 18 orun alan “Ata-Meken” partiýasy. Ol “Respublika” bilen ýaranlyga girmejekdigini şu hepdäniň başynda aýdypdy. Bu partiýa parlamentde koalision bileleşige oppozisiýada durar.

“Ar-Namys” partiýasy hem “Respublika” bilen ýaranlyk gurmajakdygyny 14-nji dekabrda duýdurdy. Onuň başlygy Feliks Kulow öz partiýasynyň hökümete oppozisiýada durjakdygyny aýtdy.

Ýürt henizem krizisde

Oppozisiýany emele getirýän bu iki partiýanyň arasynda garaýyş taýdan uly tapawutlar bar. “Ata-Meken” Günbatara ýykgyn edýän liberal partiýa, “Ar-Namys” bolsa Orsýetiň tarapyny çalýar.

10-njy oktýabrda geçen saýlawlardan bäri Gyrgyzystan hökümetsiz ýaşap gelýär. “Ýurduň krizisiň içindedigini göz öňünde tutmak bilen, käbir syýasy analitikler ýüzbe-ýüz bolnup durlan meseleleri çözmek üçin gyssagly hökümetiň düzülmegi zerur diýip, duýduryş berýärler.

Gyrgyzystan energiýa ýetmezçiliginden aýratyn-da gyş aýlarynda ejir çekýär. Ykdysadyýet öwerlik däl. Hökümet bolmanlygy zerarly ýurduň 2011-nji ýyl üçin entek býujeti-de ýok.