AI gyrgyz wakalaryna alada bildirýär

Özbek zenany etniki çaknyşyklarda ýumrulan jaýynyň öňünde. Oş, 30-njy oktýabr, 2010.

Halkara “Amnesty International” guramasy düýn neşir eden hasabatynda Gyrgyzystany şu ýylyň iýun aýynda Oş we Jalalabad regionlarynda bolan gazaply wakalarda pida çekenler babatda hakykatyň üstüni açyp, adalaty dikeltmäge çagyrýar.

Gurama şeýle hem gazaply hüjümler, talaňçylyk we adamlaryň öldürilmegine sebäp bolan bu çaknyşyklaryň arkasyndaky jogapkärleri tapmak barada alnyp barlan tagallalarda gyrgyz häkimiýetleriniň özbeklere aşa köp basyş edendigini aýdýar.

Hasabatda bellenilişine görä, Gyrgyzystanda iýun aýynda bolan gazaply hereketler bilen baglanyşykly noýabr aýynyň başlaryna çenli 271 adam tutulypdyr. Bu hadysalar bilen baglylykda suda çekilenleriň hem aglaba köplügi özbekler bolupdyr.

Adam hukuklaryny goraýan halkara we ýerli guramalar indi birnäçe wagt bäri gyrgyz häkimiýetlerini bu işlerde aýyplap gelseler-de, munuň häzirki wagta çenli beren netijesi bolmady. Halkara “Amnesty International” guramasynyň düýn neşir edilen hasabatynda: “Adamlaryň eden-etdilik bilen tutulmagy, gynalyp, urlup-ýenjilmegi, adalatsyz sud prosesleri şindi-de dowam edýär” diýilýär.

“Pursat elden gider”

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Nikola Dakwors galp derňewler we adalatly derňew alyp barmak meselesindäki başarnyksyzlyk jenaýat edenlerde jezasyzlyk we pida çekenlerde hem adalatsyzlyk duýgusyny güýçlendirer diýipdir.

“Iýun wakalary bilen baglanyşykly tutulan we günä bildirilen adamlaryň haýsy millete degişlidigi barada gyrgyz häkimiýetleri maglumat neşir edenoklar. Ýöne olar çynlakaý jenaýatlarda aýyplanyp tutulanlaryň köpüsiniň özbekdigini aýdýarlar.
Ozalbaşda olaryň öz beren maglumatyna seredeniňde, öldürilen adamlaryň aglabasy özbek. Onsoň millet barada oýlananyňda, bu adamlaryň öldürilmegine jogapkär gyrgyzlar ýa-da başga milletler bolmaly. Şeýlelikde, sanlar barada bir etniki deňsizligi görmek bolýar” diýip, Nikola Dakwors belleýär.

Nikola Dakwors: “Bu ýörelge basym üýtgemese, adalatyň üstün çykmak pursaty elden gider” diýýär.

“Amnesty International” Gyrgyzystanyň polisiýa we howpsuzlyk güýçleriniň-de roluny sorag astyna alýar. Aýdylyşyna görä, käbir polis işgärleri zorlukly hereketleriň öňüni almak üçin hiç bir iş etmändirler.

“Howpsyzlyk güýçleriniň zorlukly hereketleriň güýjemeginiň öňüni almanlygy barda ençeme maglumat bar. Ýene-de olaryň bu işiň öňüni almak-ha däl, gaýta özleriniň hem oňa gatnaşandygyny görkezýän wideoýazgylar we gözli şaýatlaryň beren maglumatlary-da bar” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Nikola Dakwors nygtaýar.