“Transparency International” guramasy global derejede korrupsiýany özara baglanyşdyrýan baglanyşyklaryň hem az däldigini belleýär.
“Transparency International” guramasynyň Orsýetdäki bölüminiň başlygy Ýelena Panfilowa golaýda “Rossiýskaýa gazeta” beren interwýusynda bu ýurtdaky korrupsiýanyň ýagdaýyny suratlandyryp, şeýle diýdi: “Moskwanyň bir restoranynda hökümet resmisiniň çalaja baş atmagy bilen, düşewüntli döwlet kontraktyny bir uly kompaniýa alýar. Onuň öwezine bolsa, bu resminiň gyzy Oksford uniwersitetinde tölegsiz okamak üçin grant gazanýar”.
Ýüzleý seredeniňde, bu bir özbaşyna üzňe korrupsiýa hadysasy ýaly bolup görünýär. Iş ýüzünde welin, ol näresmi arabaglanyşyk we gatnaşyklar ulgamynyň göze dürtülip duran çetidir. Ekspertleriň “sistemalaýyn korrupsiýa” diýýäni hem şu.
Ekspertler sistemalaýyn korrupsiýadan ejir çekýän ýurtlaryň sanyny 40 bilen 60 aralygynda diýip çaklaýarlar. Postsowet döwletlerinden başlap, Owganystan, Päkistan, Afrikada bolsa Sahara çöllüginiň günortasyndaky ýurtlar ýaly regionlar bu sanawa girýärler.
Globallaşma dinamikasy we korrupsiýa
Soňky onýyllyklarda globallaşygyň dinamikasy we informasiýa tehnologiýasy korrupsiýanyň bir ýurtdan beýleki ýurda ýaýramagyna-da ýol açdy. Kolorado uniwersitetinde iş alyp barýan we postsowet ýurtlaryndaky korrupsiýany öwreniji spesialist, syýasaty öwreniji alym Kristof Stefesiň pikiriçe, korrupsiýa batan ýurtlaryň ykdysady we syýasy taýdan iň güýçlüsi bolan Orsýet munuň açyk mysaly.
“Orsýet barada, elbetde, köp gürrüň edilýär. Bu ýerde guramaçylykly jenaýatçylyk tutuş dünýädäki biznese aralaşyp, olary haram pullary ýuwýan maşyna öwürýär. Bu kompaniýalara başgaça söwda ahlagyny getirýär” diýip, Stefes belleýär.
Ýöne Brookings institutynyň spesialisti Daniel Kaufmannyň pikiriçe, bu kompaniýalar köp ýurtlarda iş alyp barýan günbatar kompaniýalarynyň diňe öňden gelýän zyýanly işlerini dowam etdirýärler. Ol: “Bular Afrikada, Aziýada we başga ýerlerde hem korrupsiýa güýçli goşant goşýarlar. Ýöne hökümetler özlerinde bar bolan korrupsiýa problemasynda daşky täsirleri günäkärlemeli däldirler” diýýär.
“Ýurduň öz içinden gelýär...”
Daniel Kaufmann: “Düýp özeninde korrupsiýa edilýän iň möhüm täsir ýurduň öz içinden gelýär. Kämahallar başga toparlary günäkär edip görkezmek üçin çet ýurtlaryň täsiri ulaldylýar. Elbetde, köp ýurtlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň we beýleki döwletleriň munda täsiriniň bolmagy mümkin. Ýöne ýurduň içinde öz borçlaryňy ýerine ýetirmezlik üçin hiç hili bahana bolmaly däldir. Iň möhüm mesele hem şu” diýip, belleýär.
Sistemalaýyn korrupsiýa garşy göreş üzňelikdäki korrupsiýa garşy göreşden gaty kyn. Aslynda, ekspertler sistemalaýyn korrupsiýa batan režimleriň “korrupsiýa garşy göreş” diýen perdä duwlanyp, gaýta korrupsiýany has-da güýçlendirmek bilen meşgullanýandyklaryny öňe sürýärler. Olaryň pikiriçe, bu režimler bu ulgamlardaky parahor işgärleri çalşyrsalar-da, şol ulgamlaryň özüne el uranoklar.
Sistemalaýyn korrupsiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak aňsat iş däl. Ýöne Kolorado uniwersitetiniň eksperti Kristof Stefes Birleşen Milletler Guramsy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, G-20, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň bu göreşe aktiw goşulýandyklaryna bil baglap, gelejege umytly garaýar.