Parahorlyk ösýär, garşylygam ösýär…

"Pikirleri soralanlaryň 60 prosentiniň garaýşyça, geçen üç ýyllykda parahorlyk artypdyr".

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan “Transparency International” toparynyň täze ýaýradan hasabatynda dünýäniň köp ýurtlarynda parahorlugyň gitdigiçe artýandygy aýdylýar.

Ýöne “Transparency International” toparynyň hasabatyna görä, korrupsiýa we parahorlyga närazylyk bildirip, bu hadysalaryň üstüni açmaga meýilli adamlaryň sany hem köpelýär.

9-njy dekabrda korrupsiýa garşy Halkara göreş güni bellenip geçildi. “Transparency International” bu waka gabatlap, özüniň 2010-njy ýyl üçin taýýarlan hasabatyny çap etdi. Hasabatda dünýäniň 86 ýurdy barada berilýän maglumatlaryň käbiri adamy ikirjiňlendirse, käbiri umyt döredýär.

Hasabat hökümet edaralarynda, keselhanalarda, polis edaralarynda, okuw jaýlarynda we sudlarda bar bolan parahorlyk barada 91 müň adamyň pikiri owrenilip, taýýarlanypdyr.

Korrupsiýa barha artýar...

Pikirleri soralanlaryň 60 prosentiniň garaýşyça, geçen üç ýyllykda parahorlyk artypdyr. “Transparency International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Miklos Marşall pikiri soralanlaryň dörtden biriniň korrupsiýadan ejir çekendigini aýdýandygyny belleýär.

“Erbet görkeziji - korrupsiýanyň gitdigiçe ýaramazlaşýanlygy. Bu tutuş dünýäde bize maglumat beren adamlaryň 60 prosentden gowragynyň aýdany. Korrupsiýa barha artýar. Ol geçen üç ýyllykda hem artypdyr. Ýene bir ýaramaz görkeziji, ol-da, 86 ýurtda pikiri soralan adamlaryň 25 prosentiniň öten ýyl para tölemeli bolandygydyr. Bular gowy görkezijiler däl” diýip, Marşall belleýär.

Barlag geçirilen ýurtlarda iň parahor hasaplanýanlar polisiýa işgärleri. Pikiri soralan adamlaryň 30 prosente golaýy geçen 12 aýyň içinde özleriniň polis işgärlerine para bermeli bolandyklaryny aýdýarlar. Bu 2006-njy ýyldakydan iki esseden hem köp.

Hasabatda görkezilişi ýaly, parahorlyk sud häkimiýetlerinde-de barha artýar.

Parahorlugyň iň ösen regionlary Owganystan, Hindistan, Yrak we Afrikanyň demirgazyk ýurtlary hasaplanylýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlarda hem ilatyň takmynan üçden bir böleginiň öz meselelerini para bermek bilen çözýändikleri aýdylýar.

Ýaramaz we oňyn taraplar

“Transparency International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Mikloş Marşall “Bu regionlarda adamlardan ‘Näme üçin para berdiňiz’ diýip soranymyzda, adamlaryň köpüsi häkimiýetler bilen problemalardan gaçyp, para berendiklerini aýtdylar” diýip, belleýär.

“Transparency International” guramasynyň wekilleri köp ýurtlarda iş alyp barýan syýasy partiýalaryň ilat tarapyndan iň bir ynamdan gaçan toparlar hökmünde baha berilmegine geň galandygyklaryny aýdýarlar. Pikiri soralanlaryň 80 prosent töweregi bular ýaly guramalary “düýpden çüýrük” diýip hasaplaýandyklaryny belläpdirler.

Ýöne hasabatda erbet görkezijiler bilen birlikde gowy görkezijiler-de bar. Barlaglaryň görkezmegine görä, adamlaryň arasynda korrupsiýa garşy sagdyn garşy durmalaryň derejesi hem barha artýar. Parahorlyga garşy durup, bu ýagdaýy häkimiýetlere ýetirmäge taýyndygyny aýdýan adamlaryň sany indi öňkülerinden ýokary.

Mikloş Marşallyň pikiriçe, ilatyň aň-düşünjesiniň, gahar-gazabynyň artmagy gowy bolsa-da, düýpleýin ornan korrupsiýany aradan aýyrmak üçin halkyň gysyş görkezmegi, hökümetleriň hem degişli çäreleri görmegi gerek.

“Halk tarapyndan basyş bolmasa, parahorlyga garşy göreş mümkin däl. Oňa ýokardan aşaklygyna we aşakdan ýokarylygyna çemeleşilmeli. Bize bir tarapdan reformany isleýän we düşünjeli syýasy ýolbaşçylar, beýleki tarapdan bolsa güýçli gysyş görkezip, ýagdaýyň üýtgemegini talap edýän ilat gerek. Media üçin, graždan jemgyýeti üçin erkinlik bar ýerinde, bu basyşy belli bir ugra gönükdirip bolýar. Bu ýagdaý reformalara getirip bilýär” diýip, “Transparency International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Mikloş Marşall nygtaýar.