Gyrgyzystanyň parlamentinde dolandyryjy koalisiyany döretmek ugrundaky birinji synanyşyk başa barmansoň, prezident Roza Otunbaýewa koalisiýa düzmek meselesini täze partiýa tabşyrdy.
Gyrgyzystanda täze parlamente saýlanan deputatlar parlament saýlawlaryny gaýtadan geçirmezden, Merkezi Aziýada parlamentar sistema esaslanýan ilkinji parlament koalisiýasyny döretmäge synanyşýarlar.
Gyrgyz parlamentinde döredilen ilkinji koalisiýanyň işi şowsuzlyga uçrady. Şol wakadan bir gün geçensoň, 4-nji dekabrda Gyrgyzystanyň prezidenti Respublika partiýasynyň ýolbaşçysy Ömürbek Babanowa täze koalisiýany düzmegi tabşyrdy.
Bu barada Roza Otunbaýewanyň metbugat sekretary Sultan Kanazarow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýidi: “Sosial Demokratik partiýanyň lideri Almazbek Atambaýewiň dolandyryjy koalisiýany düzmek synanşygy başa barmansoň, 3-nji dekabrda Roza Otunbaýewa parlamentdäki hemme 5 partiýanyň liderleri bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi. Şol maslahatlaryň netijesinde-de, prezident dolandyryjy koalisiýany düzmek meselesini ‘Respublika’ partiýasynyň lideri Ömürbek Babanowa tabşyrdy”.
10-njy oktýabrda geçirilen Gyrgyzystanyň parlament saýlawlarynda sesleriň aglabasyny alan belli bir ýeňiji partiýa bolmady.
Saýlawlardan bir aý geçensoň, 10-njy noýabrda bolan parlamentiň ilkinji sessiýasynyň soňky güni prezident Roza Otunbaýewa hökümeti düzmek haýyşy bilen “Sosial Demokratik” partiýasyna ýüz tutdy.
Ömri gysga bolan koalisiýa
Birnäçe hepde dowam eden dartgynly gepleşiklerden soň, 30-njy noýabrda gyrgyz parlamentine saýlanan 5 partiýanyň 3-si, yagny, «Sosial Demokrat», «Ata Meken» we Babanowyň ýakynda döreden «Respublika» partiýalary koalisiýany düzmegi ylalaşdylar.
Saýlawlarda iň köp ses alan «Ata Žurt» we Orsýet tarapyndan goldanýan «Ar-Namys» partiýasy bu ýaranlyga gaşry çykyp, oppozisiýa geçdi.
Ýöne täze koalisiýa iki günden soň, parlamentiň spikerini saýlamak meselesi boýunça ylalaşyp bilmän, dargady.
Indi Ömürbek Babanowa täze ýaranlygy düzmek üçin diňe 15 gün wagt berilýär. Eger ikinji synanyşyk hem başa barmasa, onda Gyrgyzystanyň Konstitusiýasy boýunça, 3-nji - iň soňky synanyşyga mümkinçilik berler.
Eger hökümet 45 günüň dowamynda ýa-da 3 synanyşykda düzülmese, onda parlament dargadylar we täze saýlawlaryň geçiriljek möhleti yglan ediler.
Käbir analitikleriň aýtmaklaryna görä, Babanowyň «Respublika» partiýasyna agzalaryň arasynda hem günbatar regionlaryň, hem demirgazygyk regionlaryň wekilleriniň bardygy sebäpli, bu partiýada Gyrgyzystany dolandyryp biljek koalision hökümeti düzmek mümkinçiligi beýlekileriňkiden has ýokary diýlip hasaplanylýar.