Eýrana sanksiýalar "agyr degýär"

Eýranyň takmynan 17 banky dünýäniň möhüm maliýe merkezleriniň gara sanawynda dur.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Eýranyň garşysyna girizilen halkara sanksiýalaryň bu ýurduň hökümetiniň milliardlarça dollarlyk zyýan çekmegine getirendigini, onuň atom ýaraglaryny öndürmek baradaky tagallalaryny gowşadandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň maliýe ministriniň terrorizm we maliýe aňtawy boýunça kömekçisi Stýuart Lewi Wekiller palatasynyň Daşary işler komitetine öz üstüne alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin Eýrana gysyş görkezmekde Waşington bilen halkara jemgyýetçiliginiň uly öňegidişlik gazanandygyny aýtdy.

“Biziň häzir görýän zatlarymyz gaty uly zatlar. Göz öňünde tutulan Eýran banklary bilen ozal söwda işine meýil görkezen banklar indi ugurlaryny üýtgedip, olar bilen aragatnaşygy kesýärler” diýip, Lewi aýtdy.

Eýranyň takmynan 17 banky dünýäniň möhüm maliýe merkezleriniň gara sanawynda dur. Birleşen Ştatlaryň täze kanuny şol merkezleri iş salyşmak üçin ýa Amerikany ýa-da Eýrany saýlap almaga mejbur edýär.

Lewiniň Kongresiň komitetine aýtmagyna görä, ykdysady kynçylyklar Eýranyň ýolbaşçylarynyň arasynda başagaýlyk döredipdir. Olar global maliýe çäreleri beýle agyr degip, ýurduň içinde hökümetiň tankytlanmgyna getirer diýip, asla garaşmandyrlar.

“Sanksiýalaryň umumy täsiri netijesinde Eýran halkara maliýe sistemalaryndan barha çetleşdirilýär. Eýran abraýly banklaryň maliýe hyzmatlaryndan peýdalanyp bilenok. Ol dollar we ýewro bilen söwda işlerini amala aşyrmakda gitdigiçe kynçylyk çekýär” diýip, Lewi aýtdy.

Sentýabr aýynda eýran puly riýalyň hümmetiniň aşa peselmegine sebäp bolan zat hem şu kynçylyklaryň biri.

Diňlenişikde Lewi bilen birlikde Döwlet sekretarynyň kömekçisi William Börns hem görkezme berdi. Ol: “Eýranyň 50 milliard dollarlyk zyýan çekmegi hem-de energiýa sektorynda goýulmagy mümkin 60 milliard dollarlyk maýany ýitirmegi ähtimal” diýdi.

“Biziň soňky aýlarda girizen çärelerimiziň arassa netijleri gaty güýçli. Girizilen öňki çärelerden has güýçli” diýip, Börns aýtdy.

Döwlet sekretarynyň kömekçisi kömekçisi William Börns öz beren görkezmelerinde Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň bu ýurduň ýadro ýaraglaryny öndürmek başarnygyny bökdändigini hem belledi.

Prezident Barak Obamanyň Eýran baradaky baş geňeşçisi Dennis Ross hem düýn Waşingtonda: “Birleşen Ştatlaryň Eýrany gepleşiklere getirmek üçin görkezýän gysyşy asla bu ýurdy kemsitmäge gönükdirilenok” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary – Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Orsýet we Hytay – şeýle hem Germaniýa geljek hepde Ženewada ýadro gepleşikleri üçin Eýranyň resmileri bilen duşuşarlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi William Börnsiň aýtmagyna görä, çynlakaý gepleşiklere girjek bolsa, Tähran üçin gapy açyk.