Eýran jemgyyetçilik ylymlaryny nyşana alýar

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi jemgyýetçilik ylymlaryny dini prinsiplere şübhe döredýänlikde tankytlapdy.

Eýranda jemgyýetçilik ylymlaryny yslam taglymatlaryna tabyn etmek barada barýan tagallalar Sam ýaly studentleri aladalandyrýar.

Tähran uniwersitetiniň 29 ýaşly studentiniň pikiriçe, häkimiýetleriň ylmyň bu pudaklaryny nyşana almagyna sebäp bolýan zat jemgyýetçilik ylymlarynyň tankydy pikirlenişe şert döredýänligi.

Öz dogry adyny aýtmakdan saklanýan bu student: “Dinçileriň häzir Eýrana häkimlik edýän iň bir yza galak gatlagy jemgyýetçilik ylymlaryna çydap bilenok” diýýär.

Samyň pikiriçe, Eýranyň häkimiýetleriniň öňümizdäki birnäçe ýyllykda uniwersitetlerde jemgyýetçilik ylymlaryndan berilýän sapaklara üýtgetme girizmek baradaky planlary başa barmaz.

“Maksat Eýranda höküm sürýän garaýyşlar bilen bäsleşik edýän ýa bu garaýyşlara ters gelýän pikir ugurlaryny togtatmak bolsa, onda häkimiýetler uniwersitetlerden aňrylara seretmeli. Biziň günlerimizde Eýranda täze garaýyşlaryň döremegi ýeke uniwersitetler bilen çäklenenok” diýip, Sam belleýär.

Haçan başlady?

Bu planlar ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýiniň 2009-njy ýylyň awgustynda jemgyýetçilik ylymlaryna gönükdiren tankytlary sebäpli edilýän işler diýlip, çak edilýär.

Hameneýi jemgyýetçilik ylymlaryny dini prinsiplere şübhe döredýänlikde tankytlap, häkimiýetlere bu ylymlardan berilýän sapaklara üýtgetme girizmek barada çynlakaý oýlanmagy teklip etdi.

Şondan soň onuň bu tankydynyň yzyny Basij güýçleriniň başlygy Mohammed Reza Nagdi we sud häkimiýetleriniň başlygy Jawad Larijani ýaly adamlar alyp göterdiler.

Larijani tankytlaryny psiholigiýa bilen sosiologiýa gönükdirip: “Bular dini teoriýalara ters” diýdi. Nagdiniň pikiriçe hem Yslam respublikasyna garşy aşakdan alnyp barylýan urşuň esasyny emele getirýän zat jemgyýetçilik ylymlary. Bular ýaly tankytlary Mohammad Tagi Mesbah ýaly konserwatiw ruhanylar-da gaýtaladylar.

Umyt bar

Ýöne Sam we beýleki ençeme studentler jemgyýetçilik ylymlarynyň uniwersitetlerdäki geljegine umytly garaýarlar.

Golaýda Eýranyň Azad uniwersitetiniň dolandyryş bölümini tamamlan Saeed: “Yslam respublikasy jemgyýetçilik ylymlaryna öz tagmasyny basyp bilmez, sebäbi onda ýeke gider ýaly serişde ýok” diýýär.

“Bu gün bir ygtybarly çeşme ýa bir abraýly adam hökmünde ulanar ýaly geçen 30 ýyllykda olaryň nämesi bar? Adamlaryň elini kesen adamlar indi adam hukuklary baradaky taglymatlary üýtgetmegi planlaşdyrýar. Olaryň öz adamlaryna degişli bir topar 1,400 ýyl mundan ozalky hukuklary gazyp çykaryp, şolary ýerine ýetirjek bolýar” diýip, Saeed aýdýar.

Ol soň hem: “Bu işi edip bilmezler. Biz indi olaryň halkyň pikirleriniň we hereketleriniň öňüni alýan döwründe ýaşamzok” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Eýranyň reformaçy studentleriniň iň uly toparynyň syýasy komitetiniň ýokary derejeli bir agzasy hem: “Girizilen üýtgetmeleriň alymlaryň ylmy işlerine päsgelçilik döretmegi mümkin. Onsoň olar ylmy işlerini dowam etdirmek üçin, daşary ýurtlara giderler” diýýär.