2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky wakalaryň bolup geçenine sekiz ýyl doldy. Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka dahyllylykda aýyplanyp, tussag edilenler türmede, emma tussaglaryň ýagdaýlary barada olaryň dogan-garyndaşlaryna maglumat berilmeýär.
Şol döwürde Türkmenistanyň baş prokurory wezipesini eýelän, häzir özi hem tussaglykda oturan Gurbanbibi Atajanowa 2002-nji ýyldaky waka bilen bagly çykyş edende: “Bu işe ýolbaşçylyk eden Şyhmyradowyň Nyýazowyň janyna kast edip, häkimiýet edaralaryny zorluk bilen basyp alyp, özüniň ýurtda konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi maksat edinendigini aýtdy” diýipdi.
Bu waka dahyly bolanlykda aýyplanyp, özlerine kesilen möhleti oturyp çykan az sanly adamlaryň hatarynda Saparmyrat Seýidow, Akmyrat Kabulow, Ýusup Haýydow bar. Emma uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen Batyr Berdiýew, Boris Şyhmyradow, Serdar Rahymow, Döwlet Gaýypow, Rejepgeldi Nurgeldiýew, Myrat Garataýew, Guwanç Jumaýew dagylar bilen bir hatarda tussag edilen beýleki adamlaryň köpüsi barada olaryň dogan-garyndaşlaryna düýpden habar berilmeýänligi adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatlarynda bellenilýär. Şol hasabatlarda hatda tussaglaryň diri ýa ölüdigi barada-da maglumat berilmeýändigi aýdylýar.
Maglumat ýapyklygy
2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasyna dahyly bolanlykda aýyplanyp, gaýybana tussaglyga höküm edilenleriň biri, bosgunlykda döredilen “Respublika” partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow halkara jemgyýetçiliginiň tussaglykda saklanýan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna olar hakda maglumat bermek barada häkimiýetlere basyş edýändiklerini, ýöne şol basyşlaryň kän netije bermeýändigini aýtdy.
“Nyýazow ölenden soň, halk, şol sanda biz hem, uludan demimizi aldyk. Özgerişler bolar diýip, umyt etdik. Emma Nyýazowyň döwründe adam hukuklary boýunça kabul edilen birnäçe konwensiýanyň biri-de ýerine ýetirilmedi” diýip, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow aýdýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyna jaň edip, näme sebäpden türkmen türmelerindäki syýasy tussaglar hakda olaryň dogan-garyndaşlaryna maglumat berilmeýär diýip gyzyklandy. Institutyň işgäri “bilmeýärin” diýip, jogap berdi. Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa Türkmenistanda diňe syýasy tussaglar barada däl, eýse beýleki tussaglar barada hem maglumat almagyň gaty kyndygyny aýdýar.
2002-nji ýylyň wakalary bilen bagly tussag edilen Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowa sekiz ýylyň dowamynda edýän tagallalaryna garamazdan, öz adamsy barada maglumat alyp bilmeýändigini aýdýar. Ol Türkmenistanyň Adalat ministrligine, Baş prokuraturasyna we beýleki edaralaryna ýüzlenip, hatda öz adamsy barada suduň çykaran kararyny henize çenli-de alyp bilmändigini belleýär.
“Tussaglykda saklanýan adamyň kimdigine garamazdan, onuň nähili jenaýat edendigine garamazdan, şol tussaglaryň öz hak-hukuklary bar. Türkmen häkimiýetleriniň tussaglykda saklanýan adamlar hakda sekiz ýylyň dowamynda maglumat bermezligi jenaýatdyr” diýip, Tatýana Şyhmyradowa bu hereket bilen türkmen häkimiýetleriniň hem ýuridiki hem-de umumy adamzada degişli kanunlary bozýandyklaryny nygtady.
Şeýle hem Tatýana Şyhmyradowa sekiz ýylyň dowamynda tussaglykda saklanan adamlaryň maşgalalarynda dürli wakalaryň bolandygyny aýdyp, olaryň käbiriniň garry ene-atasynyň aradan çykandygyny, çagalarynyň kämillige ýetip, öýli-işikli, çagaly bolandygyny aýtdy we tussaglaryň öz ýakynlaryna degişli wakalar barada habar almaga we özleri hakda habar bermäge kanun boýunça haklarynyň bardygyny belledi.
Goňşy ýurtlardaky tejribeler
Türkmenistanyň goňşy ýurtlaryna syn etsek, mysal üçin, Belarus oppozisiýasynyň liderleriniň biri, öňki saýlawlarda prezidentlige dalaş eden Aleksandr Milenkewiç tussaglykda bolan döwri onuň aýaly rak keselinden heläk bolansoň, oppozisioneri aýalyny jaýlamaga goýberdiler.
Azerbaýjanda tussag edilip, soň azatlyga goýberilen “Eşek blogçylar” diýen lakam bilen meşhur bolanlaryň biri Emin Milliniň kakasy aradan çykanda onuň hem atasyny jaýlamaga goýberilendigini blogçynyň aýaly Leýla Kerimli 11-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Staliniň döwründe hem bäş ýyldan artyk adamlaryň doly uzňelikde saklanmandygyny adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi: “2002-nji ýylyň noýabr wakalaryna dahyly bolanlykda aýyplananlaryň bolsa sekiz ýyllap öz dogan-garyndaşlary bilen gatnaşdyrylman saklanýarlar. Ýurda ýolbaşçylyk edip, şeýle uly jogapkärçiligi öz üstüne alýan adamlaryň ýüreklerinde adalatlylyga hem duýgudaşlyga orun bolmaly”.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky öňki ilçisi, bosgunlykda döredilen “Respublika” partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow türkmen resmileriniň iru-giç bu mesele bilen bagly jogap bermeli boljakdyklaryny nygtady.
Hukuk goraýjy aktiwist Täjigül Begmedowa tussaglykdaky adamlaryň uzak wagtlap daşarky dünýäden doly izolirlenmegi ýaly faktlaryň türkmen liderleriniň halkara derejesinde ýurduň abraýyny ýokary galdyrmak ugrundaky hemme aladalarynyň üstüne atanak çekýändigini belledi.
Häkimiýet başyna geçen ýylynyň tomsunda ABŞ-da eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň ykbaly barada özüne berlen soraga jogap berip, “şeýle meseleler bilen meşgullanmaýanlygyny, emma olaryň diridigine ynanýanlygyny” mälim edipdi. Türkmenistan şondan bäri 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň meselesini resmi taýdan agzaman gelýär.