Iki Koreýanyň arasy dartgynly

Hüjüm Günorta Koreýa Sary deňizdäki jedelli serhediň golaýynda hemişe geçirlýän türgenleşige başlanda bolupdyr.

Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Mýung-bak Demirgazyk Koreýanyň iki döwletiň arasyndaky jedelli deňiz serhediniň ýakasynda ýerleşýän ilatly ada artilleriýa hüjümini etmegi netijesinde dörän konfliktiň güýjemeginiň öňüni almaga synanyşýanlygyny aýtdy. Lee bu beýanaty gyssagly geçen hökümet duşuşygyndan soň etdi.

Günorta Koreý mediasynyň habaryna görä, Seul öz prowokasiýalaryny bes etmegini talap edip, bu hakda Phenýana duýduryş beripdir.

Şu gün bir sagada çeken hüjüm Ýeongpýeong adasynda ýaşaýan ilatyň ewakuasiýa edilmegine getirdi. Şeýle hem iki esger ölüp, ençeme adam ýaralandy.

Hüjüm Günorta Koreýa Sary deňizdäki jedelli serhediň golaýynda hemişe geçirlýän türgenleşige başlanda bolupdyr. Günortadadakylar hem ot açyp, hüjüme jogap beripdirler. Şeýdip, bu hadysa güýjäpdir.

Bular ýaly hadysalar iki Koreýanyň arasynda ozal hem bolman duranokdy. Öten mart aýynda serhediň golaýynda Günorta Koreýanyň bir harby gämisi gark bolup, 46 deňizçi öldi. Seul Phenýany gämä torpeda hüjümini edenlikde aýyplady. Demirgazyk Koreýa hem muny ret etdi.

Waşingtonda Ak Tam beýannama ýaýradyp, Demirgazyk Koreýanyň şu günki işini ýiti ýazgardy. Orsýet hem dartgynlylygyň artmagy uly howp diýip, duýduryş berdi. Ýaponiýanyň premýer-ministri Naota Kan öz hökümetine we goşunlaryna her bir babatda taýýarlykly bolmagy tabşyrypdyr.

“Ilki bilen men öz adamlarymyzdan bu hadysa barada maglumat toplamak üçin ähli tagallany etmekligi soradym. Ikinjiden-de olara taýýarlykly bolmagy tabşyrdym. Meniň ýaňy beren iki buýrugym şular” diýip, Ýaponiýanyň premýeri Naota Kan aýtdy.

Ýewropada hem Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle Koreýadaky ýagdaýyň özüni aladalandyrýanlygyny aýtdy: “Bu soňky wakalar meni gaty aladalandyrýar. Ýewropada bizi biynjalyk edýän zat – zorluk ulanylmagy. Biz akyl-paýhas üstün çykyp, barlyşygyň ýol almagy üçin taraplary özlerine erk etmeklige çagyrýarys”.

Pekinde hem Daşary işler ministrliginiň sözçüsi bir metbugat konferensiýasynda Koreýa ýarym adasynda taraplaryň ikisi-de “parahatçylyga goşant goşmak üçin köpräk tagalla etmeli” diýdi. Ol şeýle hem: “Demirgazyk Koreýanyň atom ýaragy programmasynyň soňlanmagy üçin alty taraplaýyn gepleşiklere täzeden başlanmagy gerek” diýdi.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa baradaky ýörite wekili Stefen Bosworsiň aýtmagyna görä, Phenýan öz ýadro programmasyny giňeldip ýörkä, bu gepleşiklere girişilmez.