Ilki başda “gaýtadan ýola goýmak” barada gürrüň edilýärdi, indi bolsa “täze başlangyç” barada aýdylýar. Portugaliýanyň paýtagtynda geçirilen NATO-nyň sammitinde bu harby ýaranlyk Moskwa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň tagallalaryna eýerip, birnäçe ylalaşyga gol çekdi.
Russiýa we NATO ballistik raketalardan goranyş boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyp, Owganystandaky esgerlere niýetlenen ýükleri daşamak boýunça täze şertnama baglaşdylar we indi özleriniň biri-birlerine howp abandyrmaýandyklaryna ýazmaça kepil geçdiler.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen NATO-Russiýa Geňeşiniň duşuşygyny Moskwa bilen Günbataryň ýaranlygynyň arasyndaky gatnaşyklarda “hakyky täze başlangyç” diýip atlandyrdy.
“Şu gün biz, NATO ýurtlary we Russiýa, ençeme howpsuzlyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyzy tassyklap, birek-birege howp döretmeýändigimiz barada ýazmaça ylalaşyk gazandyk” diýip, Rasmussen aýtdy. “Diňe şunuň özi hem NATO-Russiýa gatnaşyklarynyň geçmişini we geljegini biri-birinden aýyl saýyl edýär”.
2008-nji ýylyň awgust aýynda Russiýanyň Gürjüstana goşun sürmegi netijesinde Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetipdi. Bu ýygnak şol günden bäri NATO-Russiýa Geňeşiniň arasynda geçirilen ilkinji duşuşyk boldy.
Prezidentler Barak Obama we Dmitriý Medwedewiň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnak Geňeşiň ABŞ-nyň we Russiýanyň liderleriniň ikisiniň hem gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji duşuşygy boldy.
Medwedew NATO-nyň raketadan goranyş sistemasyna goşulmak baradaky çakylygy kabul edýändigini gysgaça mälim edip, bu ýerde Russiýanyň deňhukukly “partnýor” bolmalydygyny nygtady. Ol planyň düzülmegine tehniki hünärmenleri gatnaşdyrmaga razylyk berdi, emma geljekde has giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny hem aradan aýyrmady.
Möhüm planlar
Rasmussen goranyş sistemasy doly oturdylandan soň Moskwanyň çekilmezligini kepillendirmek üçin edilmeli işleriň kändigini boýun aldy.
“Şu günden beýläk gury ýerdäki goşunlarymyzy goramaga niýetlenen raketadan goranyş sistemasy boýunça hyzmatdaşlygyň üstünde işläp başlarys we territorial raketadan goranyş boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegimiz üçin jogaplary zerur bolan soraglara jogap bereris” diýip, Rasmussen aýtdy.
19-njy noýabrda Obama Eýranyň ballistik raketalaryndan we ýadro programmasyndan goranmak boýunça tagallalaryň bir bölegi hökmünde raketa galkanynyň Ýewropada gurulmagy babatdaky uly göwrümli plana NATO-nyň goldawyny gazandy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama NATO-Russiýa Geňeşiniň sessiýasyndan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda gazanylan ylalaşygy gutlady.
“Ýewropanyň raketadan goragy babatda geçen yyl yglan eden çemeleşmäm, tapgyrlaýyn we uýgun çemeleşme - bu tagalla boýunça ABŞ-nyň goşjak goşandy we haz giň hyzmatdaşlyk üçin esaslaryň döredilmegi bolar” diýip, Obama aýtdy. “Bu maksadymyza ýetmek üçin ýyllar boýy geçiren gepleşiklerimiziň netijesinde Ýewropadaky ýaranlarymyzy hem-de Birleşen Ştatlary goramak boýunça indi anyk plan edindik”.
Medwedew hem öz gezeginde “kyn we dartgynly gatnaşyklar döwrüniň” tamamlanandygyny aýtdy. Ol NATO bilen Orsýetiň “uly göwrümli planlarynyň barydgyny we ähli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropanyň raketadan goragy boýunça işleşjekdiklerini” sözüniň üstüne goşdy.
“Ýewropanyň raketadan goragyna degişli ähli meseleler boýunça gepleşiklere dowam ederis” diýip, Medwedew aýtdy. “Gapylar ýapylanok. Tersine, olar maslahat üçin açyk, emma munuň netijeleri biziň üçin açyk we göwnejaý bolmaly”.
Iş dowam edýär
Raketadan goranyş sistemasyny Ýewropada gurmak boýunça ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buşuň planlaryna Russiýa düýbünden garşy çykypdy. Sistemanyň esasy bölekleri Polşada we Çehiýada oturdylmalydy.
Geçen ýyl Obama şol planlaryň deregine başda deňizde ýerleşdirilen öňüni alyjylara daýanjak we gury ýerde oturdyş planlaryny gaýra goýjak ABŞ-nyň täze sistemasynyň tarapdary bolupdy.
NATO Moskwa bilen gatnaşyklary gaýtadan ýola goýmak boýunça Obamanyň tagallalaryna daýanyp, bir mahallar jedelli bolan raketadan goranyş sistemasyny indi Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň guralyna öwürmäge synanyşýar.
Indi Russiýa we 28 agzadan ybarat NATO ýaranlygy gatnaşyklaryň geljegini kesgitlemek maksady bilen raketadan goranyş sistemasy boýunça iş toparyny dörederler.
Rasmussen harby däl ýükleri Russiýanyň territoriýasyndan Owganystana daşamaga NATO ýaranlygyna rugsat berýän häzirki ylalaşygyň möhletini uzaltmak barada Russiýa we NATO-nyň Lissabondaky duşuşykda ylalaşyga gelendiklerini hem mälim etdi.
“Biziň Owganystandaky missiýamyza goldaw bermek maksady bilen, Russiýa öz territoriýasyndan has köp NATO ýükleriniň geçirilmegine rugsat berer, bizde indi enjamlary çykarmaga-da mümkinçilik bar” diýip, Rasmussen aýtdy. “Biz Owganystanyň we regionyň, şol sanda, ilkinji gezek, Päkistanyň neşä garşy göreşýän işgärlerine niýetlenen türgenleşdiriş işlerimizi giňelderis”.
Şansa bil baglaýyş
NATO-Russiýa Geňeşiniň açylyşyndaky çykyşynda, Rasmussen “gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak we hakyky hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin” iki tarap üçin hem wagtyň gelendigini belledi.
NATO-nyň öňde baryjy döwletleri bolan Germaniýa we Fransiýa Russiýa bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna köpden bäri garaşyp gelýärler. Emma ýaranlygyň Gündogar Ýewropadaky täze agzalary bu meselde ýaýdanýarlar. Çünki bu ýurtlarda sowet agalygynyň ajy ýatlamalary henizem saklanyp dur.
Muňa garamazdan, Lissabonda Gündogar Ýewropadaky käbir ýurtlaryň Moskwa bilen täzeden ýakynlaşmak üçin şans bermäge taýýardyklary belli boldy.
Sammitiň geçirilýän ýerinde Azaltyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Estoniýanyň daşary işler ministri Urmas Paet Russiýany NATO tarap çekmegiň we ýaranlygyň maksatlarynda Moskwanyň hem bähbitleriniň bolmagynyň oňyn netijelere getirip biljekdigini aýtdy.
“Ençeme gepleşikler, iň bolmanda Russiýa bilen pozitiw gatnaşyklary ýola goýmak baradaky niýet oňyn netijelere getirýär. Mysal üçin, Owganystandaky neşä garşy göreş operasiýalary ýa-da Owganystana Russiýanyň üstünden geçiş, ýa bolmasa garakçylyga garşy göreş – meniň pikirimçe, bularyň hemmesi iş ýüzündäki oňyn tejribeler” diýip, Paet aýtdy.
Emma Paet şeýle hyzmatdaşlyk üçin Moskwanyň hem öz tutumyny üýtgetmeli boljakdygyny sözüne goşdy.
“Eger Russiýa NATO-ny heniz hem duşman hökmünde kabul edýän bolsa, raketadan goranyş boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn netijelere getirip biljekdigini duýamok” diýip, Paet aýtdy. “Eger şeýle bolsa, biz raketa galkany bilen özümizi kimden gorajakdymyz baradaky praktiki sorag keserip durar”.