27-nji oktýabrda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy ýurtda uly dabara bilen bellenildi. Şol 19 ýylyň içinde yurduň bank sistemasynda nähili özgerişler amala aşyryldy?
Sowet Soýuzy dargansoň, 1993-nji ýylyň noýabrynda sowet rublynyň deregine Türkmenistan öz milli manadyny girizdi. Başda iki türkmen manadyna bir amerikan dollaryny alyp bolan bolsa, soňra türkmen manady ur-tut hümmetsizlenip, 2007-nji ýylda gara bazarda bir dollar 24 müň manada ýetdi. Şonda dollaryň resmi kursy bäş müň manada barabardy.
2008-nji ýylyň 1-njy maýyndan başlap ýurtda dollaryň kursunyň unifikasiyasy, ýagny ýeke-täk bir kursa getirilmegi bilen bagly reforma geçirilip, onuň netijesinde Türkmenistanyň alyş-çalyş punktlarynda bir dollary 14,200 manada satyn alyp bolar ýaly edildi. 2009-njy ýylda bolsa manadyň denominasiýasy geçirilip, her bäş müň manat täze puluň bir manadyna getirildi. Şu çaka çenli hem Türkmenistanda dollaryň kursy emeli ýagdaýda 2,85 manadyň derejesinde saklanýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda ýurduň prezidenti wezipesine saýlanaly bäri dollaryň unifikasiýasy we manadyň denominasiýasy ýurduň maliýe ulgamynda, şol sanda bank sistemasynda geçirilen iň uly özgerişler hasaplanylýar.
Ýurduň tekstil we oba hojalyk pudaklaryna hökümet tarapyndan dotasiýa edilýän ýeňillikli kreditleriň berilmegi dowam edýär.
Reformalaryň durgunlygy
1990-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda ýokary derejeli wezipäni eýelän ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanyň bank sistemasyndaky reformalaryň häzir durgunlyga sezewar bolandygyny aýdýar. Bilermeniň pikiriçe, Türkmenistanyň bank sistemasy baradaky kanunlaryň köpusi 1993-nji ýylda kabul edilen kanunlardyr.
“Elbetde, şol kanunlara üýtgetmeler hem goşmaçalar girizildi. Emma täze kanunlaryň taýýarlanýandygy baradaky gürrüňlere garamazdan, olaryň hatda proýektleri hem köpçülige ýetirilmedi” diýip, A.Hajyýew aýdýar.
Ýewropada (ÝÖDB) ösüş we dikeldiş bankynyň Türkmenistanyň maliýe ulgamy barada beren maglumatlarynda bu pudakdaky reformalaryň örän haýal geçirilýändigi, ýurtda hökümet tarapyndan dolandyrylýan banklaryň agdyklyk edýändigi aýdylýar.
Kommersiýa banklarynyň dollara artan islegi ýurtdaky dollaryň kursuny ýokarlandyrmaz ýaly ýurduň Merkezi banky yzygiderli walýuta interwensiýasyny amala aşyryp, gaty berk syýasaty ýöredýar diýlip, ÝÖDB-niň 2009-njy ýyl boýunça beren maglumatynda bellenýär.
Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew şeýle syýasatyň henize çenli dowam edip gelýändigini nygtap, bu maksatlar üçin Türkmenistanyň nebitiniň we gazynyň söwdasyndan gelýän walýutanyň ulanylýandygyny belleýär.
ÝÖDB-niň hasabatynda Türkmenistanyň banklarynda hasabat bermegiň halkara ölçegleri girizilensoň, banklaryň berýän hasabatlarynyň hiliniň ýokarlanandygy aýdylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kommersiýa banklara girizilen halkara bank operasiýalaryna gadagançylygynyň ýatyrylandygy habar berilýär. Netijede häzir kommersiýa banklary halkara SWIFT sitemasy boýunça operasiýalary geçirmek mümkinçiligine eýe boldular.
Daýhan banky
Bank ulgamynda uzak wagtlap işlän ykdysatçy A.Hajyýew häzir Türkmenistanyň banklarynyň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende köp meselede yza galýanlyklaryny öňe sürýär. Ýagny, onuň sözlerine görä, halka hödür edýlän karz-kreditleri bermekligiň şertleri şeýle kreditleriň maksadyna gapma-garşy gelýär.
“Mysal üçin, Türkmenistanyň Daýhan bankynda ilata mikrokarzlary bermek usuly ýola goýlupdyr. Mikrokarzlaryň esasy maksady hiç bir girew goýmazdan kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan adamlary az möçberdäki serişdeler bilen üpjün etmekden ybarat bolýar” diýip, A.Hajyýew aýdýar.
Emma, A.Hajyyewiň bellemegine görä, Daýhan bankynyň internet sahypasynda daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere, hususy kärhanalara, telekeçilere berilýän karzlaryň we ilata iki müň manatdan ýokary möçberde berilýän karzlaryň üpjünçiligine girew üpjünçiliginiň kabul edilýändigi ýazylýar.
Şeýle-de, ykdysatçynyň aýtmagyna görä, Daýhan bankynyň internet sahypasynda iki müň manatdan az möçberdäki serişdeleriň girew üpjünçiligine, girdeji çeşmesine degişli resminamalar bilen tassyklanylan iki sany raýatyň kepil geçmeginde kabul edilip bilinjekdigi aýdylýar.
Şonuň üçin bilermen ýurduň bank ulgamyna degişli halkara ölçeglere gabat gelýän kanunlaryň gysga wagtda kabul edilmeginiň zerurdygyny aýdyp, ýurduň kanunlary bank pudagynyň ösmegini kepillendirmese, Türkmenistanda öz bölümlerini açmak isleýän iri halkara banklarynyň sanynyň az boljakdygyny nygtady.
ÝÖDB-niň beren maglumatlarynda 2008-nji ýylda Türkmenistanda 11 bankyň işländigi, olardan diňe ikisiniň daşary ýurtlara degişlidigi aýdylýar.