Hukuk guramalary ÝB-e ýüzlenýär

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Koçajançik hem F.Tuhbatullina garşy planlaşdyrylýanlygy aýdylýan bu hüjüm baradaky maglumat boýunça alada bildirdi.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada yzygiderli hasabatlary çap edýän sanlyja guramalardan biri Wenada ýerleşýän hukuk goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparydyr.
Türkmenistanyň hökümeti we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan F.Tuhbatullina garşy planlaşdyrylýanlygy aýdylýan hüjüm baradaky maglumat Ýewropada ýerleşýän hukuk goraýjy guramalary hem alada goýdy. Bu mesele bilen bagly düýbi Ýewropada ýerleşýän üç sany hukuk goraýjy topar 14-nji oktýabrda bileleşip, beýanat ýaýratdylar.

Şol guramalardan biri hem Norwegiýanyň Helsinki Komitetidir, agzalýan guramanyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Lena Wetteland bu barada şeýle diýdi: “Abanýanlygy aýdylýan bu howp baradaky maglumat gaty çynlakaý, esasanam F.Tuhbatullina garşy planlaşdyrylýanlygy aýdylýan hüjüm baradaky meselä çynlakaý üns berilmegi zerurdyr. F.Tuhbatullin bu barada ynamdar çeşmelerden maglumat alypdyr”.

ÝB-niň we ÝHHG-niň üns merkezinde

“International partnership for Human Rights”, şeýle-de Gollandiýanyň we Norwegiýanyň Helsinki Komitetleri tarapyndan Ýewropa Bileleşigine ýüzlenilip çap edilen şol beýanatda, hususan, şeýle diýilýär: “Biz ÝB we bu gurama agza ýurtlardan, F.Tuhbatullin bilen bagly aýdylýan bu maglumatlary Türkmenistanyň hökümet wekilleriniň öňünde goýmaklaryny talap edýäris”.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Koçajançik hem F.Tuhbatullina garşy planlaşdyrylýanlygy aýdylýan bu hüjüm baradaky maglumat boýunça alada bildirdi. Ol Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna iberen ýazmaça beýanatynda bu maglumata özleriniň çynlakaý üns berýänligini aýtdy.

ÝB-niň remsisi M.Koçajançigiň beýanatynda ýene şeýle diýilýär: “Farid Tuhbatullin tanymal hukuk goraýjy aktiwistdir, biz bu meseläni ýakyndan yzarlaýarys. Awstriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk esasynda biz bu waka mundan beýläk nähili çemeleşilmeli diýlen meselede ÝB-e agza beýleki döwletler bilen maslahatlaşýarys”.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat wekiliniň orunbasary Freýn Marowiç hukuk goraýjy aktiwist F.Tuhbatullin bilen bagly ýüze çykan ýagdaý barada özlerine resmi taýdan maglumat gowuşmanlygyny belläp, ýöne adam hukuklarynyň ÝHHG üçin möhüm meselelerden biridigini belledi.

“ÝHHG-e adam hukuklary bilen bagly ähli meselelere we adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly wakalara gaty çynlakay üns berýär. Dekabr aýynda Astanada geçiriljek ýygnaga taýýarlyk görýäris. Şol sammitde ÝHHG-e agza ýurtlaryň öz jogapkärçiliklerini näderejede berjaý edýänligi baradaky meselelere syn ediler” diýip, Freýn Marowiç aýtdy.

Näme sebäp boldy?

Häkimiýetleriň görkezen gysyşlary sebäpli mundan ençeme ýyl ozal Türkmenistany terk eden F.Tuhbatullin adam hukuklary barada aktiw iş alyp barýan aktiwistlerden biridir. Ol düýbi Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy. Bu gurama Türkmenistan barada yzygiderli maglumatlary we habarlary çap edýär.

Aýdylýan howp barada alada bildirip, düýn beýanat ýaýradan guramalar hökümeti tankyt edýänligi üçin F.Tuhbatilline şeýle haýbat atylýanlygyny bildirdiler. Şol beýanatda bu baradaky maglumatyň esasanam F.Tuhbatulliniň 29-njy sentýabrda “K-Plýus” telekanalyna beren interwýusyndan soňra ýüze çykanlygy we şol interwýuda onuň türkmen hökümetini tankyt edenligi aýdylýar.

Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Lena Wettelandyň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ynamdardygy aýdylýan çeşmeden gelip gowşan bu haýbata çynlakaý üns berilmeli.

“Farid Tuhbatullin Awstriýada ýaşaýar. Eger ýadyňyzda bolsa, mundan birnäçe ýyl ozal çeçenistanly bosgun hem şol ýurtda öldürilipdi. Şonuň üçin biz Awstriýanyň hökümetinden bu waka çynlakaý üns bermegini we Faridiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmegini soraýarys diýp, L.Wetteland aýtdy.

Bu Türkmenistanyň hökümetiniň Faridi dymdyrmak üçin amala aşyrmagy planlaşdyrýanlygy aýdylýan ilkinji synanşygy däldir, oňa mundan ozal hem öz tankytlaryny bes etmegi üçin türkmenistanly diplomatlar tarapyndan ençeme gezek duýduryş berlenligi aýdylýar.

F.Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary onuň doglan obasynda ýerleşýän ençeme mekdeplere baryp, onuň çagalary hakda maglumat ýygnapdyrlar. Mälim bolşy ýaly, adam hukuklary boýunça alyp barýan işlerinde F.Tuhbatulline onuň ogullary kömek edýärler. Ol häzir öz maşgalasy bilen Awstriýada ýaşaýar.