Ýokary bilimiň ýolundaky böwetler

Türkmenistanda başlanan täze okuw ýyly okuwyny dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň köpüsine ýene lapykeçlik getirdi.

Şu ýyl Türkmenistanyň mekdeplerini tamamlan 100 müňden gowrak okuwçynyň 5 müň 445-si ýurduň içinde okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik aldylar. Döwlet tarapyndan daşary ýurtlara okamaga iberilenleriň sanyny hasaba alanyňda-da, ýaşlaryň 90% töwereginiň ýokary okuw jaýlaryna girip bilmändigi belli bolýar.

Ýerli synçylar ýürtda okuwa girip bilmedik ýaşlaryň köpüsiniň ene-atalarynyň olary daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okatmaga gurplarynyň çatmaýändygyny aýdýaralar.

Okuwa tölemeli puly tapmakda kynçylyk çekýän ýaşlar beýleki ýurtlarda-da az däl. Emma ol ýurtlaryň köpüsinde ýaşlara kömek etmek üçin döwlet hem jemgyýetçilik tarapyndan anyk çäreler görülýär.

Mysal üçin, Orsýetde okuwyny dowam etdirmek isleýän ýaşlara ýeňillikli karzlar berilýär. Bu ýurtda şu ýyldan başlap, şol karzlar ýylyna 5% göterimi bilen berilýär. Karz alan adam ony okuwyny tamamlansoň, 10 ýylyň dowamynda üzmeli.

Şeýle kreditler köp ýurtlartda ýaşlara okuwyny dowam etdirmäge yardam bermek üçin döredilen. Ýagny, student bäş yýlyň dowamynda ýokary okuw jaýynda okap, soňra işe ýerleşensoň, okuw üçin alan karzyny üzüp başlaýar.

ABŞ-da okuwyny tamamlan student aýlygy ýokary bolan iş tapyp bilmese, onda öz ýagadaýyna göra, mysal üçin, aýyna 200-300 dollardan toläp, karzyny gaýtaryp bilýär. Bu barada student kredit beren banka wagtynda arza ýollap, habar bermeli.

Türkmen banklarynyň «sahylygy»

Okuwyny dowam etdirmek üçin Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyna ýüz tutmaga synanyşan 26 ýaşly türkmenistanly bir raýat Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň internet sahypasynda şeýle karzlary bermekligiň şertleri bilen tanşandan soň, muny goýbolsun edendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň internet sahypasynda «Bilim üçin karzlar açyk karz ugry hökmünde berilýär. Her okuw ýyly başlanmazdan öň, karzyň hasabyna şol okuw ýyly üçin bir gezek (ýyllyk) ýa-da iki gezek (ýarym ýyllyk) tölegleri amala aşyrylýar» diýilýär.

Bu internet sahypasynda indiki okuw ýyly üçin tölegleriň öňki okuw ýyly üçin berlen karzyň 90 prosentiniň yzyna gaýtarylan halatynda berlip bilinýändigi aýdylýar.

Ykdysatçylar beýle şertleriň okuwyny dowam etdirmek üçin serişde gözleýänler üçin asla amatly däldigini aýdýarlar. Sebäbi, olaryň pikiriçe, bilim üçin berilýän karzlar ýaşlaryň öz okuwlary bilen meşgullanyp, diňe okuwlaryny tamamlansoňlar, alan şol karzlaryny üzmegiň aladasyny etmeklrine gönükdirilen bolmaly.

Eýsem, Türkmenistanyň beýleki banklarynda studentler üçin ýöriteleşdirilen karzlar göz öňünde tutulýarmy? Türkmenistanyň “Daýhan bankynda” şeýle karzyň 8 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde, girew üpjünçiligi şertinde berilýändigi aýdylýar. Şol karzyň raýatyň ýokary okuw jaýynda okaýan döwründe ýeňillikli berilýändigi, okuwyny tamamlansoň bolsa, raýatyň ony iki ýylyň dowamynda üzmelidigi aýdylýar.

“Türkmen bankyň” internet saýtynda bolsa karzyň diňe ýokary okuw jaýlarynyň gündizki bölüminde tölegli esasda okaýan talyplara berilýän görnüşi barada maglumat berilýär. Emma bu bankyň internet sahypasynda ony almak üçin zerur bolan dokumentleriň sanawy getirilip, karzyň nahili şertler esasynda berilýändigi barada hiç hili maglumat görkezilmändir.

Okuw üçin grantlar

Gazagystan ýaly goňşy ýurtlarda studentlere okuwyny dowam etdirmek üçin karz pul bermek usullary bireýýäm ýola goýlan. Bu karzlary esasan hususy pudaga degişli banklar berýärler. Hökümet bolsa zehinli-sowatly ýaşlar üçin ýylda ýörite grantlary yglan edýär. Şol grantlary alan ýaşlar ýokary okuw jaýlarynda mugtyna bilim alýarlar.

Gazagystanyň Ylym we bilim boýunça ministriniň orunbasary Mahmetgali Sarybekow şu ýyl ýurtda 35.5 müňe golaý grantlaryň berlendigini aýtdy. Şol grantlaryň 30%-ti kwota boýunça oba ýaşlaryna niýetlenen, şeýle hem kwotalar ýetim çagalara, inwalid ýaşlara, hatda Gazagystanyň raýaty bolmadyk gazak milletinden bolan ýaşlara-da berilýär.

Hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin “Türkmenistanda-da şeýle döwlet grantlary döredilip, ýaşlara okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik döredilse, gowy bolardy” diýýär. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanda okuwyny dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň sany şeýle mümkinçilige eýe bolan ýaşlaryň sany bilen deňeşdirilse, studentleriň köpüsiniň hökümet tarapyndan goldawa mätäçdigine göz ýetirip bolardy.

Ýaşlara kim ýardam berip biler?

ABŞ-da hökümete degişli bolmadyk “Turkmenistan Youth and Civic Values Foundation” atly gurama hereket edýär. Bu gurama türkmen ýaşlaryna ABŞ-da bilim almaga, ýaşlara grantdyr ýeňillikli karzlary tapmaga ýardam edýär.

“Global Students Loan Corparation” atly gurama hem Türkmenistan ýaly ýurtlardan çykan ýaşlara okuwyny dowam etdirmek üçin karz pul tapmak meselesinde ýardam berýän guramalardan biri.

Beýleki tarapdan, häzirki internet asyrynda hatda Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtda ýaşabam, ýaşlar internet arkaly-da bilimlerini dowam etdirip bilýärler. Sebäbi häzir “On-line education” atly internet arkaly bilim alyp, diplom edinmek usuly dünýäde giňden ýaýran.

Ýöne şol internet arkaly sapak berýän institutlaryň hem köpüsi tölegli we bu töleg az däl. Şonuň üçin Türkmenistan ýaly baý hem sowatly kadrlara mätäçlik çekýän ýurtda bank sistemasynda reforma geçirip, okamak isleýän ýaşlara goldaw berilse, gowy bolardy diýip, Türkmenistanyň ýagdaýy bilen gyzyklanýan synçylar aýdýarlar.