1-nji oktýabr ýaşulularyň halkara günüdir!

Ýaşulular… Umuman alanyňda, olaryň hemmesi pensionerler. Ömrüň soňky pursatlaryny ýaşap ýören adamlar. Olaryň arasynda ýaňyrak pensiýa çykan ýaşraklar hem (60-63 ýaş aralygyndakylar) bar, garrylygyň has jebirliräk ýaşyna baranlar-da (70-80 ýaşşlylar) bar.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow pensionerleriň köpüsiniň pensiýalaryny kesip, köpüsini bolsa pensiýadan bütinleý mahrum edip, dünýeden ötdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Saparmyrat Nyýazowyň tersine, ähli pensionerler tarapyndan alkyşa mynasyp boldy. Ol öňki kesilen pensiýalary dikeltdi, pensiýadan mahrum edilenlere pensiýa ýöretmek barada perman berdi, hatda ömrüne iş diýip edaranyň gapysyny açyp görmedik hem-de kolhoz meýdanynda eline pil alyp görmedik adamlara hem pensiýa berilýär. Iň pes pensiýalar ýigrimi amerikan dollaryndan durýan-da bolsa, garaz, zähmete ukyby bolmadyk adamlar— pensionerler üçin ol az pul däl — ýol puly, azrak hem bolsa geýim-gejim, iýmit puly bolup durýar. Umuman alanyňda, häzir pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň ählisi az bolsun, köp bolsun, garaz pensiýa alýarlar.

Gurulýan gymmatbaha gurluşyklardan çen tutsaň, Türkmenistany örän baý döwlet diýip hasap etse boljak. Bir ýandan dünýäniň dürli ýurtlaryna satylýan nebit-gaz, elektrik energiýasy, bir ýandan bolsa ýurtda mese-mälim duýulýan pulsuzlyk. Bu zatlara düşüner ýaly däl. Haýsysy dogry — Türkmenistan baýmy ýa-da garyp? Bu ýerde ýurda gelýän ummasyz pullary halka bermejek bolup, at oýnadylýarmy ýa-da hakykatdan-da ýurt garyplygyň ýolundamy?! Ykdysady-maliýe işleriniň içinde bolmaňsoň, bu zatlar hakda anyk faktlary aýtmak kyn.

Ýabygorlurakmyka?

Pensionerleriň başyndaky ýagdaýdan çen tutsaň, ýurtdaky pul serişdeleri ýabygorlurakmyka diýdirýär.

Pensionerler özlerine degişli bankyň bölümine baryp, ir säherden nobata durýarlar. Pensiýalar sagat onlarda berilýän-de bolsa, nobat tutmaklyk irden sagat sekizlerde, hatda irden ýedilerde hem bellenip başlanýar. Gyşyň aýazly günlerinde-de şeýle, tomsuň jokrama yssysynda-da. Billeri bükülen, elleri hasaly adamlar pul berilmezden iki-üç sagat öňünden nobata durýarlar. Pul bermek gündiz sagat ikä-üçe çenli dowam etmeli hem bolsa, sagat on iki bolup-bolmanka «Pul gutardy, gaýdyberiň» diýen habar eşidilýär. Näsaglykdan hem garrylykdan yraň atyp, zordan aýak üstünde duran adamlar — ömürlerine zähmet çekip, Watanyň düýnüni saklan adamlar öz haklaryny talap etmek hakda ýekeje söz hem diýip bilmän, yzlaryna dolanýarlar. Ertirki gün ýene şeýle. Ýekeje agyz sorag berildigi, ýüz-gözlerini reňkden dolduryp oturan kassir gyzlar, olary goraýan ýaş ýigit it bolup garrylaryň ýüzüni alýarlar. Uly ýaşla sarpa diýen düşünje pensionerlere pensiýa berijilerde ýok. Hatda kassir gyzlaryň goragçysy bolan ýaş ýigitler pensionerleriň döşlerinden hem itip goýberýärler. Gapydan uzagrakda nobata durmak, azrak gürleşmek hakda haýbat atýarlar.

Her aýyň ikisinden ýigrimi ikisine çenli berilýän pensiýalar pensionerleriň burnundan getirilip berilýär. Eger pensioner pensiýasyny aýba-aý alyp bilmese, ýene hat-petegi täzeden düzetmeli bolýar. Özem bu ýerde banklar günäkär. Ýeterlik pul eltmän, pensiýany wagtynda berip bilmeýän-ä banklar, emma haty täzeden düzetmeli günäkär bolup galýanlar hem pensionerler.

Pensiýa berilýän kassalara çagalar üçin berilýän posobiýeleriň puly hem goşulýar. Belki-de, her günki pul ýetmezçiliginiň ýüze çykmasy şunuň üçindir. Ömrüne işläp pensiýa çykanlar hiç wagt işlemän pensiýa alýanlary günäkärleýärler. «Uçdantutma, hemmelere — işlän-işlemediklere pensiýalaryň ýöredilmegi pensionerleriň nobatynyň artmagyna hem-de pul ýetmezçilikleriniň ýüze çykmagyna sebäp boldy» diýip, käbir pensionerler işlemediklere pensiýa berilmegini pul ýetmezçilitgiň sebäbi hasaplaýar.

Bank ýolbaşçylarynyň borjy

Pensiýanyň hemmelere berilmegi gowy zat. Ýöne pensiýalar berilýän wagty pul ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklap, ýagdaýy düzgünleşdirmek bank ýolbaşçylarynyň borjy. Eger hökümet pensiýa ýaşyndaky adamlaryň ählisine pensiýa bermegi makul tapan bolsa, diýmek pul üpjünçiligi hem döwlet tarapyndan çözülgidir.

Öňler Türkmenistdaky sorag býurosyna — «09» belgä jaň edip, haýsydyr bir telefon nomerini soranyňda sorag býurosynda oturan gyzlar soragyňa doly jogap bermän, telefony zyňýardylar, ikilenç jaň edilende bolsa olar hatda sögmekden hem gaýtmaýardylar. Başyna giden telefonistkalar hatda bir sapar prezident Saparmyrat Nyýazowyň özüne-de halka daraýşy ýaly darapdyrlar. Gazaba münen Nyýazow şäher telefon stansiýasynyň başlygyna mazaly käýäp, telefonistka gyzlaryň mylakatly bolmalydygy hakda agramlyja sözleri diýipdi. Bu waka türkmen telewideniýesi arkaly hemmä görkezilipdi. Şondan soň «sorag býurosynyň» başyna giden gyzjagazlary gaty akyllandylar. Indi olara sorag bilen ýüz tutan halatyň olar ilki bilen salam berip, hatda seni baýramçylyklar bilenem gutlaýarlar.

Ine, şeýle käýinç banklaryň kassalarynda oturan kassir gyzjagazlara, olary goraýan kişi bolup duran äpet pyýadalara-da gerekmikä diýip pikir edýäris. Gujagy bäbekli ýaş gelinler, taýaga söýenip duran inwalidler, garrylar sylanmaly adamlar. Banklaryň kassalarynda garamaýak maşgaladan çykan adam oturmaýar. Sebäbi Türkmenistanda ýokary bilimi diňe puldarlaryň hem-de wezipeli kişileriň çagalarynyň alyp bilýäni hiç kim üçin gizlin däl. Meslik bilen ulalan çagalarda mylakat bolmaýar. Olara mylakatly bolmagy Nyýazow ýaly biri öwretse gowy bolardy.

Oba ýerlerinde pensiýa hem-de çaga pullaryny, maýyplyk üçin pullary almak has-da görgi. Obalylar özlerine degişli pullary almak üçin bütin aýyň dowamynda nobata durup geçýärler. Hatda kä gün kassir gyzyň «Meniň nerwime degdiňiz» diýip, olara pul bermän, gidýän halatlary-da bolýar. Şonda çaga posobiýasyny alýan, gujagy bäbekli ýaş eneler, pensionerler, inwalidler bolup, oňa ýalbarýarlar. Gözgynyçylyk.

Bankyň ýolbaşçylary işiň barşy bilen gyzyklanyp dursalar, şeýle zatlara ýol bermän bolardy. Näme üçin pensioner, inwalid ýa-da çaga posobiýesini alyjy ene islän wagty baryp, kassadan pul alyp gaýtmaga mümkinçilik tapmaly däl?! Näme üçin ikä çenli işlemeli kassalar eýýäm sagat on ikide pulsuz galýar?! Bu ýerde dört-bäş sagatlap pul üçin nobata duran garry hem näsag adamlar kösenýärler, olar pulsuz öýe gaýtmaly bolýarlar.

Pensionerleriň güni öňde bir dişsiz galanyň saçagy açyp görüp: «Saçak doly çörek, men iýmäge welin çörek ýok» diýip arman çekişine barýar. Baý döwletde pensionere arkaýyn puluny almaga ýagdaý ýok.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.