Geçen hepde Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu Ýorkda daşary döwletleriň käbir biznes wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
BMG-niň Baş assambleýasynyň öňki 63-nji hem 64-nji sessiýalaryna gatnaşan türkmen prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, olary Türkmenistanda işlemäge çagyrypdy. Emma Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändiginiň halkara derejesinde ykrar edilmegine garamazdan, näme üçindir türkmen-amerikan biznes gatnaşyklary köp halatda diňe söwda bilen çäklenýär.
ABŞ bilen üstünlikli iş alyp barmak üçin Waşingtonda ABŞ-Türkmenistan biznes geňeşi hem döredildi. Bu geňeş türkmen tarapy bilen bilelikde şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda türkmen-amerikan biznes forumyny geçirdi. Şol foruma gatnaşan topar 10-dan gowrak kompaniýanyň wekillerinden ybarat bolup, 40 töweregi delegaty öz içine aldy. Şol kompaniýalar dürli işler bilen meşgullanýarlar. Olaryň arasynda howa gatnawy, energiýa, oba hojalyk, infrastruktura we tehnologiýa ýaly ugurlardan işleýän kompaniýalaryň wekilleri boldy.
Türkmen prezidentiniň amerikan kompaniýalaryny ýurtda işlemäge çagyrýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetine sermaýa ýatyrýan amerikan kompaniýalary barada maglumat ýok. Mysal üçin, Türkmenistan ýaly tebigy resurslara baý goňşy Gazagystana 1993-nji ýyldan bäri amerikan kompaniýalarynyň 14 milliard dollardan gowrak sermaýa ýatyrandygyny ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berýär.
“Ýeterlik kepil ýok”
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda “Maýa goýmaga gyzyklandyrmak” şertnamasyna 1992-nji ýylda gol çekilendigine garamazdan goýuljak sermaýany kepillendirmek ugrunda Türkmenistanda hiç hili hereketiň edilmändigi barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2010-njy ýyl boýunça Türkmenistandaky inwestision klimaty hakda çap edilen beýanatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki işgäri, ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe hem, hut sermaýany kepillendirýän halkara şertnamalaryna türkmen tarapynyň gol çekmeýändigi diňe amerikan kompaniýalaryny däl, eýse Ýewropa, Kanada ýaly beýleki ösen ýurtlaryň kompaniýalaryny hem Türkmenistanyň bazaryndan ürküzýär.
“Türkmenistanda sermaýa goýumlary baradaky kanun entek halkara ölçeglerine ýetirilmedi. Ýene bir mesele - Türkmenistanyň sud sistemasy. Ýagny ýurtda döreýän dawalara, şol sanda ykdysady dawalara, diňe ýurduň içindäki sudlarda garalýar. Sebäbi Türkmenistan ykdysady meseleler boýunça seljerişikleri geçirýän halkara arbitraž sudlarynyň kararlaryny ykrar etmeýär” diýip, ykdysatçy A.Hajyýew belleýär.
Bilermeniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Daşary ýurt inwestisiýalary barada kabul edilen kanunynynyň 29-njy maddasynda Türkmenistanyň territoriýasynda daşary ýurt sermaýasyny ýatyrmak bilen bagly dawa ýüze çykan halatynda bu işe Türkmenistanyň araçy kazyýetinde garaljakdygy ýa-da taraplaryň ylalaşmagy bilen olaryň Araçy suda ýüzlenip biljekdikleri bellenilýär.
“Emma kanundaky bu kiçijik madda millionlarça serişde inwestisiýa etmegi göz öňünde tutýan kompaniýalar üçin ýeterlik kepil däl” diýip, A. Hajyýew aýdýar. “Sebäbi her ýagdaýda türkmen tarapy Araçy suda ýüzlenmekden boýun gaçyryp biler. Hut şol sebäplere görä-de, ösen ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň kompaniýalary Gazagystan ýaly ýurtlara sermaýa ýatyryp, Türkmenistandan gaça durýar”.
Gazagystanda 2001-nji ýylda halkara arbitraž merkezi döredildi, 2004-nji ýylda bolsa bu ýurtda “Araçy sudlar barada” hem “Halkara söwda arbitražy” hakdaky kanunlar kabul edildi. “Türkmenistan bolsa BMG-ä girýän 192 ýurtdan 141-si tarapyndan gol çekilen Nýu Ýork konwensiýasyna henize çenli gol çekmän gelýär. Bu konwensiýa bolsa arbitraž sudlarynyň kararynyň ykrar edilmegini öz içine alýar” diýip, ykdysatçy A.Hajyýew aýdýar.
Ýurduň abraýy
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer ösen ýurtlaryň köpüsinde daşary ýurtlarda hereket edýän kompaniýalaryna gözegçilik edýän, olaryň kanuna görä iş alyp barmaklaryny talap edýän döwlet edaralarynyň bardygyny belleýär. “Türkmenistandaky biznes klimatynyň aç-açan däldigi, ýurtda korrupsiýanyň giňden ýaýrandygy ösen ýurtlaryň telekeçileriniň Türkmenistandan gaça durmagyna sebäp bolýar. Ýogsam, tebigy resurslara baý ýurda köp kompaniýalar höwes bilen sermaýa ýatyrardy”.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Türkmenistanyň inwestision klimaty barada 2010-njy ýyl boýunça çap eden maglumatynda, ýurtda işlemek isleýän kompaniýalara ýa türkmen liderleriniň goldawynyň ýa-da olar bilen işleşip ýören biznesmenleriň araçylygynyň zerur bolýandygy aýdylýar. Ýurtda resmi taýdan korrupsiýa garşy yglan edilen bolsa-da, ýokary derejeli döwlet işgärleriniň köplenç belli bir daşary ýurt firmasyna türkmen bazaryna girmäge ýardam bermegi üçin pul hantama bolýandyklary bellenýär.
Türkmenistan boýunça bilermen Brýus Panniýeriň bellemegine görä, Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramaz bolmagy ýurduň halkara derejesindäki abraýyna zeper ýetirýär. Onuň pikiriçe, şonuň üçin ilki bilen öz abraýy soňra girdejisi barada alada edýän kompaniýalar Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa, Eýran ýaly ýurtlardan gaça durýarlar.
“Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlar bilen daşary ýurt kompaniýalaryna işleşmek gaty kyn. Sebäbi şeýle kompaniýalaryň köpüsi öz spesialistlerini ýurduň içine getirip işlemek isleýärler. Türkmenistan bolsa bu meselede köp daşary ýurt kompaniýalarynyň islegini çäklendirýär” diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer aýdýar.
Resmi Aşgabat ýurda daşary ýurt inwestisiýalaryny çekmek üçin köp işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär. Şeýle hem bu ugurdan dürli forumlaryň, halkara konferensiýalaryň, sergileriň geçirilýändigi, Daşary ýurt inwestisiýalary baradaky kanunyň kabul edilendigi bellenilýär. Emma Türkmenistanda lisenziýanyň dowam etdirilmezligi, aşa köp barlaglaryň geçirilmegi, gümrük bilen bagly dokumentleri taýýarlamak we biznes işgärlerine wiza almak bilen bagly kynçylyklaryň köp ýüze çykýandygy hem habar berilýär.