Hakykatda welin, bu türkmen topragy-da, onuň ähli baýlyklary-da bütin halka deň derejede degişli. Olardan hemmeler deň peýdalanmaly. Sebäbi bu topragy türkmeniň mekanyna öwürmek üçin türkmenleriň ählisiniň ata-babalary gan dökdüler, jan berdiler. Emma gynansak-da, belent kürsä münen kişiler bu topragy-da, onuň ýerasty, ýerüsti baýlyklaryny-da diňe özlerine degişlidir öýdýärler.
Ähli döwürde-de ýurdy ýurt edýän, onuň baýlyklaryny döredýän halk köpçüligi. Gyzgyn howurly çöllerde nebit-gaz gözleýän, bu baýlygy ýeriň ýedi gat aşagyndan uly zähmetler bilen çekip çykarýan, ony ýurduň nebit-gaz akdyryjy turbalaryna sepleýän, ýer üstündäki «ak altyn» baýlygyny, galla, şaly hasyllaryny ösdürip ýetişdirip, ýurduň arabasyny tigirläp oturan halkyň özi. Halkyň hyzmaty bolmasa, belent kürsüde oturanlar hernäçe çabalananda-da hiç hili baýlygam döredip bilmez, girdeji-de.
Emma munuň şeýledigine garamazdan, hökümetden iş almak uly minnet. «Her kimiň zähmet çekmäge haky bardyr» diýlip, ýurduň Konstitusiýasynda (33-nji madda) bellenenem bolsa, jebir-jepalardan doly zähmet hem kime çekdirilýär, kime bolsa çekdirilmeýär. «Gara sanaw» diýip bir zat tapýarlar, «ýedi arka» diýip bir zat tapýarlar. Islänlerine iş berýärler, islemediklerine iş berenoklar. «Ýedi arkalar» hakdaky maglumatlar her ýylda iki sapar barlanyp durulýar. Tam süpüriji, köçe süpüriji, garawul, gül ekiji bolaý, hökman «ýedi arkaň» baradaky dokumenti dolduraýmaly. Şeýle ýagdaýda berilýän işem nähili iş! Şahyr Şiralynyň: «Işläp ýörenlerem bala batanok» diýşi ýaly, işlemekden hiç kim lezzet almaýar.
Iň köp aýlyk 300 amerikan dollary. Bu nämä ýetýär? Zordan iýip-içmäge ýetýär. Bu aýlyga diňe ýetde-gütde iýip bolýar. Egin-eşik almaga bu aýlyk ýetenok. Bu aýlyk bilen jaý salmak hakda asla gürrüňem edip bolmaýar. Eger şu aýlyga jaý salmak üçin nämedir bir zat almakçy bolsaň, oňa üç sany pürs düşýär.
Elli dollarlyk, ýüz dollarlyk aýlyklar-da bar. Ine, şeýle möçberdäki aýlygy almak üçinem mydama minnet çekmeli. Işledilýän adamlar diňe zähmet çekeni bilen oňmaly däl. Bag ekmäge, bag otamaga, bag suwarmaga gatnaşmaly, her hepdede «Serdar ýoluna» çykmaga gatnaşmaly, köçeleriň gyrasyndaky otlary çapmaga gatnaşmaly, günüň-güni geçip duran çärelere, ýygnaklara, baýramçylyklara, konsertlere gatnaşmaly. Şu zatlaryň birinden ýüz öwürseň, hökümetiň syýasatyny goldamaýan adam hökmünde şol minnetli iş hem seniň eliňden alynýar.
Adamlar işden boşan halatlary hem iş ýerlerinde daňlyp saklanýarlar. Mugallymlar okatmaly sapaklary gutarsa-da, her gün öýlän sagat bäşe çenli iş ýerlerinde oturmaly, dynç günleri gezekleşip nobatçy durmaly. Edara-kärhana ýolbaşçylary, ministrler, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary iş ýerlerinde ýatyp-turmaly. Olara öýlerine gitmäge, toýa-ýasa görünmäge rugsat berilmeýär.
Iş berilmek durşy bilen minnet. Ýolbaşçy kärdäkiler taňryýalkasyn bilen pensiýa ugradylmaýar. Olar mydama garalanyp işden aýrylýarlar, ýa-da türmä ugradylýarlar.
Hamala adamlara berilýän iş, şol iş üçin tölenýän — hiç bir zada ýetmeýän aýlyk haky kimdir biriniň şahsy hojalygyna degişli ýaly. Kimdir biriniň jübüsinden çykýan ýaly. Ýurduň hemmelere deň paýlanmaly baýlygy şahsy eýeçilige geçen ýaly.
Türkmenler uly minnet bilen, uly igenç bilen berilýän zada «minnetli aş» diýýärler. Türkmenler minnetli aşy halamaýarlar. Minnetli aş barada türkmen şahyrlary hem özleriniň goşgularynda aýdyp geçýärler. Türkmenleriň beýik klassyk şahyry Magtymguly Pyragy özüniň «Il ýagşy» goşgusynda minnetli aşyň zäherden-de ajy bolýandygy hakda aýdyp, şeýle ýazýar:
Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Her bir ýerde bir bazarsyz şäherden
Andan ki bir gurap ýatan çöl ýagşy.
Magtymguly Pyragy özüniň «Sil galmaz» goşgusynda bolsa şeýle minnetli aşy iýmezligi, oňa el uzatmazlygy sargyt edýär:
Bir namardyň köp minnetli aşyndan —
El uzatma, aýlanyber daşyndan.
Türkmen klassyk şahyry Gurbandurdy Zelili bolsa minnetli aşyň ölümden-de erbet zatdygy hakda ýazyp, ondan agzyňa hiç hili tagamyň ýokmaýandygyny aýdýar:
Zelili, bar zatdan ölümdir gaty,
Ölümden-de gaty kişi minneti. ( «Ýagşydyr» goşgusy).
Ýüz müň minnet bilen berilen aşdan
Iýseň, tagam ýakmaz dahana ýagşy. ( Zelili, «Bigana ýagşy» goşgusy).
Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.