Gozgalmaýan emlägiň bazary

Sowet döwründe jaýlaryň hökümet tarapyndan berilmegine öwrenişen ilata 1990-njy ýyllaryň başynda gysga wagtyň dowamynda öz ýaşaýan jaýlaryny hususlaşdyrmaga rugsat edildi. Soňra jaýlaryň hususlaşdyrylmagyna hem satylmagyna maratoriý yglan edildi. Hökümet “elita” jaýlaryny gurup, ilata satmaga synanyşdy.

2006-nji ýylyň ahyrynda döwletiň lideri çalşyp, Türkmenistanda gozgalmaýan emlägiň bazarynyň ilkinji kerpiçleri örülip başlandy. Ýöne jaýlaryň aşa gymmat bolmagy sebäpli olar köp türkmenistaly üçin henize çenli elýeterli däl.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň resmi internet saýtynda türkmen hökümetiniň ilatyň jaý bilen üpjünçiligini, durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ýeňillikli bank karzlarynyň hasabyna ilata ýerlemek ugrunda iş alyp barýandygy aýdylýar.

Bazar ykdysadyýetiniň mehanizmi ornaşdyrylan ösen we ösýän ýurtlaryň köpüsinde ýaşaýyş jaý bazary bar. Şol bazardaky tendensiýalar ýaşaýyş jaýlarynyň bahalaryny, jaýlary kireýine almak üçin tölenmeli tölegleri kesgitleýär. Şeýle hem telekeçilik üçin ýöriteleşdirilen binalary satyn almak hem kireýine almak üçin adamlar hut gozgalmaýan emlägiň bazarynda işleýan maklerlere ýüzlenýarler.

Degerli şertler

Ýöne şeýle bazaryň emele gelmegi üçin ýurtda degerli şertler döredilmeli. Ýagny, gozgalmaýan emlägiň eýeçiligi kanun tarapyndan kepillendirilmeli, emläge isleg peýda bolmaly, emlägiň gurluşygy bilen meşgullanýan hususy kompaniýalara ýol berilmeli, hususy banklar işlemeli. Munuň üçin bolsa ýurtda gozgalmaýan emlägiň bazary boýunça ygtybarly statistik maglumatlaryň esasynda wagtal-wagtal analizler geçirilmeli.

Statistiki maglumatlary ýöretmek bolsa köp ýurtlarda hut hökümetiň wezipesine girýär. Ýöne gozgalmaýan emlägiň bazarynyň ösmegine ýardam berip biljek ygtybarly statistiki maglumatlar Türkmenistanda henize çenli köpçülige elýeterli däl. Mysal üçin, “Daýhan bankynyň” ykdysadyýetiň hökümete degişli bolmadyk pudagynyň hasaplaşygyna hem bu pudaga karz-kreditleriň berilmegine jogapkär bölüminiň ýolbaşçysy Yslam Artykow 13-nji sentýabrda Türkmenistanda ipotekanyň ösdürilmegi barada ýörite makala ýazypdyr. Şol makalada ýurtda näçe ipoteka kreditiniň berlendigi, olaryň umumy möçberi barada düýpden maglumat berilmeýär. Onda diňe müňlerçe adamyň abadanlaşdyrylan jaýlary edinendikleri aýdylýar.

Ykdysatçylaryň ýazýan makalalary bolsa köplenç sanlardan çen tutulyp ýazylýar. Şonuň üçinem, synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanda soňky ýyllar kemala gelip ugran ýaşaýyş jaý bazarynyň ýagadaýyna doly baha bermek mümkin däl. Türkmenistanda bu bazaryň döremeginde türkmen döwletiniň rolunyň gaty uludygy bolsa mese-mälimdir. Sebäbi Türkmenistanda bazar ykdysadyýetli beýleki ýurtlardan tapawutlylykda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy esasan döwlet tarapyndan alnyp barylýar.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew: “Döwletden ýaşaýyş jaýyny almakdan tamasyny üzen adamlar hususylaşdyrylan kwartiralary satyn alyp başladylar. Türkmen häkimiýetleri hem satlyk ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna girişip, daşary ýurt kompaniýalaryna gymmat “elit” diýlip atlandyrylýan hususy jaýlarynyň gurluşygyny tabşyrdylar. Şeýdip, ýurtda ýaşaýyş jaý bazary emele gelip başlady” diýip belledi.

Şeýle hem Baýryýew döwletiň sargydy boýunça gurlan gymmat jaýlaryň bazar nyrhyndan ministrliklere satylandygyny aýdyp, býujet edaralarynda işleýän adamlar üçin ýarpy bahadan satylyp başlandygyny gürrüň berdi. Netijede žurnalistiň aýtnmagyna görä, ýaşaýyş jaý bazarynda korrupsiýa döräpdir. Raýatlaryň birine jaýyň doly bahasyna, beýlekilere bolsa has arzan satylmagy bilen bagly ýurtda bazar ykdysadyýetiniň düzgünleriniň bozulandygyny Aşyrguly Baýryýew belledi.

Ipotekany almak

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Mary şäheriniň ýaşaýjysy ýeňillikli ipoteka kreditine jaý edinmekligiň gaty kyndygyny gürrüň berdi. Muňa Mary welaýatynda işsizligiň derejesiniň ýoka bolmagy, işsiz galyp, girdeji çeşmesini görkezip bilmeýän adamlara bolsa banklaryň ipoteka bermeýändigi sebäp bolýar diýip, ol zeýrenýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň biri, Nyýazow döwründe oýi ýykylyp, jaýsyz galan zenan şäher häkimliginde özlerine abadanlaşdyrylan “elita” diýlip atlandyrylýan jaýlardan kwartira satyn almagyň teklip edilendigini, jaýlaryň bahasynyň aşa gymmat bolandygy sebäpli özüniň bu teklibi ret edendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, 30 ýyllyk ýeňillikli ipoteka kreditini alan adamlar diňe bankyň beren karzynyň üstüne münýän göterimini üzlüşmek üçinem her aýda 176 dollar pul tölemeli. Soňra-da 25 ýylyň dowamynda her aýda ipotekanyň töleglerine 535 dollardan tölemeli.

Türkmenistanda ortaça aýlyklaryň 200 dollara barabardygyny göz öňünde tutsak, onda hatda hökümet edaralarynda işleýän adamlar üçinem ipoteka tölegleriniň ýarpysyny-da tölemegiň aňsat düşmeýändigi düşnüklidir. Ýagny, diňe ipoteka töleglerine aýyna takmynan 270 dollar tölemeli bolsa, onda ýerli ýaşaýjylara maşgalasyny ekläp-saklamak aňsat düşmez. Hatda maşgalada iki adam işlände-de, maşgalanyň ortaça girdejisi 400 dollara barabar bolsa, onda 270 dollar ipoteka tölenensoň, galan 130 dollar iýmite, jaýyň kommunal töleglerine we beýleki zerur çykdajylara ýetmejekdigi anyk.

Ösen ýurtlarda maşgala býujetiniň 30%-i, ýagny üçden bir bölegi ipotekany tölemäge ýeterlik bolsa, banklar şeýle karzy berýärler. Ýöne şol ýurtlarda ipoteka kreditlerini berýän banklar hususy pudaga degişli, ilatyň aýlyk haklary hem türkmenistanlylaryňkydan iň bolmanda 4-5 esse ýokary, jaýlar hem hususy kompaniýalar tarapyndan gurlup ilata satylýar.

Zerur ädimler

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew bu meselede türkmen häkimiýetleriň haýsy ýoly saýlap tutjakdygyny anyklamaly diýýär. Ýagny, ýurtda ýa bazar ykdysadyýetiniň mehanizimleri ornaşdyrylmaly ýa-da hökümet ilatyň ýaşaýýş jaý bilen üpjünçiligini doly öz üstüne almaly.

Ykdysatçynyň tassyklamagyna görä, häkimiýetler ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini doly öz üstüne alan halatynda “Hökümet ýurtda ýaşaýyş jaýyna mätäçleriň sanyny anyk kesgitlemeli. Mysal üçin, ýurtda 200 müň maşgala jaý gerek. Olaryň nirede ýaşaýandygy, şol maşgalalaryň maliýe mümkinçilikleri, maşgalanyň ululygy-kiçiligi kesgitlenip, şoňa görä-de ýaşaýyş jaýlary gurulmaly”.

Şeýle hem bilermen “Ýylda toý tutýan ýaşlaryň anyk sanyndan çen tutup, geljekde gurulmaly jaýlaryň sany kesgitlenmeli. Ýurtda dogulýan çagalaryň sany hasaba alnyp, ortaça maşgalanyň ululygy anyklanmaly. Bu maglumatlar analiz edilip, strategiki plan düzülmeli” diýýär.

Hajyýewiň nygtamagyna görä, bazar ykdysadyýetiniň ýoly saýlanan halatynda jaýlaryň gurluşygy doly hususy pudaga geçirilmeli, bank sistemasynda reformalar geçirilip, hususy banklara, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna ýol açylmaly, hökümete degişli jaýlarda ýaşaýan adamlara jaýlaryny hususylaşdyrmaga mümkinçilik bermeli, gözgalmaýan emlägiň bazary bilen bagly iş alyp barýan hususy firmalara ýol bermeli.

“Bu zatlary etmek üçin bolsa ilki bilen ýurtda hemmeleriň kanuna boýun bolmagyny gazanmaly, ýagny demokratiýanyň esasy ýörelgeleri berjaý edilmeli” diýip, ykdysatçy nygtady. Onuň pikiriçe, hökümet gymmat bahaly mermere gaplanan jaýlary gurup, olary edinmäge gurby çatmaýan halka satmaga synanyşmaly däl: “Halkyň ýagdaýyny, maliýe mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, jaý gurmaly ýa-da bu meselede hususy pudaga ýol bermeli”.

Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew ýaşaýyş jaý bazaryny ösdürmek üçin edilmeli işleriň hataryna jaýlaryň hususylaşdyrylmagynyň girýändigi baradaky pikir bilen ylalaşyp, “Şeýle hem döwlet gozgalmaýan emläk biržasyny döretse, ýaşaýyş jaý bazaryny ösdürip, döwrebaplaşdyryp bilerdi” diýip nygtady.

Türkmenistanly graždan aktiwist Nurberdi Nurmämmedow ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara mellek ýerler berilse, ýurtda ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemany çözüp bolardy diýen pikiri öňe sürýär.