Türkmenistanyň Mary şäherinde tussag edilen pastor Ilmyrat Nurlyýewiň aýaly Maýa Nurlyýewa süýji keselinden ejir çekýän adamsyna türmede medisina kömeginiň berilmeýandigini aýdyp, bu meselede ýardam bermeklerini sorap, halkara guralamalaryna ýüzlendi.
Din azatlygy baradaky maglumatlary ýaýradýan “Forum 18” toparynyň 10-njy sentýabrda ýaýradan maglumatyna görä, soňky döwürde Türkmenistanda din azatlygy bilen bagly ýagdaý has ýaramazlaşýar. Musulmanlaryň haç zyýaratyna iberilip-iberilmejekdigini hem “Forum 18” toparyna türkmen resmilerinden anyklamak başartmandyr.
“Forum 18” toparynyň ýaýradan maglumatynda Ilmyrat Nurlyýewiň aýaly Maýa Nurlyýewanyň öz adamsynyň saglyk ýagdaýyny alada edýändigi aýdylýar. Bu toparyň ýolbaşçysy Feliks Körli Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde 27-nji awgustda tussag edilen Ilmyrat Nurlyýewiň maşgala agzalarynyň hiç birine oň bilen duşuşmaga rugsat berilmändigini aýdýar.
“Ilmyrat Nurlyýewiň süýji keseli bar. Oňa bu kesele garşy derman berilmeýar. Adatça, ol bu keseli bilen baglylykda aýda bir gezek keselhanada bejerilýärdi. Häzir bolsa, onuň maşgalasynyň aýtmagyna görä, Ilmyrat medisina hyzmatlaryndan peýdalanmakdan mahrum edildi” diýip, “Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körli aýdýar.
Ilmyrat Nurlyýewiň adamsynyň 20 adama niýetlenen kamerada 40-a golaý tussag bilen bilen oturandygyny, çilim çekmeýän Ilmyradyň beýlekileriň çiliminiň tüssesinden dem almaly bolýandygyny gürrüň berdi diýip, Feliks Körli Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi. “Bu türmedäki erbet şertler Ilmyrat Nurlyýewiň onsuzam ýaramaz saglygyna has köp zeper etirip biler” diýip, Maýa Nurlyýewa alada bildiripdir.
Aýyplamalar ret edilýär
ÝHHG Ilmyrat Nurlyýewiň işini dykgatly synlaýandyklaryny “Forum 18” toparyna mälim edipdir. Nurlyýewe ýüklenýän jenaýatyň toslanyp tapylandygyny, onuň öz dini ynanjy üçin ýanalýandygyny, adamsyna garşy gozgalan jenaýat işine gaýtadan garalmagyny sorap, Maýa Nurlyýewanyň Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hem hat ýollandygy habar berilýär.
“Forum 18” topary bu mesele bilen bagly Mary şäheriniň prokurory Orazmyrat Durdyýewe jaň edip, “Birnäçe zenan pastora garşy şikaýat ýazmaga mejbur edilendiklerini boýun aldy. Bu ýagdaýy düşündirip bilersiňizmi?” diýen sowal bilen ýüzlenipdir. Mary şäheriniň prokurory Orazmyrat Durdyýew hiç kime basyşyň edilmändigini, özleriniň kanuna laýyk hereket edendiklerini öňe sürüpdir.
Ilmyrat Nurlyýew ybadathanada geçirilýän çärelere gatnaşan aýallardan iki ýarym müň dollara barabar serişde alanlykda aýyplandy. Ilmyradyň aýaly Maýa Nurlyýewa we onuň aklawçysy bu aýyplamalar boýunça pastoryň emläginiň alnyp, onuň bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigini “Forum 18” toparyna habar berdiler.
Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki” toparynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa türme tussaglygynda saklanýanlaryň saglyk ýagdaýy üçin döwletiň jogapkärçilik çekýändigini gürrüň berdi. “Ýöne Ilmyrat Nurlyýewiň tussag edilmegi Türkmenistanda dini azatlyklar bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyna şaýatlyk edýän ýeke-täk waka däl” diýip, “Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körli aýdýar.
Türkmen türmelerinde Ýegowanyň şaýatlaryndan bäş adamyň saklanýandygyny, ýene ikisine şertli ýyl kesilendigini, ýarag saklamakda we beýleki şubhe döredýän aýyplamalar esasynda birnäçe ymamyň tussaglykda saklanýandyny, olaryň biriniň şu ýyl türmede heläk bolandygyny “Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi.
Çapraz hereketler
Türkmen resmileriniň BMG-ä beren hasabatynda ýurtda 123 dini guramanyň hasaba alnandygy aýdyldy. Olardan 100-e golaýynyň musulman, 13-niň prawoslaw hristianlar, galanlarynyň-da bahaýylara, baptistlerlere, krişnaitlere we beýleki dini azlyklara degişli guramalardygy aýdylýar.
Ýöne Aşgabatda hatda resmi taýdan hasaba alnan dini toparlaryň wekillerine-de häkimiýetleriň welaýatlarda dini çäräleri geçirmäge zerur bolan jaýdyr ýerleri bermekden boýun gaçyrýandyklary habar berilýär. Bu barada dini azlyklaryň bir wekili Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biziň guramamyz Türkmenistan boýunça hasaba alyndy diýlip hasaplansa-da, bize Maryda dürli çäreleri geçirmäge zerur bolan ýeri almak başardanok. Ýerli häkimiýetleriň wekilleri bizden gaçyp ýörler”.
“Forum 18” toparyna türkmen resmilerinden şu ýylyň noýabr aýynda başlanjak haç zyýaratyna musulmanlaryň iberilip-iberilmejekdigi baradaky meseläni anyklamak başartmandyr. Bu toparyň beren maglumatynda Saud Arabystanynyň häkimiýetleri tarapyndan Türkmenistan üçin ýylda bäş müňe golaý ornuň teklip edilýändigi, ýöne türkmen häkimiýetleriniň 2005-nji ýyldan bäri 200-e golaý adamy haç zyýaratyna iberýändigi aýdylýar.
2009-njy ýylda dümewiň H1N1 wirusyndan howatyrlanyp, haç zyýaratyna hiç kimiň iberilmändigi habar berilýär.